• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Salam hormatly lukman! Adamy bezeýän, görküne görk goşýan synalaryn biri hem owadan we gelşikli burun bolsa gerek. Emma kabir adamlar burunlarynyn ululygy ya-da gelşiksizligi ucin durli psihologik kynçylyklara sezewar bolyarlar. Bu kynçylygyň çözgüdi barmyka? Basga ýurtlarda operasiya netijesinde burny göneldip ya-da kiçeldip bolyar eken. Yöne burny dine göneltmek ya-da burnuň ujuny galdyrmak üçin operasiyasyz usul – burun muskullarynyn isini togtatmak arkaly burnuň ujuny yokary galdyrmak mumkinciligi hem bar eken. Menin size berjek soragym-şunun ýaly usul bizin yurdumyzda nirelerde yerine yetirilýärka we onun peydasy hem-de zyýany barada aydyp beraýseniz!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4845 gezek okalan

GLAUKOMANY NÄDIP BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Salam lukman! Size şeýleräk bir sowalym bar. Meniň iki gözüme hem glaukoma (garasuw inmek) kesel kesgidi goýuldy. Men Timolol (ilki 0,25, soňam 0,5) damja dermanyny 2006-njy ýyldan bäri damdyryp gelýän. Özüm häzir 28 ýaşymda. Gözümiň basyşy 28-den pese düşenok. Men gözümiň basyşynyň 18-e çenli peselmegini isleýärin. Men munuň üçin nämeleri etmelikäm?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4838 gezek okalan

GÖRŞI GOWULANDYRMAGYŇ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (16 Ses)

Salam lukman! Meniñ gözümiñ doglanymdan bäri görşi pes (–15 äynek dakýaryn).

Operasiýanyň kömegi bilen, äýnek dakynman gözumiñ görşüni gowlandyryp bilerinmi?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6643 gezek okalan

BEDENDÄKI BIOTOK WE SAGLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.89 (9 Ses)

Meniň elimde biotok bar. Adamlaryň arasynda otursam töweregimdakileriň keselini özüme çekip alýaryn. Ol adamlar sagalýar, men bolsa syrkawlaýaryn. Men nädip saglygymy gorap saklamaly?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4438 gezek okalan

GULAKDAKY AGYRYLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (16 Ses)

Salam Lukman! Menin çep gulagym agyrýar, kawagt akýar. Çep gulagym eşidenok diýen ýaly. Özüm 18 yaşyndaky oglan. Lukmanlar gulagymda iriňli mezotimpanit keseliniň bardygyny hem-de perdäniň deşikdigini aýtdylar. Bu beýleki gulagyma hem geçip bilermi? Bejergi alanymdan soň biraz gowulaşdy, yöne doly aýyrlanok. Şuny doly bejerip bolyamyka? Bu keselin bejergisi, näme sebäpden döreyändigi hakda aydyp beraýseňiz.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 8192 gezek okalan

ÝYLAN ETINIŇ PEÝDASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.15 (13 Ses)

Salam hormatly lukman! Ýylan etini iýmek peýdalymy, ol dermanmy? Soraýanlygymyň sebäbi, men birnäçe gezek derman höküminde ony iýenlerine gabat geldim. Maña-da hödür etdiler, ýöne men iýmedim. Guragyra we basga-da köp kesele garşy peýdasy bar diýýärler. Eýsem bu dogrumyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6700 gezek okalan

DOGRUM ŞIKESLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.27 (11 Ses)

Salam hormatly lukman! Gelnim çaga dogranda, daşky jyns agzalaryndan aşaklygyna tarap kesip çagany dogurdypdyrlar. Şeýle dogrumdan soň jynsy gatnaşygy naçe wagtdan son geçirme rugsat berilýär hem-de indiki dogrumy naçe wagtdan meýilleşdirip bolar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5602 gezek okalan

ÇAGA ÝAN SUWLARYNYŇ HAPALANMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (10 Ses)

Salam hormatly lukman! Men 19 hepdelik göwreli gelin. USB-ny geçemde göwrämdäki çaganyñ ýan suwunyñ hapalanandygyny aÿtdylar. Munuñ nähili ÿüze çykyšyny we howplulygy barada düşündiriş bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5416 gezek okalan

BILIM AGYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.27 (11 Ses)

Salam lukman! Menin 3-4 aý bäri bilim agyrýar. Etrap hassahanasyna baryp barlagdan geçemde hiç hili keseliň ýoklugyny aýtsalar hem, sanjym hem-de gerdejik görnüşde bejergi berdiler. Emma agyry galyberenok. Bilimde, esasan calaja egilip duran wagtlam (koplenc el-yüz ýuwan mahalym) ýyldyrym çakan yaly bolyar we duran yerimde ýykylyp galýaryn. Ençe wagt tekiz ýerde arkan yatamdan soňra ýagdaýym gowlaşýar. Siziň pikiriňizçe, meniň bilim näme sebäpden şeýle agyryp bilerkä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4525 gezek okalan