GLP-1 TERAPIÝASY BARADA KÖP SORALÝAN SORAGLARA JOGAPLAR
GLP-1 terapiýalary näme?
GLP-1 (glýukagon ýaly peptid-1 reseptor agonistleri) – bular işdäni we gan şekerini kadalaşdyrmaga kömek edýän tebigy GLP-1 gormonyna öýkünýän derman serişdeleriniň klasydyr. Bu dermanlar ilkibaşda 2 tipli süýji keseli üçin ulanylýardy, emma häzirki günde ony aşa semizlik we horlanma bejergisinde hem ulanmaklyga rugsat berildi. GLP-1 dermanlarynyň käbiri infarktyň, insultyň, ýürek ýetmezçiliginiň, 2 tipli süýjüligiň, böwrek we bagyr keselleriniň döreme ähtimallygyny peseldýär.
GLP-1 terapiýalary nähili işleýär?
Haçanda gandaky şekeriň derejesi ýokarlananda, GLP-1 dermanlary insuliniň bölünip çykmasyny ýola goýýarlar. Şeýle-de, bu dermanlar iýmit siňdirişi haýalladyp, doklugyň has uzak saklanmagyna we netijede has az iýmit kabul edilmegine eltýärler.
Adamlar horlanmak üçin haçan GLP-1 dermanlaryny göz öňüne tutup bilerler?
GLP-1 terapiýalary hemmeler üçin däldir. Olar diňe adamyň saglyk taryhyny we kliniki maglumatlaryny mazaly barlagdan geçiren lukman tarapyndan ýazylyp berilmelidir. BSGG-nyň häzirki gollanmasyna görä, GLP-1 dermanlaryny aşa semizlikden ejir çekýänler uzak möhletleýin bejergi hökmünde ulanyp bilerler. Gollanma göwreli aýallary öz içine almaýar, çünki bu dermanlar henize çenli göwrelilerde synagdan geçirilmedi.
GLP-1 terapiýalarynyň horlanmak üçin netijeliligi nähili?
GLP-1 terapiýalary horlanmak üçin netijeli hasaplanýar. Olary ulanýan adamlaryň köpüsi azyndan beden agramynyň 5%-ini ýitirýärler. Emma welin, has gowy netije görmek üçin dermanlar durmuşy üýtgeşmeler (arassa we ýokumly iýmitlenmek, fiziki hereket etmek) bilen utgaşdyrylyp ulanylmalydyr.
GLP-1 dermanlarynyň ýan täsirleri nähili?
Bu dermanlaryň köp syn edilýän ýan täsirleri: ýürekbulanma, gaýtarma, iç gatama we içgeçme. Bu täsirler köplenç ýeňil bolup, terapiýanyň togtadylmagy ýa-da wagtyň geçmegi bilen aýrylýar ýa-da azalýar. Birnäçe garyn-içege bozulmalary, galkan şekilli mäziň rak keseli we körlük hem bu dermanlary ulanmak bilen baglanyşdyrylýar, emma bu howplar heniz doly anyklaşdyrylmady we bu ugurdan ylmy derňewler dowam edýär.
Horlanmak üçin GLP-1 terapiýalaryny näçe wagtlap almaly?
GLP-1 terapiýalary köplenç uzak möhletleýin bejergi hasaplanylyp, 6 aýa we ondan uzaga çekýär. Bu terapiýalaryň uzak möhletleýin netijeliligi we howpsuzlygy, şeýle-de olaryň berilmeli wagtlary we olary togtatmagyň täsirleri baradaky maglumatlara BSGG tarapyndan gözegçilik edilýär we gelejekde has takyk gollanma döretmek üçin ulanylar.
GLP-1 terapiýalary dünýäniň ähli ýerinde tapylýarmy?
Ýok, GLP-1 terapiýalary hemme ýere ýaýramadyk. Önümçilik mümkinçilikleri, ýurtlaryň hasaba alyş ulgamlary, dermanlaryň nyrhy we üpjünçilik çäklendirmeleri olaryň elýeterliligine täsir edýär. Bu dermanlar köplenç ýokary-girdejili ýurtlarda has giňden ýaýran.
GLP-1 terapiýalary beden agramyny kadaly saklamagyň beýleki usullarynyň ýerini tutup bilýärmi?
Ýok, GLP-1 dermanlary aşa semizligi bejermek üçin ulanylsa-da, olar beden agramyny kadaly saklamagyň beýleki usullarynyň deregine ulanylmaly däldir. Dogry iýmitlenmek we yzygiderli fiziki hereket etmek aşa semizlige we hroniki kesellere garşy göreşmek programmalarynyň wajyp bölegi bolup galýarlar.
- 40 gezek okalan