Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Çaga dünýä inende ol käbir kesellere göreşme ukyby bilen dogulýar. Bu bolsa eneden çörekçe arkaly täze doglan çaga geçýän antitelalaryň (kesel dörediji bedene düşende ganda emele gelýän goraýjy öýjükleriň) işidir. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çaga hemişe goşmaça antitelalary enesinden alyp durýar. Ýöne onuň ýaly goraglylyk wagtlaýyn häsiýete eýedir. Öňüni alyş sanjymlary ulanmak (immunizasiýa, waksinasiýa) – kesellere garşy bedeniň göreşmek ukybyny emeli ýol bilen döretmek we saklamakdyr. Onuň üçin kesel dörediji bakteriýalaryň we wiruslaryň howply bolmadyk bir bölegi ulanylýar.
- 8659 gezek okalan
Soňky wagtlarda derman kabul edilenden soň allergiki täsire uçrap, lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýan adamlaryň sany barha köpelýär. Adamlaryň köpüsi lukmanlara ýüz tutman, özlerini özleri bejermäge synanyşýar. Olar köplenç haýsydyr bir derman serişdesiniň reklamasyny görüp, dermanhana ylgaýarlar-da, şol dermany satyn alýarlar. Olar bu dermanyň özlerine ýarap-ýaramaýandygy bilen düýbünden gyzyklanmaýarlar.