Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÝATGYNYŇ MIOMASY, ÝUMURTGALYGYŇ KISTASY NÄHILI DÖREÝÄR? NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY?
Ginekolog lukmanlar ýumurtgalygyň kistasynyň döremegine sebäp bolup bilýän birnäçe faktorlary belläp geçýärler:
↪ Bedeniň gormonal durkunyň bozulmagy;
↪ Ýatgynyň, ýumurtgalyklaryň dowamly sowuklama hadysasy;
↪ Abortlaryň ýygy geçirilmegi, geçirilen operasiýalaryň jyns agzalaryna täsiri;
↪ Endokrin keselleriň bolmagy;
↪ Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseller;
↪ Gipofiziň, galkan şekilli mäziň keselleri;
↪ Nesilyzarlaýjylyk töwekgelligiň bolmagy.
Şeýle hem, beden agramynyň artyklygy, nädogry iýmitlenmek, agyr fiziki zähmet bilen meşgullanmak, dowamly stres, gormonal serişdeleriň dowamly, gözegçiliksiz kabul edilmegi ýaly ýagdaýlar hem ýumurtgalyklaryň işiniň bozulyp, kistalaryň döremegine itergi berip biler.
Wagtynda öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny geçmek, endokrin ulgamynyň we jyns agzalarynyň sowuklama kesellerini wagtynda bejermek, sagdyn durmuş düzgünlerine çynlakaý garamak ýatgynyň miomasynyň we ýumurtgalygyň kistalarynyň döremeginiň öňüni almaga kömek edip biler.
Saýtyň lukmany
- 33 gezek okalan