Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Salam, hormatly lukmanlar! Üstünlik size ýar bolsun!
Gadyrly lukmanlar, siziň saýtdaky ýazýan peýdaly maslahatlaryňyzy uly höwes bilen okaýaryn. Şeýle saýty döredendigiňiz üçin köp sag boluň. Mähriban lukmanlar, meniň oglum häzir dört ýaşynda. Ol doglanda lukmanlar tarapyndan barlanlarynda çaga hemmetaraplaýyn sag diydiler. Oglum bir ýasap gelýärka azary artansoň, men ony newropatolog lukmanyna barlatdym, kellesini USB etdirdim. Lukmanlar oglumyň çerepnoý dawleniýasy bar diýdiler. Lukmanyň maslahat bermegi bilen men oňa cerepnoýa garşy dermanlary berdim. Berlen dermanlar (diokarb, glisin, asparkam sinnerazin) dermanlaryny ulandym peydasy gowy yetdi. Bu dermalary men oglum üç yaşa cenli yylda bir gezek gaytaladym. Üç ýaşdan soň ol yatyp turanda: agsam yatyp irden turanda-da, gündiz yatanda-da bir sekuntlyk ýaly gözeri çaşarýar. Men ony lukmana äkidenimde käbir çagaň gözleri üç ýaşa çenli şeýle bolýar diýip, kellesini USB etdi-de, yene-de ýokarda agzalan dermanlary yazdy hem-de tok yazdy. Şondan soň oglumyü gözleri gowulanan ýaly hem boldy. Emma soňky döwürlerde gözleri ýene gozgaýar. Gadyrly lukmanlar, oglumyň gözleri näme üçin beýle bolýarka?
Saýtyň okyjysy.
- 5294 gezek okalan