• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (9 Ses)

Salam, hormatly lukman. Aşgazan bilen gyzylödegiň birigýän ýerinde eroziýa bar.

Muny nädip bejermeli? Ejem şu keselden 2 ýyl bäri ejir çekýär. Ol barlaglardan geçdi, ýöne peýdasy degmedi. Kartoşkanyň şiersiniň biraz peýdasy degdi, ýagdaýy öňküden gowurak. Ýöne şonda-da, agyrysy aýrylanok. Kömek etseňiz, gaty hoşal bolardyk. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Sag boluň.

Abdylla.

Jogaby oka

  • 6751 gezek okalan

ÝAKYMSYZ YSLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Salam, hormatly lukman! Ýakymsyz yslaryň nähili döreýändigi we ol yslary nähili aýryp bolýandygy hakda, esasan hem goltuk, aýak we beýleki agzalardaky ýakymsyz yslary aýyrmaklygyň çäreleri barada gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4704 gezek okalan

ASTIGMATIZM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Salam, hormatly lukman! Gözüň astigmatizm keselini nädip bejermelidigi barada giňişleýin gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Muhammet.

Jogaby oka

  • 4524 gezek okalan

POSALAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.51 (63 Ses)

Salam, saýtyň hormatly lukmanlary! Oglan bilen gyz öpüşende olaryň ikisi hem deň keýp alýarmy ýa diňe oglan keýp alýarmyka? Öpüşmek zyýanlymyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 23610 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 18 ýaşymda köriçege boldum. Operasiýa bolanyma 4 aý geçdi. Indi bolsa birhili işdäm açylyp, öňkimden köp iýýän. Bu zatlar adaty ýagdaýmy? Men semremekden gorkýan. Jogabyňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4265 gezek okalan

MENIŇ AGAM NÄME ÜÇIN SEMRÄNOK?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.25 (4 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň agam 2 gezek infarkt geçirdi. Şondan soň ol semränok. Ol nädip semräp bilerkä? Maslahat bermegiňizi haýyş edýärin. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Minnetdarlyk bilen, saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5043 gezek okalan

GIJEMEGINIŇ SEBÄBI NÄMEKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (4 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar we okyjylar!  Meniň sag aýagymyň külembike we onuň ýanyndaky barmagymyň arasy, sag aýagymyň gyraky barmaklarymyň ýanlary bilen gijeýär. Bu gijelewükler käwagt hatda gijelerine-de ýatyrmaýar, käwagt bolsa hiç azar bermäýar. Aýaklarymy gyzgyn suwa salyp, janyma hoş ýakýar, gaşaýan ýerlerimiň derisi sypyrylýar. Bu nämeden beýle bolýarka? Men birki sany maz hem çalyp gördüm. Peýda etmedi. Bellemeli ýagdaýlaryň biri hem – men 4 ýyl harby ädikde gezdim. Şeýle ýagdaý şondan soň ýüze çykdy. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4105 gezek okalan

ELLERDE DÖREÝÄN SIŇŇILLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

Salam, hormatly lukman! Ellerimde birki sany siňňil bardy we olar wagtyň geçmegi bilen köpelip başlady. Olara nähili bejergi almalydygyny maslahat bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5258 gezek okalan

IÇ GATAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (12 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men häzir 23 yaşymda. Meniñ köplenç içim gataýar. Men köplenç senadeksin derman içýàn, bolmasa 6-7 gün täret etmän gezip bilýän. Iç gatama näme sebäplerden bolup bilýär?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7947 gezek okalan