• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAKAR SAÇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

 

Salam, hormatly lukman!

Meniň jigimde göni iki gaşynyň arasynda nar bardy, doglanda kiçijek nokat ýalydy. Indi 5 aý doldy welin, naryň ölçegi gitdigiçe ulalyp barýar. Halk arasynda nar diýseň aýrylýar diýýärler welin, lukmançylykda nähili maslahat berilýärkä? Ýene-de onuň ýeňse tarap saçy sakar we sary saç ýerinde tüýleri ýukajyk. Saçy syrylandan soňra garalarmyka? Şu soraglarymyza jogap berseňiz hoşal bolardyk.

Hormat bilen, saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5584 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (23 Ses)

Salam, hormatly lukman!

Böwrekde daş nähili ýagdaýda döreýär we onuň öňüni nähili almaly?

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

DAŞLY PEŞEW KESELI: SEBÄPLERI WE ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Daşly peşew keseli (urolitiaz) – böwreklerde we peşew çykaryş ulgamyň başga agzalarynda daşyň döremegi bilen bagly keseldir.

Jogaby oka

  • 16361 gezek okalan

DELJE ZAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.64 (70 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Şu döwrüñ ösmegi bilen jynsy gatnaşyklara bolan höwes hem has artýan ýaly. Oñam sebäb – mahabat (reklama). Reklamalaryñ ählisine diýen ýaly seks goşulan. Onsoñam adamyñ isleg-arzuwlaryna gutarma ýok. Adam gowudan gowy, täzeden täze, üýtgeşikden üýtgeşik, del zady isleýär. Bu är-aýalyñ arasyndaky jyns gatnaşyklary babatynda hem seýle. Esasan hem erkek mydama "delje zadyñ" gözleginde bolýar. Bu kadalymy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 22120 gezek okalan

NAUŞNIKLER ZYÝANLYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

 

 

Salam, hormatly lukman! Nauşnikleriñ gulaga zyýany barmyka? Meni aýratyn hem DR.DRE BEATS nauşnikleri gyzyklandyrýar.

Saýtyň okyjysy Fan.

Jogaby oka

  • 5763 gezek okalan

SEKSUALLYK KYNÇYLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (17 Ses)

 

Salam, Lukman! Men gije ýatyrkam döl gelip, mejbury turmaly bolýan (ukudan galýan). Şunuñ alajy barmyka? Gaýrat edip, jogap bermegiňizi haýyş edýärin. Ondan başga-da mende güýçli ereksiýabar. Döl gelmesi barada giñişleýin gürrüň berseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 8421 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.89 (9 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Berjek soragymyň geňräk bolmagy hem mümkindir. Men 3 ýym mundan ozal ýol heläkçiligini başdan geçirdim. Alla şükür, agyran-ynjan ýerim ýok, ýöne şeýle gorkunç waka boldy. Men şu wagtlar hem şol waka meňzeş bir ýagdaýa duş bolanymda, ýüregim birhili bolup gidýär. Bu duýguny nädip beýan etjegimi-de bilemok. Şeýle başdan geçirmäni unutmagyň ýoly barmyka? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4512 gezek okalan

GYZLAR NÄME ÜÇIN ŞEÝLE BOLÝARLAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.61 (23 Ses)

Salam, hormatly lukman! Siziň bize berýän maslahatlaryňyz, ündewleriňiz bize durmuşda uly goltgy we kömek berýär. Biz sizden örän hoşal. Hormatly lukman, meniň size şeýleräk soragym bar: Siziň baş sahypada yerleşdiren "SÖÝGI HYJUWYNY OÝANDYRÝAN SERIŞDELER: AFRODIZIAKLAR." diyen makalaňyzda jynsy gatnaşyga bolan höwesi artdyrýan tebigy önümler barada bellap geçipsiniz. Eýsem bu gök önümler bilen çäklenmän, durmuşda ýaş gyzlaryň dar köýnek geýmek, ýa-da juda inçe okjeli köwüşleri geýmek, ýüz-gözlerini beterinden boýamak ýaly görnüşde bolýalarlar. Bu döwrüň ösüşi bilen bagly zatlarmy ýa-da gyzlaryň özüne çekiji seksuallygy artdyrýarmy? Elbetde, bu bir tarapdan gowy hem bolsa, zyýanly tarapynyň bolmagy hem mümkin. Şu zatlar barada maslahat berseňiz, Sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 11992 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Adam birinji nobatda özi barada aladalanýar. Aslynda biziň hemmämiz-de belli bir derejede egoistdiris. Bu bir instinkt. "Meni" müňlerçe adamyň heläkçilikde aradan çykanlygy baradaky pajygaly habardan, ýüzümde çykan ýekeje düwürtik has uly alada goýup biler. Adamyň edýän pikirleriniň, gurýan hyýallarynyň aglaba böleginde "baş gahryman" hökman onuň özüdir. Sebäbi men durmuşy, ýasaýşy, ähli barlygy, öz barlygymy "özüm" arkaly duýýan ahyry. Şonuň üçin meni menden gowy bilýän ýokdur. Men öz artykmaçlyklarymy hem, kemçiliklerimi hem görýärin. Artykmaç taraplarym özüme bolan ynamymy artdyryp, durmuşda uly üstünliklere iterýän bolsa, kemçiliklerim özüme bolan ynamymy gowşadyp, ýoluma böwet bolýar. Artykmaçlygymy uly iliň ykrar etmegini islesem-de, kemçiliklerimi hiç kimiň bilmegini islämok. Ýöne hakykaty gizläp bolýarmy näme? Iň dogrusy ajy hem bolsa hakykaty aýtmakdyr. Aýtmaga çekinip, böwrüňize sanjy, ýüregiňize ünji bolup duran aladalaryňyzy kalbyňyzda garratmaň! Ýogsam aladalaryň bedenimizde we ruhumyzda toplanan "zäheri" bizi wagtyndan öň heläk etmegi ahmal. Aladalaryňy özüňe iň ýakyn hasaplaýan, dana hem ýürekdes dostuňa ynan! Dostuň ýokmy? Ynha, saňa iň ynamdar dost: www.saglyk.org !!!

Begmyrat Şalyýew, saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4414 gezek okalan

TRAMADOL NÄHILI DERMAN?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.20 (10 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Ady köp eşidilýän tramadol tabletkasy barada düşündiriş beräýseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6702 gezek okalan