ERKEK SAGLYGY: NÄMELER ÖZÜMIZE BAGLY WE NÄMELER TEBIGATA?
Türkmenistanda
erkeklere ortaça 65.7 ýyl ömür garaşýar, aýallar welin olardan azyndan 7 ýyl köp ýaşaýarlar. Olaryň tas 70%-i bolsa ýokanç däl kesellerden ýogalýarlar we janyna kast edýän erkekleriň hem sany aýallaryňkydan 7 esse köp.
Bu sanlar bize ýurdumyzda erkek bolup ýaşamagyň kynçylyklary barada nämeleri bildirýär? Erkekleriň ömürlerini uzaltmak we durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin hökümet, jemgyýet we şahsyýet hökmünde nämeleri edip bileris?
Umuman alanyňda, erkekleriň aýallardan az ýaşamagy we köp kesellemegi bütin dünýä ýaýran meseledir. Dünýäniň ähli ýerinde diýen ýaly, adaty aýala garanyňda, adaty erkek adam saglyga we ömre zyýan berýän endiklere has ýykgyn bolýar:
↪ Alkogol içmek, temmäki ýa-da neşe serişdelerini ulanmak.
↪ Töwekgelçiliklere baş goşmak (içgili ulag sürmek, bikanun hereketleri etmek, uruşmak we baş.)
↪ Wagtly-wagtynda lukmanyň barlagyndan geçmezlik. Köp jemgyýetlerde erkeklerden güýçlülige, özbaşdaklyga we başarjaňlyga garaşylmasy hem olaryň fiziki we psihiki saglyk ýagdaýlary barada söz açmakdan çekinmegine eltip bilýär.
↪ Harby söweşler, gurluşyk we ýangyn söndürijilik ýaly howply işler bilen meşgullanýanlaryň hem aglabasy erkekler bolup durýar.
↪ Saglyga peýdaly jebis sosial gatnaşyklara gezek gelende hem, aýallara garanyňda erkekler ejiz gelýär.
Genetiki taýdan hem, erkekler bilen aýallaryň arasynda deňsizlik bar. Erkeklerde bolýan Y hromosomasynda X hromosoma garanyňda kemçilikler has ýygy döregen bolýar. Erkek düwünçekleriň ýatgyda sagdyn ulalma we diri galma ähtimallygy hem pesräk. Oglanlaryň arasynda has ýygy duşýan ösüş bozulmalary hem ömrüň gysgalmagyna goşant goşup bilýär.
Onda erkeklere uzak ömür sürmek asla başartýarmy?
Erkekleriň ömrüni gysgaldýan faktorlaryň käbiri genetiki bolup, ony üýtgedip bilmezligimiz ähtimal. Emma, erkekleriň hem saglygyna degişli köp zada özleri erk edip bilýärler. Uzak we sagdyn ömür sürmek üçin berilýän maslahatlaryň agyrly bölegi jynsyna garamazdan hemmelere degişlidir. Ylaýta-da erkek kişilere BSGG tarapyndan aýratyn maslahat berilýän zatlar:
↪ Wagtly-wagtynda lukmanyň barlagyndan geçmek. Hatda özüňi gowy duýýan hem bolsaň, yzygiderli esasy saglyk barlaglaryndan (gan basyş, süýjülik, prostata) geçmek keselleri özwagtynda anyklamak ýa-da olaryň öňüni almak üçin ajaýyp endikdir. Seniň psihiki saglygyň hem deň derejede möhümdir. Psihiki saglyk bozulmalary, şol sanda depressiýa we ynjalyksyzlyk üçin hem lukmançylyk kömegini almak örän wajypdyr.
↪ Alkogoly çäklendirmek. Alkogolyň zyýanly derejelerinden ýogalýanlaryň 75% barabaryny erkekler düzýär. Aşa köp we aşa ýygy içmek şikeslenme, ulag heläkçiligine uçrama we zorlugyň bolup geçme ähtimallygyny artdyryp, bagyr, rak we ýürek keselleri ýaly saglyk bozulmalarynyň hem döremesine ýol açýar. Şeýle-de, alkogoly zyýanly derejelerde kabul etmek seniň psihiki saglygyňa hem täsir edip, maşgalaňa we ýakynlaryňa hem zyýan berýär.
↪ Çilimi taşlamak. Temmäki rak, öýken we ýürek kesellerine sebäp bolup, ýylda 8 milliondan köp adamyň janyna ýetýär. Bu impotensiýa (ereksiýa ýa orgazm kynçylyklary) hem sebäp bolýar. Çilimi taşlamak saglygyň üçin edip biljek iň gowy hereketleriň biridir. Ony taşlaňsoň 2-12 hepdäniň içinde öýkenleriň işlemesi gowulanýar, bir ýylyň içinde bolsa ýürek kesellerine ulaşma töwekgelçiligiň ep-esli peselýär.
↪ Dogry iýmitlenmek. Ýokumly diýeta süýjülik we ençeme başga keselleriň öňüni almaga kömek edýär. Miweleri, gök-önümleri, merjimekleri, maňyzlary we bitin dänelileri has köp iýmäge çalyş. Duzy, şekeri we doýgun ýaglary çäklendir.
↪ Fiziki hereketiňi köpelt. Dünýäde her 4 adamdan biri ýeterlik hereket etmeýär. Kämillik ýaşyna ýeten adamlar hepdede iň azyndan 2.5 sagat orta agyrlykda fiziki hereket etmeli. Fiziki hereket sagdyn beden agramyny saklamaga, ýürek keselleriniň, insultyň, süýjüligiň we ragyň döreme töwekgelçiligini peseltmäge kömek edýän we depressiýa garşy hem netijeli ýaragdyr.
↪ Ýeterlik uky almak (azyndan 7 sagat), günde ýeterlik suw içmek hem-de ýakynlaryň bilen yzygiderli sosial aragatnaşyklar etmek hem ömri uzaltmaga we durmuşdan lezzet almaga örän uly goşant goşýar.
↪ Pozitiw pikirlenmegiň hem ýaşaýyş kagatlylygyny artydyp we uzak ýaşamaga kömek edip bilýändigini birnäçe ylmy barlaglar görkezdi.
Erkekleriň saglygyny we durmuş hilini ösdürmäge hökümetleriň hem işjeň gatnaşmalydygyny BSGG belleýär. Täsirli syýasy üýtgeşmeleriň başy gender deňligini gowulandyrmakdan başlanmaly. Erkekleriň tölegli we tölegsiz ideg berme işlerine deň derejede gatnaşmagyny gazanmak, aýallara garşy zulumyň öňüni almak we önelgelik saglygynyň jogapkärçiligini aýallaryň we erkekleriň deň paýlaşmagyny gazanmak bu ugurda ösüşe ýetmekde iň wajyp ädimlerdir.
- 38 gezek okalan