1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Ýürek-damar keselleriYDK olumcilik (ÝDK) ýürege ýa-da gan damarlaryna täsir edip, sosial-ykdysady, metabolik, hereket we daşky gurşaw töwekgelçilik faktorlarynyň utgaşmasy sebäpli döräp biler. Bulara ýokary gan basyşy, zyýanly iýmitlenme, ýokary holesterin, süýji keseli, howanyň hapalanmagy, semizlik, temmäki ulanmak, böwrek keseli, fiziki hereketsizlik, alkogolly içgileriň aşa sarp edilmegi we stres degişlidir.

Dowamy

  • 1461 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

global sanly saglyk sahadatnamaBütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Ýewropa Komissiýasy global sanly saglyk şahadatnamalaşdyryş ulgamyny işe girizmek üçin hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Ulgam Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) üstünlikli ýola goýan COVID-19 sanly şahadatnama toruna esaslanyp, global hereketi ýeňilleşdirmäge we adamlary pandemiýa ýaly saglyk howplaryndan goramaga kömek eder. Bu hyzmatdaşlyk dünýäde has gowy saglyk hyzmatlaryny bermek üçin BSGG-nyň Global sanly saglyk şahadatnama toruny (GSSŞT) döretmek ugrundaky ilkinji ädimdir.

Dowamy

  • 924 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

planetamyzyn saglygyÝer ulgamynyň durnuklylygy, çydamlylygy we adamlaryň abadançylygy biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Emma, olaryň özara baglanyşygyna kembaha garalýar. Ýer komissiýasynyň çap eden barlagy adam işjeňligi sebäpli planetanyň howpsuzlygynyň we kada laýyklygynyň 8 sany täze görkezijisiniň 7-sinde dünýäniň howply derejä ýetendigini ýüze çykardy. Bu görkezijiler klimatyň üýtgemegini, suwuň elýeterliligini, ýokumly maddalaryň ekosistema dargaýşyny, ekosistemanyň öndürijiligini we aerazol hapalaryny öz içine alýar.

Dowamy

  • 961 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tajik migrantlaryn akyl saglygy10 million ilatly, pes-orta girdejili ýurt bolan Täjigistanda her ýyl 500,000 töweregi raýat işlemek üçin daşary ýurda gidýär. Bu ýurduň işçi güýjüniň bäşden bir bölegini düzýär. Zähmet migrantlarynyň 90%-den gowragy Russiýa, galan bölegi Gazagystana we beýleki ýurtlara gidýär. Zähmet migrasiýasy ýurduň ykdysadyýetine möhüm goşant goşýar. 2020-nji ýylda migrantlaryň ugradan pullary ýurduň Jemi içerki önüminiň (JIÖ) 27%-ini düzdi. Şeýle-de bolsa, migrantlaryň akyl saglygy we psihososial abadançylygy meseleleri ünsden düşürilýär.

Dowamy

  • 930 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

AIWstigma index bilen bagly stigma (biabraýçylyk) we diskriminasiýa AIW bilen ýaşaýan adamlaryň bejergi, ideg we goldaw hyzmatlaryndan peýdalanmagynda iň uly päsgelçilik döredýär. AIW bilen ýaşaýanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin olaryň hakyky ýagdaýy, ýagny nähili kynçylyklar we meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýanlygy, AIW-iň olaryň öz durmuşyna, garyndaşlarynyň we dostlarynyň durmuşyna nähili täsir edýändigi barada maglumatlary öwrenmek örän wajypdyr.

Dowamy

  • 1300 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Ösümlik esasly berhizlerosumlik esasly berhizler ösümliklerden alnan iýmit önümlerinden düzülen berhizleriň dürli görnüşlerini öz içine alýar we olara haýwan önümleriniň örän az mukdary girýär ýa-da haýwan önümleri asla girmeýär. Ösümlik esasly berhizleriň uly bir topary "wegetarian berhizler" ady bilen tanalyp, olarda haýwan önümleriniň käbir görnüşleri ýa-da ähli görnüşleri kabul edilmeýär.

Dowamy

  • 1605 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

M-mamasynyňm mamasy sonlandy halkara derejede ýaýramagyndan bir ýyl soň, BSGG bu ýokanjyň global saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý statusyny ýatyrdy.

BSGG waksinalar we bejergiler arkaly wirusa garşy göreşde yzygiderli öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi. Emma, alymlar esasanam Afrikanyň sebitlerinde heniz hem möhüm çeşmeleriň ýetmezçilik edýän ýerlerinde wirusyň gaýtadan ýaýramagyndan howatyrlanýarlar.

Dowamy

  • 1167 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ganazlyga garsy goresmekBSGG 2025-nji ýyla çenli önelgelik ýaşyndaky aýallarda ganazlygyň (anemiýa) artyşyny iki esse azaltmak üçin ilkinji köptaraplaýyn maksatnamasyny ýola goýdy.

BSGG-nyň iýmit we azyk howpsuzlygy bölüminiň direktory Françesko Branka: "Ganazlygy azaltmak boýunça öňegidişlik haýal we bütin dünýäde meýilleşdirilen global maksada ýetilmedi. Ganazlyk dünýä boýunça 571 million aýala we 269 million ýaş çaga täsir edýän global saglyk meselesidir. 2019-njy ýylda 6 aýdan 5 ýaşa çenli çagalaryň 40%-i, göwreli aýallaryň 37%-i we 15-49 ýaş aralygyndaky aýallaryň 30%-i ganazlyk bilen keselledi. Bu pes we orta girdejili ýurtlarda has giňden ýaýrandyr" – diýip belleýär.

Dowamy

  • 1380 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

asa gaytadan islenen iymitlerKäbir ertirlik patraklary, garbanalgalar, doňdurylan naharlar we gaplanan süýjüler ýaly, aşa gaýtadan işlenen iýmitleri iýmegiň süýjülik, semizlik we hatda rak keselleriniň ýokary töwekgelçiligi ýaly ýaramaz saglyk täsirleri bilen baglydygyny onlarça ýyl bäri bilýäris. Emma, soňky ylmy barlaglar olaryň aňymyza-da uly täsir edýändigini görkezýär.

Dowamy

  • 1428 gezek okalan