• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KELLÄM AGYRÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam lukman! Men 21 ýaşymda. Kelläm agyryp, kompýuter barlagyndan geçdim. Maňa "Kelle çanagynyň gipertenziýasy" diýen kesel kesgidini goýdular. Ol nämekä? Jogap bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5319 gezek okalan

GÖWÜSLERDÄKI ÇIŞ GORKULYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

 

Salam hormatly lukman! Men 20 ýaşymda. Bir ýyl öň göwsümde çişiň barlygyny ýüze çykardym. Entek lukmana ýüz tutamok. Aýbaşym gelmezden 1-2 gün öň göwsümde agyry döräp, ol kiçelen ýaly bolýar. Men dürmuşa çyksam bolarmyka? Meniň ömrüm üçin ol howply dälmikä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5775 gezek okalan

EMELI TOHUMLANDYRMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.42 (12 Ses)

Salam hormatly lukman! Meniň adym Aman. Biziň çagamyz bolanok. Şol sebäpden hem, Türkmenistanda emeli tohumlandyrma  geçirilýän keselhanalaryň salgylaryny we bejeriş çäreleri geçirmegiň möhletleri barada habardar edäýseňiz Sizden minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy, Aman.

Jogaby oka

  • 6802 gezek okalan

SAKGAL NÄME ÜÇIN ÖSENOK?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (15 Ses)

Salam hormatly lukman! Meniň size şeýleräk soragym bar. Men 19 ýaşymda, ýöne mende entek sakgal çykanok. Sakgalyň gür bolup ösmekligi ýa-da ösmezligi üçin sebäp bolup bilýän zat barmy? Sakgaly tiz osdürmäge kömek berýän çäreler bar bolsa, bizi şolar bilen tanyşdyrmagy haýyş edýäris. Sag boluň.

Saýtyň okyjysy.

Salam lukman! Sakgalyň gür ýa-da selçeň bolup ösmegi bedendäki haýsy sebäplere bagly bolup biler? Soragyma jogap berseňiz Sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 8743 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (12 Ses)

Salam hormatly lukman! "Miokardyň gipoksiýasy" düşünjesi barada has giňişleýin gürrüň berseňiz minnetdar bolardyk.

Saýtyň okyjysy, Şatlyk.


Ýürek myşsasynda döreýän kislorod ýetmezçiligi (miokardyň gipoksiýasy) dürli sebäplere görä ýüze çykyp, bu ahwalat myşsa öýjükleriniň ölmegine getirýän howply ýagdaýdyr. Şeýle ýagdaý ýüregiň işemiýa (gan aýlanşygynyň ýetmezçiligi), ýürek myşsasynyň infarkty, ýüregagyry (stenokardiýa), miokardit keselleriniň alamaty höküminde döräp bilýändir.

Jogaby oka

  • 5758 gezek okalan

GÖZÜM GARAŇKYLAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Salam hormatly lukman! Men 16 ýaşymda. Ýatan ýerimden turanymda ýa-da çommalyp oturyp turanymda meniň gözüm garaňkylaýar. Onuň sebäbi nämekä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4241 gezek okalan

ŞIKESDEN SOŇKY ÝAGDAÝ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

Salam hormatly lukman!

Men 1997-nji ýylda doglan. Welosiped sürüp uly tizlikde barýarkam welosipedim döwlüp ýykyldym. Men özümi bilmän ýatypdyryn. Sag elim ýaralanyp gaty agyrýar. Kellämiň sag tarapy ýere güýçli degipdir. Men düşnüksiz  gürrüňleri gepläpdirin. Ýykylanymdan soňky bolup geçen ýagdaýlar ýadyma düşmedi. Häzir ýadym dikelse-de, nädip ýykylyp öýe gelenim ýadyma düşenok. Men lukmana baryp barlagdan geçmelimikä? Beýnä zeper ýetip bilermi?

Hormat bilen, saýtyň okyjysy Kakageldi Hudaýberdiýew.

Jogaby oka

  • 4009 gezek okalan

ÇAGA GALARMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.91 (11 Ses)

Salam hormatly lukman!

Biziň fewral aýynda gyzjagazymyz boldy. Siziň maslahatyňyz esasynda çaga dogulmalaryň  arasyny iki ýyl  uzaltmagy makul bildik. Biz ýatga spiral goýdurmadyk. Aprel aýynyň ahyryndan bäri jynsy gatnaşygy geçirýäris. Entegä aýbaşy hem gelenok, çaga hem galanok. Şeýle ýagdaýda jynsy gatnaşygy dowam edip bolarmy? Aýbaşy gelmese hem çaga galyp bilermikä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7547 gezek okalan

ÇALT GEÇÝÄN JYNSY GATNAŞYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.06 (51 Ses)

Salam hormatly lukman!

Men birinji gezek jynsy gatnaşyk edemde ol örän çalt bolup geçýär. Bu ýagdaý bolsa ýoldaşymyň  menden  kanagatlanmazlygynyň sebäbi bolýar. Jynsy gatnaşygyň arakesmesiz dowam edilmegini üpjün edýän ýörite dermanlaryň bardygyny eşitdik. Bu dermanlar zyýanlymyka? Biziň dermanhanalarymyzda satylýan  derman serişdeleriň atlary we kabul ediliş düzgünleri barada maslahat beräýseňiz.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 23578 gezek okalan