Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
7 SAGATDAN AZ UKLAMAK ÖMRÜŇI ENÇEME ÝYL GYSGALDYP BILER
Uky diňe bir dynçlyk bermän, eýsem seniň nähili uzak ýaşajakdygyň iň esasy görkezijileriniň biri bolup biler. Ýakynda ABŞ-daky ylmy barlagçylar uky ýetmezçiliginiň ömür ýyllaryňy azaltmakda nädogry iýmitlenmeden, hereketsizlikden we ýalňyzlykdan hem öňde durýandygynyň üstüni açdylar.
Oregon Health & Science Uniwersitetinde geçirilen we SLEEP Advances žurnalynda çap edilen uly göwrümli ylmy barlag az uklamagyň gysga ömür bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. ABŞ-da ylmy barlagçylar 2019-2025 ýyllar aralygynda adamlardan pikirsoraşma aldylar we ony ömür dowamlylygynyň milli maglumatlar bazasy bilen deňeşdirdiler. Haçanda barlagçylar adamlaryň uzak ýaşamagyna täsir edýän durmuş faktorlaryny derňänlerinde, uky ähli zatdan öňe saýlandy. Ukudan öňe diňe çilim çekmeklik geçdi. “Biz hemişe ukynyň möhümdigini bilýärdik, emma bu barlag bize adamlaryň mümkin boldugyndan 7-9 sagat uky almak üçin ellerinden gelenini etmeligini aýdyň görkezdi” diýip, barlagyň baş awtory belleýär.
Mundan öňki ylmy barlaglar hem ýaramaz ukyny ölüm töwekgelçiligi bilen baglanyşdyrypdylar, emma bu uky bilen ömür dowamlylygy arasyndaky ýylma-ýyl baglanyşygy görkezýän ilkinji barlagdyr. Amerikanyň tas ähli ştatlary we derňelen her ýyl boýunça görkezijiler ukynyň we ömrüň dowamlylygynyň arasynda aýdyň baglanyşygy ýüze çykardylar.
Uky näme üçin ömür dowamlylygyna täsir edýär?
Bu barlag ukynyň we ömrüň arabaglanyşygyna täsir edýän biologiki sebäpleri öwrenmedi. Şeýle-de bolsa, awtoryň aýtmagyna görä, ýürek saglygynda, immun ulgamynyň we beýniniň işinde uky wajyp rol oýnaýar.
Biz käte ukyny bir gyra süýşürip, oňa soňra, meselem dynç günleri, yzyndan ýetip bolýan bir zat ýaly çemeleşýäris. Emma bu barlag bizi ukyny hem dogry iýmitlenmek we hereket etmek bilen deň derejede zerur orunda goýmaga iterýär. Gije gowy uky almak diňe bir biziň özümizi duýşumyzy gowulandyrman, eýsem ömür ýyllarymyzy hem köpelder.
- 40 gezek okalan