• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DIL ÝUWUTMANYŇ SEBÄBI NAME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

Salam lukmanlar! Käbir adamlar dil ýuwutma (diliñ gitmegi) sebäpli çaşýalar. Şolar ýaly ýagdaýda ilkinji kömegi nädip bermeli? Dil gitmeginiñ sebäpleri nämeden bolup biler?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4281 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (49 Ses)

Salam, Lukman! Jynsy gatnasygyn kadasyzlygy hem-de tertipsiz jynsy gatnasyk diyilýän zat barada giňişleýin düşünje berseňiz, hoşal bolardyk. Jynsy gatnaşyň kadasy barada öň ýazylan makalany okap, biraz düşünje aldyk. Indi tertipsiz jynsy gatnaşyklar barada hem ýazaýsyňyz diýip haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 26924 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

Salam hormatly Lukman! 25-28 ýaşlaryndaky gyzyň ýatgysynda  sowuklama, kista we kiçiräk yaralar bar. Bu zatlar üçin bejergiler kabul edildi, bejergiden soň 4-5 aý  gecdi, ýöne indi aýbaşy halkasy bozulyp, wagtal-wagtal hapalar gelýär. Içinde yza döreýär, ýatgynyň içi hapadan doly görnenok diýýär. Bu derdtden nädip saplanyp bolar? Beyle ýagdaý köp dowam edermikä? Bu ýagdaýlardan soň göwrede çaga galmazlyk howpy nähili bolarka? Bu meselede kista nähili zyýan ýetirip biler, ony kesdirip aýyrmak gyz üçin howply dälmikä? Siziň gymmatly maslahatyňyza garaşýarys!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 9286 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.20 (5 Ses)

Salam lukman! Yakynda agamyñ ogly boldy. Lukmanlar dogluş gowy geçdi diýdiler. Ýöne lukmanlar şol gün öýlän çaganyñ ýagdaýynyñ agyrlaşandygyny habar berdiler. Bäbegiñ reñki beýleki bäbeklerden gök bolup saýlanyp dur. Lukmanlar bäbege dogabitdi parok diýp diagnoz goýdular. Çaga ýaşarmy? Nähili bejermeli?

Nurýagdy.

Jogaby oka

  • 4056 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.12 (135 Ses)

Salam hormatly Lukman! Biz käbir sebäplere görä uzak wagtlap jynsy gatnasykda bolup bilmedik (60-90 gün). Erkek adam hiç hili goşmaça derman serişdelerini ulanmazdan, 12-16 sagadyň dowamynda 10 ya-da ondan hem köp jynsy gatnasyk etse, munuň erkek we zenan ücin zyýany barmyka? Belki, şeýle ýagdaýdan soň haýsydyr bir görülmeli çäreler bardyr. Şu barada maglumat beräýseňiz…

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 55832 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.77 (108 Ses)

Salam Lukman! Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyk bolup bilermi? Eger şeyle edýän adamlar bar bolsa, bu çaganyň saglygyna, aýalyň saglygyna zyýanlymy? Şeýle gatnaşygy saklamak bolýan bolsa, onuň ýygylygy nähili bolmaly? Jogabyňyz üçin minnetdar.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 49841 gezek okalan