ChatGPT ýaly emeli zehin gurallary ýa-da uly dil modelleri tekstleri düzüp, soraglara jogap berip we dürli görnüşli ýumuşlary bitirip bilýärler. Bu gurallar tölegsiz görnüşde hem ähli ýerde diýen ýaly ýaýran we seniň bilim alyş tejribäňi baýlaşdyrmaga kömek edip bilerler. Emma, olary netijeli, jogapkärçilikli we ahlakly ulanmak üçin, olaryň başarnyklaryna, kemçiliklerine we olaryň akademik gurşawlarda dogry ulanylyşyna düşünmek möhümdir.
Dowamy
Esasy faktlar:
↪ Kelleagyry nerw ulgamynyň iň köp duş gelýän bozulmalarynyň biridir;
↪ Yzygiderli döreýän kelleagyry adamlara we jemgyýetlere agyry, maýyplyk, pes durmuş hili we ykdysady taýdan agyr ýük salýar;
↪ Dünýäde adamlaryň diňe az sanlysyna kelleagyry bozulmalary üçin dogry diagnoz we dogry bejergi berilýär;
↪ Dünýäniň ähli ýerinde kelleagyrylaryň möçberi we täsiri ýeterlikli ölçenilmän gelinýär.
Dowamy
Ýakyn dostlukly gatnaşyklaryň adamyň durmuşyna ýakymly täsirleri uly bolýar. Emma dostlaşmak we dostlugy gorap saklamak ýeňil iş däl. Jebis we sagdyn dostlugyň syrlary nämedekä?
Dowamy
Emma erkekler hem aýallara mahsus käbir endikleri öwrenmek bilen ömürlerine ömür goşup bilerler.
Dünýäniň ähli ýerinde aýallar erkeklerden uzak ýaşagan bolýar. Meselem, Türkmenistanda aýallar erkeklerden ortaça 6,5 ýyl uzak ýaşaýarlar.
Germaniýada ylmy barlagçylar bu tendensiýanyň haýwanlarda hem birmeňzeşdiginiň üstüni açyp, 528 dürli süýdemdirijileriň 72 göteriminde urkaçylaryň erkeklerden 13% uzak ýaşaýandygyny öwrendiler.
Dowamy
Ýokançly keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda waksinalar (sanjymlar) aýgytly rol oýnaýarlar. Häzirki wagtda dünýäde 30-dan köp ölüm howply ýokançlyklardan we kesellerden waksinanyň kömegi bilen goranyp bolýar. Waksinalar ýylda 3.5-5 million adamy ölümden halas edýärler.
Dowamy
Tomsuň soňlanmagy ene-atalaryň we çagalaryň ikisinde hem ençeme duýgulary oýaryp bilýär. Bu döwürde ilkinji bilen ene-atalaryň özleri özlerini rahat alyp barsalar çagalarynyň hem täze okuw ýylyna arkaýyn başlamaklaryna iň uly kömek etdikleri bolar. Şeýle-de, hünärmenler ýylyň üstünlikli geçmegi üçin stresi, tolgunmany we ynamsyzlygy azaldyp biljek üç maslahaty berýärler.
Dowamy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde 1988-nji ýylda poliomiýeliti doly ýok etmegiň ugruna çykdy. Şondan bäri birnäçe gezek keseliň ýok edilmegine örän golaý gelindi – meselem, 2021-nji ýylda diňe 5 sany poliomiýelit hadysasy hasaba alyndy we olar hem diňe Owganystanda we Päkistanda ýüze çykypdy. Emma, ondan bäri hadysalar ýene artyp, olaryň sany geçen ýyl 99-a ýetdi.
Poliomiýelit keseli esasan 5 ýaşdan kiçi çagalara güýçli ýokuşyp, birnäçe sagadyň içinde bejerip bolmajak derejede ysmazlyga eltýär. Dünýäde diňe iki ýurtda, Owganystanda we Päkistanda, poliomiýelitiň ýaýramasy hiç haçan togtamady.
Dowamy
Esasy faktlar:
↪ Salmonella bakteriýasy dünýäde içgeçme hadysalarynyň dörtden birine sebäpkärdir.
↪ Salmonella bakteriýasynyň döredýän keseline salmonellez diýilýär. Salmonellez hadysalarynyň köpüsi ýeňil geçýär, emma kä halatlarda ol ölüm howply hem bolup bilýär.
↪ Antibiotiklere durnuklylyk dünýäde uly saglyk meseleleriniň biri. Salmonellanyň hem käbir görnüşleri antibiotiklere durnuklylyk görkezip başlady.
↪ Iýmit bilen baglanyşykly arassaçylyk-gigiýena kadalaryny berjaý etmek (meselem, nahary mazaly bişirmek) salmonelleziň öňüni almagyň bir usulydyr.
Dowamy
Waksina almaga ýaýdanýanlaryň sany dünýä ýüzünde köpelýär, emma ylmy barlaglar olaryň soraglaryna nähili jogap berip boljakdygynyň anyk usullaryny ýüze çykardylar.
COVID-19 pandemiýasynda gözegçilik geçirilen 55 ýurduň 52-sinde çagalara berilýän sanjymlara bolan ynam peselipdir. Meselem, ABŞ-da ene-atalaryň 20%-i waksinalar barada şübhelenýärler – bu bolsa ýurtda 2025-nji ýylda gyzamyk ýokanjynyň ýaýramagyna we 3 sany sanjym almadyk kişiniň ölmegine getirdi.
Okamany dowam et
"Stres ölçenilmese, oňa çäre görüp hem bolmaýar" diýip, Kaliforniýa Uniwersitetindäki kliniki psiholog Slawik belleýär.
Ençeme ylmy barlaglar bedende döreýän gysga wagtlyk stresiň (meselem, sport bilen meşgullanmak) saglyk üçin peýdalydygyny görkezýär, emma yzy üzülmeýän stres ýürek keselleri, rak keselleri, beýnä gan inme (insult), dem alyş ýollarynyň bozulmalary, suisid we beýleki adam ölümleriniň sebäpleriniň döremesine goşant goşýar. Kä ýagdaýlarda uzak dowam edýän stres bir keseliň döremegine ýol açsa, beýleki ýagdaýlarda ol bar bolan keseli beterleşdirýär. Ýa-da bolmasa, strese çäre görmek üçin edilýän nädogry hereketler hroniki keselleriň ýüze çykmagyna goşant goşýar.
Häzirki wagtda dünýä ýüzünde stres artyp barýar. 2007-09 aralygynda resessiýa döwründe stres hem ýokarlanypdy. Ol COVID-19 pandemiýasynda hem ýene ýokarlandy.
Dowamy