EKSTRAKORPORAL TOHUMLANMA NIREDE GEÇIRILÝÄR?
"Biz üç ýyldan bäri çagasyzlykdan kösenýäs. Barlaglarda her gezek dürli jogap alýarys: sowuklama, çaga ýatgysy, gyşyk ýatgy we ş.m ýaly sözler. Indi gelnim bilen EKT etdireli diyen pikire geldik. EKT nirede geçirip bolar?"
Saýtyň okyjysy
Hormatly okyjy,
Ekstrakorporal tohumlandyrma usuly ulanylmazdan öň, ony geçirmäge görkezmeler kesgitlenýändir. Onuň üçin är-äýäl jübütler doly barlagdan geçirilýär. Bu maksatlar üçin siz gelniňiz bilen Aşgabat şäherindäki Ene mähri merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Bu merkezde köp ýyllardan bäri önelgesizlikden kösenýän jübütlere netijeli kömek berilýär.
Hormat bilen, saýtyň lukmany
- 21 gezek okalan