
Salam lukman! Gözümiň çekmesi meni biynjalyk edýär. Ýokarky gabagymda az gymyldy peyda bolýar. Elmydama bolup hem duranok. Ünsümi jemlemäne çalşamda bu ýagdaý yüze çykýar. Bu ýagdaýyn sebäbi we bejergisi hakynda maslahat bermegiñizi soraýaryn. Köp sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Meniñ ýüregim çalt urýar. Barlagdan geçenimde ýüregimiň 130 gezege çenli çalt urýandygyny anykladylar. Men 2gezek özümden gidip hem ýykyldym. Şondan soñ hassahanada bejergi aldym. Ýöne häzir hem ýüregimiň çalt urýanyny duýýaryn. Onuň sebäbiniň anginadygyny anyklap, ony aýyrtmagy maslahat berdiler. Ýürek çalt urup dursa zyýanlymyka? Infarkt ya-da başga durli keseller döräp bilýarmika?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Salam hormatly lukman! Göwreliligi anyklamak üçin ulanylýan testler barada giňişleýin gürrüň berseňiz hoşal bolardyk".
Saýtyň okyjysy.
"Salam lukman! Men göwreli bolmak üçin iki gezek bejergi aldym. Indi hem aýbaşymyň gelmeli gününden 10 gün geçdi. Men göwreliligi anyklaýan testleri haçan ulansam dogry bolarka?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men elimde çiş döränligi sebäpli, kesdirmek üçin onkolog lukmanynyň barlagyndan geçmeli boldum. Onuň üçin USB-dan geçdim we şol çiş yerden suwuklyk aldyrdym. Ahyrynda bolsa gan tabşyrdym. Barlag ganyñ düzüminde sarygetirmäniň bardygyny kesgitledi. Meni ýokanç keseller lukmanynyň maslahaty we operasiýanyň geçirilmegine rugsady almak üçin ýokanç keseller keselhanasyna iberdiler. Barlaglar ganymda 4 müň töweregi mukdarda wirusyň bardygyny görkezdi. "Yapyk sary bar" diýdiler. Men erbet howsala düşdüm. Ol kesel aslynda ölüm howplumyş. Meñ 24 ýaşymda. Keseliñ alamatlary heniz mende yüze çykmady. Sizden maslahat soraýan. Yapyk sary keseli howplumy we ondan gutulmagyñ alajy bolarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 19 yaşymdaky oglan. Ýumurtgajyklara alnan şikeslenmeden soň meniň jynsy höwesim peseldi. Men özümi ýigrenip başladym. Meniň üçin durmuşyň manysy gaçdy. Şunuň bejergisi barmyka we men nirede bejergi alyp bilerin? Maňa bu kynçylykdan çykmaga sizin kömegiňiz gerek.
Saýtyň okyjysy Serik.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman!
Meni kopden bari gyzyklandyrýan bir sorag bar. Jynsy gatnaşyklarda naçeräk kaloriya harçlanýar. Kabir öýlenen oglanlar toýdan son horlansalar, kabirleri görlüp eşdilmedik derejede semreýärler. Şu yagdaýlar jynsy gatnaşyklaryň täsiri netijesinde ýüze çykýarmyka ya-da başga sebäpler barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Salam hormatly lukman! Men size şeyle sorag beresim gelýär. Menin ýaňy doglan oglumyn kellesinde yumşak uly çiş bar. Şol içi suwuklykly çisi nadip aýryp bolarka? Giňişleýin gürrüň beraýseňiz Sizden hoşal bolardym."
Saýtyň okyjysy.
"Hormatly lukman! Meniň ýaňy doglan gyzymyň kellesinde çişiň bardygyny we onuň howply däldigini lukmanlar düşündirdiler. Ýaňy doglan çaganyň kellesinde çiş name sebäpden döräp bilýär?"
Saýtyň okyjysy.
Dowamy

Hormatly lukman! Çaga dogrumynda sekizinji aý bilen deňeşdirilende göwreliligiň ýedinji aýynda dogurmak howpsuz diýýärler. Şu düşünje dogrumyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Ýetginjek ýaşda haýsy serişdeler bilen göwreliligiň öňüni almak howpsuz bolýarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukmanlar! Men sizin saýtyňyzdaky ähli mowzuklary gyzyklanyp okaýaryn we özüme gerekli maglumatlary alýaryn. Size işiňizde üstünlik arzuwlaýaryn! Hormatly lukman! Menin gelnimiň çaga doguranyna 7 aý boldy. Ýöne heniz hem aýbaşysynyň gelmeýändigini we jyns agzalarynda gijilemäniň bardygyny aýdýar. Gijileme ony göwrelilik wagty hem biynjalyk edýärdi. Bu ýagdaýlar name sebäpden bolýaka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka