• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gomoseksuallygyn bejergisini alyp bolyarmy"Salam hormatly lukman. Haýyş edýärin, meniň şu soragyma jogap beräýseňiz. Bir dost oglanym özünde gomoseksuallyk bardygyny aýtdy. Ýagny ol diňe erkek adamlar bilen jynsy gatnaşykda bolmagy isleýär, ýöne muny etmegiň nädogrudygyny bilýäni üçin bejergisini alasym gelýär diýdi. Bu keseli nädip bejerip bolýarka? Sizden uly haýyş, jogabyny ýazaýsaňyz. Elektron salgyma ugradaýyň!"

Saýtyň okyjysy

Jogaby Oka

  • 22 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ekstrakorporal tohumlanma nirede gecirilyar"Biz üç ýyldan bäri çagasyzlykdan kösenýäs. Barlaglarda her gezek dürli jogap alýarys: sowuklama, çaga ýatgysy, gyşyk ýatgy we ş.m ýaly sözler. Indi gelnim bilen EKT etdireli diyen pikire geldik. EKT nirede geçirip bolar?"

Saýtyň okyjysy

Jogaby Oka

  • 29 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

eroziya onelgesizlige getirip bilyarmi

 

"Yatgynyň boýunjygynda eroziýa bolanda önelgesizlige sebäp bolup bilermi? Egerde eroziýany dürli ýollar bilen aýyrsaň önelgesizlige getirip bilermi? Çaga dogurmadan öň eroziýa bar bolsa, ony şeýle ýagdaýda galdyrmalymy ya-da aýyrmalymy?"

Saýtyň okyjysy

Okamany dowam et

  • 152 gezek okalan

ENDOKRIN ULGAMY NAME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

endokrin ulgamy nameEndokrin ulgamy – endokrin öýjükleriniň işläp çykarýan gormonlary arkaly içki agzalaryň işini kadalaşdyryjy ulgamdyr.

Bu ulgam:

↪ Daşky gurşawyň üýtgäp duran şertlerinde bedeniň içki ýagdaýynyň durnuklylygyny saklamaga kömek edýär;

↪ Nerw we immun ulgamy bilen bilelikde ösme, beden kämilleşmesi hadysalaryny, onuň jynsy aýratynlygyny we önelgeliligi kadalaşdyrýar;

↪ Beden energiýasyny emele getirme, harçlama we saklama hadysalaryny sazlaýar;

↪ Nerw ulgamy bilen bilelikde gormonlary, emosional durky sazlamaga we adamyň psihiki işjeňligini amala aşyrmaga gatnaşýar.

Jogaby oka

  • 2418 gezek okalan