Eger-de çaga ene garnynda wagty, dogumda ýa-da ene süýdüniň üsti bilen AIW ýokuşsa, ol bedenindäki wirusyň mukdarynyň köpelmezligi we ölüm howply gaýraüzülmeleriň döremezligi üçin ömürboýy antiretrowirus terapiýasyny (ART) kabul etmeli bolýar. Çagalar üçin suwuk görnüşde berilýän ART dermanlary maşgalalar üçin agyr ýük bolup durýar:
Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça BMG-nyň aýallar sebitleýin edarasy 2022-nji ýylda Gazagystanyň Milli statistika gullugyna ýurtda "Durnukly ösüş maksatlarynyň statistikasyny" taýýarlamaga goldaw berdi. Bu iş "Her bir aýal-gyz gymmatly" atly gender maglumatlaryny we statistikasyny ösdürmek programmasynyň bölegi hökmünde geçirildi. Çap edilen hasabat ýurtda beýleki durnukly ösüş maksatlary bilen birlikde gender deňligi we netijeli edaralar barada hem möhüm görkezijileri aýan edýär.
14-nji Awgustda BSGG m-mamasy hadysalarynyň Kongo ýurdunda aşa köpelmesini jemgyýetçilik saglygynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. Şondan bäri bu keseliň bütin dünýä salýan howpy barha artýar.
Awgustyň 15-ne bolsa, Şwesiýa ilkinji m-mamasynyň clade 1 hadysasyny hasaba alandygyny habar berip, Afrikanyň daşynda keseliň clade 1 görnüşini ýüze çykaran ilkinji ýurt boldy.
M-mamasy ýokançlygynyň iki dürli görnüşi bar we olar "clade 1" we "clade 2" atlary bilen tanalýarlar. Clade 1 görnüşi has ýokançly bolup, has agyr kesele we has köp ölüm hadysalaryna sebäp bolýar.
Taryhda ilkinji gezek AIW ýokuşmalarynyň aglabasy Afrikanyň Günorta Sahara böleginde hasaba alynmady. "Bu bir tarapdan Afrika materiginiň gazanan üstünliginden habar berse, beýleki tarapdan dünýäniň başga ýerlerinde ýeterlik öňegidişligiň bolmandygyny görkezýär" diýip, BMG-nyň AIW/AIDS boýunça utgaşyk programmasy UNAIDS habar berýär.
Esasan-da, dünýäniň 3 sebitinde AIW ýokuşmalary barha artyp gelýär: Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA); Latyn Amerika; Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika.
Saglyk, hukuk, gender we seksual köpdürlülik boýunça ýewraziýa koalisiýasynyň (EKOM) ýakynda çap eden hasabaty Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA) sebitiniň 10 ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan we Ukraina) 2023-nji ýylda LGBT adamlaryň saglyk we beýleki hukuklarynda uly kanuny üýtgeşmeleri ýüze çykaryp, her ýurtdaky LGBT adamlaryň durmuş hiline täsir edýän kanuny päsgelçiliklere üns çekýär.
Iýul aýynda ÝUNISEF "Azyk howpsuzlygynyň we iýmitiň ýagdaýy 2024" atly global hasabaty çap etdi. Hasabatda dünýä ýüzündäki açlyk ýagdaýlary iýmitden alynýan ýokum ýetmezçiligi bilen ölçenildi. Dünýä ilatynyň açlykda ýaşaýan bölegi 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli ep-esli artyp, ondan soňky 3 ýylyň dowamynda onçakly üýtgemedi. Afrikada bu görkeziji iň ýokary bolup, ilatynyň 20.4% açlykdan ejir çekýän bolsa, Aziýa 8.1% bilen ikinji orunda durýar (üçünji Okeaniýa (7.3%) we Latyn Amerika we Karib adalary (6.2%) dördünji). Şeýle-de bolsa, açlykda ýaşaýan adamlaryň sany boýunça (384.5 million) Aziýa sebitleriň başyny çekýär. Merkezi Aziýa sebitinde ýokum ýetmezçiliginden ejir çekýänleriň sany 2006-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli 8.2 milliondan 2.4 milliona düşdi, emma Türkmenistanda şol ýyllar aralygynda bu görkeziji 0.2 milliondan 0.3 milliona çykdy.
Gazagystanyň prezidenti Kasym Tokaýew 8-nji iýulda ýetginjeklere energiýa içgileriniň satylmagyny gadagan edýän kanuna gol çekdi. Täze kanuna görä, ýaşlaryň saglygyny goramak maksady bilen, 21 ýaşdan kiçilere energiýa içgileri satylyp bilinmez.
Ilkinji gepatit C ekspres-testi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hil, howpsuzlyk we netijelilik barlagyndan üstünlikli geçip, 2024-nji ýylyň iýulynda guramanyň prekwalifikasiýasyny gazandy. "OraQuick HCV self-test" atly bu önüm BSGG-nyň 2017-nji ýylda diňe hünärmenleriň ulanmagy üçin tassyklan "OraQuick® HCV Rapid Antibody Test" atly espres-testiň bir görnüşi bolup, OraSure Technologies kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Ekspres-testiň bu görnüşi ýörite adaty adamlaryň ulanyp bilmesi üçin taýýarlanylan we öz-özüňde barlag geçirmek üçin ähli gerekli zatlary özünde jemleýär.
Täze geçirilen ylmy barlaga görä, ýetginjekleriň ençemesi özlerindäki psihiki saglyk meseleleri üçin kömek almagy göz öňünde tutýan ýa-da resmi däl çeşmelerden kömek alýan hem bolsalar, köpüsi kömek üçin resmi çeşmelere ýüz tutmaýarlar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.