• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (336 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň gyzym bar, indi hem ogul isleýäris. Muny nädip hasaplamaly?

Saýtyň okyjysy.

Salam, hormatly lukman! Oglanjyk dogurmak üçin nähili kalendary ulanmaly? Käbir adamlar hasaplap, ogul dograndyklaryny aýdýarlar. Munuň nähili hasaplanýandygyny aýdaýyň-da.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 98298 gezek okalan

BRUKSIZME GETIRÝÄN SEBÄPLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men gijelerinie dişimi çalýaryn. Şonuň  üçin-de, dişlerim erbetleşýär. Bu ýagdaý näme sebäpden döreýär? Diş çalma garşy haýsy  çäreleri görüp bolýar?

Saýtyň okyjysy.

 

BRUKSIZME GETIRÝÄN SEBÄPLER WE  ÖŇÜNI  ALYŞ   ÇÄRELERI

Gijelerine dişleri gyjyrdatma (çalma) ýagdaýyna lukmançylykda "bruksizm" diýip atlandyrýarlar. Bu ýagdaý çeýneýiş myşsalarynyň biygtyýar ýygrylmagy hem-de äňleriň gysylmagy netijesinde döreýär. Dişleri gyjyrdatma ýagdaýy birnäçe sekuntdan birnäçe minuda çenli dowam edip bilýändir.

Jogaby oka

  • 4884 gezek okalan

ÝEŇSE GATAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Meniň adym Maýagözel. Men 19 ýaşymda. Iki aý bäri ýeňsäm meni gaty biynjalyk edýär, derslerde oturyp bilemok. Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin, sebäbi men Siziň kömegiňize örän mätäç. Öňünden minnetdarlyk bildirýärin.

Saýtyň okyjysy Maýagözel.

Jogaby oka

  • 5627 gezek okalan

GÖZÜM...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň gözüme super kleý damdy welin, näme etmegi maslahat berýäňiz?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4540 gezek okalan

IRIŇIŇ BEJERGISI!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men gaýmorit keselinden ejir çekýan adamlaryň biri. Men şu iriňiň nädip öňüni alyp bilerkäm?! Men çagalykdan bäri kösenýän! Dogrymy aýtsam, şu gaýmorit zerarly yatkeşligime täsir etýän ýaly, kellagry ýygy-ýygydan gaýtalanýar! Men bejergi alýan, emma gaty ol diýen ýaly täsiri uzaga çekenok! Meniň bejergi alan görnüşlerim: ýuwduryp gördüm, deşdirdip gördüm, duz bilen ýuwdum, emma 10 günden köp ýuwamok! Gaýmoride garşy dermanlary ulandym, olaryň köpüsini doly ulanamok! Gaýrat edip, jogap ýazmagyňyzy haýyş edýärin. Bu keseliň öňüni alyş çäreleri barmy? Eger bar bolsa, nähili çäreler. Bu beýleki okyjylar üçin peýdaly bolar. Bize wagt sarp edýäniňiz üçin Size we işewür ýoldaşlaryňyza köp-köp sag bolsun aýdýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4321 gezek okalan

BILDÄKI AGYRY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň jynsym erkek, özüm 24 ýaşymda, öýlenen. Meniň bilim agrýar. Hemişe agyranok, diňe uka gidenimden 6-7 sagat soň, daňdana golaý agyryp başlaýar. Şondan soň näçe uzak ýatsam, agyry güýçlenýär, çydap bilmän turýaryn. Turanymdan soň agyry ýarym sagatdan aýrylýar we gündiz hiç agyrmaýar. Şeýle ýagdaý böwrekdenmi ýa-da oňurgadan? Böwrek üçin bejergi aldym, emma peýdasy degmedi. Meniň soragyma jogap bersem, hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4320 gezek okalan

KEÝP ALMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.51 (148 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men ärim bilen her hili ýagdaýda gatnaşyk etsem-de, keýp duýmaýaryn. Munuň sebäbi nämekä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 38475 gezek okalan

AŞ SAÝLAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Göwreli bolup aş saýlan döwrüňde doňdurma iýmek zyýanlymyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6404 gezek okalan