
Hormatly lukman! Men lukmanyň barlagyndan geçenimde, olar bu keselimden gutulmajagymy aýtdylar. Men 22 ýaşymda. Meni boýnumda C6 oňurganyň ösüntgisiniň gylçyk ýapgyt şekilli könelişen döwügi, boýnuň osteohondrozy, döş oňurgada IX-X we X-XI oňurgaara diskleriň protruziýasy we XI oňurganyň ingisi, pilçäniň gyşarmasy, bil bölümiň osteohondrozy biynjalyk edýär. Oturamda bilimde we döşde güýçli dartgynlylyk güýjeýär. Men bu keselleri 19 ýaşymda tapdym. Men olardan dynyp bilmezmikäm? Maňa peýdaly maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy, Şarif Halmuradow.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň 63 ýaşymda mamam bar. Indi köp ýyldan bäri, mamam dyzynyň iç ýüzünde döreýän agyrydan ejir çekýär. Hatda Mollagara şypahanasynda hem bejergi alyp gördi, emma haýry degmedi. Şu mesele barada berip biljek maslahatyňyz bar bolsa, bize kömek etmegiňizi sizden soraýarys.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Meni anginanyň beterleme ýagdaýlary biynjalyk edýär. Bejergi alsam hem peýdasy degenok. Ýene beterleýär. Indi ýüregimde işemiýa bar diýip hem aýtdylar. Lukmanlar operasiýa etmeli diýýärler. Men bolsa gorkýaryn. Başga bejergi usullary barmyka? Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy, Suraý.
Jogaby oka

Sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegiň täze ýoly: adamyň sagdyn ýaşamagy daşky gurşawdan alýan we sarp edýän energýasy deňeçer bolmaly. Daşyndan alynýan energiýa esasan iýmitlenmek arkaly alynýar. Diýmek energiýa deňagramlylygy hem esasan iýmit bilen sazlanmaly. Artyk iýip energiýany az sarp etmeklik semizlige elter, madda çalyşygy bozular, soňy bilen organizm dürli kesellere uçrar. Kemter iýmitlenmek hem organizmiň wagtyndan öň gurpdan gaçmagyna, garramagyna sebäp bolar. Diýmek, iýmitlenmek meselesinde gadymy grekleriň "Altyn ortalyk" düzgünine eýermelidigine hemmeler düşünen bolsa gerek. Bu düzgüni ýaşaýyşyň ähli meselesinde peýdalanmak ösüşe alyp barýar.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men 25 ýaşymda, ýöne meniň ujydymyň örän kiçiligi meni uly alada goýýar. Ujydyň uly ýa-da kiçi bolmagynyň geljekde çaga ýasamakda täsiri barmy? Jynsy gatnaşygyň dowamlylygy hem 1 minuda ýetmeýär. Men V-pill dermanyny ulansam peýdasy degermi? Şu derman barada maglumat berseňiz, meni uly aladadan dyndyrdygyňyz bolardy.
Saýtyň okyjysy, Akmyrat.
Jogaby oka

Salam lukman! Men ýatga spiral goýdurmak isleýärin. Ýöne joralarym spiralyň birnäçe zyýanly taraplarynyň bardygyny aýdýarlar. Onuň zyýanly taraplary barada giňişleýin gürrüň berseňiz hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men häzir 17 ýaşymda. Meniň içimde soguljanyň (gurçugyň) bardygy sebäpli, näçe iýsem hem semräp bilemok. Bu keselden gutulyp bolarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men 19 ýaşymda. Meniň ýatkeşligim pes. Ony ýokarlandyrmak üçin nämeleri edip bolarka? Meniň tiz daýawlaşasym hem gelýär. Bu maksat üçin men protein içsem bolarmyka? Şu soraglaryma jogap berseňiz Sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy, Serdar.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Adama saç oturtmak zyýanly bolup bilermi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam saýtyň lukmanlary! Men 29 ýaşymda. 3 ýylyň dowamynda paraproktitden ejir çekip, 2013-nji ýylyň awgust aýynyň 27-ne operasiýa etdirdim. Operasiýadan soň 37 gün keselhanada ýatyp bejergi alanymdan soň, lukman meniň ýagdaýymyň gowulygyny aýdyp keselhanadan çykardy. Meniň derdim ýene 1 hepdeden gaýtalady. Bü näme üçin şeýle bolduka we men ýene operasiýa etdirmeli bolarmykam? Başga çykalga ýokmyka?Men Aşgabat şäherinde haýsy keselhana ýüz tutsam gowy bolarka? Şu kesel barada doly maglumat berýän makala taýynlasaňyz size minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka