
Salam, hormatly Lukman!
Meniň maşgalam 4 adamdan (men, aýalym, 2 sany gyzym) ybarat. Är-aýal ikimiz hem işleýäs. Gyzlarym çagalar bagyna gatnaýar. Şu günki günde howanyň sowuk gelmegi bilen çagalarymyz bilelikde ýa-da yzly-yzyna dümewläp keselleýärler. Şol sebäpden aýalym 1 hepde ýa-da 10 gün çaga seretmek üçin (bolniçnyý) (1 çaga üçin) (bolniçniý töleglimi?) rugsat alýar. Yzyndan beýleki gyzym hem keselleýär, şonuň ýaly ýagdaýda men çaga seretmek üçin bolniçnä çykyp bilýänmi ýa-da aýalym 1 aýyň dowamynda 2 gezek bolniçnyý alyp bilýärmi?
Gepatit A (sarygetirme) keseli bilen kesellände, işleýän ene-ata, çaga seretmek üçin zähmeti ukupsyzlyk haty näçe günlik berilip bilinýär? Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, şo kesel bilen kesellän çaga 3 ýa-da 6 aý berhiz tutmaly, köpçülik ýerine bolmaly däl diýýärler. Şu barada düşündiräýseňiz. Öňünden minnetdarlygymy bildirip, jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan...
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Sizden süýji keseli, onun gandaky hem-de peşewdäki düzümini kadalaşdyrmak üçin ulanmaly dermanlar we derman otlar barada maslahat bermegiňizi haýyş edýärin. Sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Siziň saglygymyza degişli peýdaly maslahatlaryňyz üçin öz minnetdarlygymy bildirýän. Işiňizde üstünlik arzuw edýärin.
Men 23 ýaşymda. Meniň iki ýaňagymda düwürtikleriň yzy galdy. Bu yzlary nädip aýyrmaly ýa-da olar wagtyň geçmegi bilen öz-özünden aýrylarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Dogrum wagtynda ýüze çykýan çaga ölümleriniň sebäpleri barada anyk maglumat bermegiňizi haýyş edýäris. Öz ýakynlarymyzyň biriniň golaýda ekiz çagasy boldy. Bu onuň 2-nji gezekki göwreliligidi. Ol dogrumdan öň 1 aý töweregi paýtagtda ýerleşýän, ýurdumyzda iň bir gowy çaga dogrulýan öýleriň birinde lukmanlaryň gözegçiligi astynda boldy. Göwreliligiň ähli dowamynda-da seredilme kemi galmady. Göwrelilik döwründe özüni oňat duýdy. Lukmanlar tä dogrum wagtyna çenli enäniň we ekizleriň ýagdaýynyň oňatdygyny, kadalydygyny aýdyp geldiler. Emma 9 aýy dolandan soň enäniň özi tarapyndan dogrulan ekizjeleriň ikisi hem öli bolup çykdy. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, ekizler öýkeni açylmandygy sebäpli şeýle bolupdyrlar. Ekizleriň biriniň reňki ap-ak, beýlekisi bolsa gögümtil, agramlary 2 kg -2,2 kg bolupdyr. Ikisi hem gyz çaga eken. Olaryň reňki agynyň dogrum wagtyndan öňräk ölen bolmagy hem mümkin diýdiler. Ýene-de lukmanlar çaganyň "ýoldaşy garrapdyr" hem diýdiler. Garaz, bu waka biz üçin-ä birhili düsnüksiz hem ýürekleri ezdiriji waka boldy. Ene üçin has hem aýylganç bolandygy düsnükli zat. Şu we basga-da özüňize mälim bolan beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar barada düsündiriş bermegiňizi Sizden uly haýyş edýäris.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Men kiçiligimden onanizm bilen meşgullandym. Birnäçe ýyldan soňra bolsa onanizmiň zyýanlydygyny bildim. Onanizm bilen meşgullanýarkam meniň ujydymyň turmasy gitdigiçe peselýärdi we şu wagt jynsy gatnasyk üçin kadaly ýagdaýa gelenok. Zyýanyň ýarsyndan gaýtsaň hem peýda diýip, şu wagt onanizm bilen meşgullanamok. Men indi näme etsem bolarka? Muny öý şertlerinde degişli çäreleri görmäge kömek etmegiňizi haýyö edýärin. Men käwagt erkeklik seksuallygy artdyrýan gerdejikleri ulanýaryn. Şolar zyýanlymyka? Şu soraglaryma jogap berseňiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Doňuz ýagynyň dermanlyk häsiýeti barmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, gadyrly lukman! Öýken keselleri barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz minnetdar bolardyk. Kähalatlarda gyşyň içinde dümewleýän we erbet üsgülewük gurşap alýar. Üsgürenimde gursagym agyrýar. Maňa munuň bronhitdigini aýtdylar. Eger ol şeýle bolsa, bu howplumy? Muny bejerip bolarmy? Näme dermanlary maslahat berýäňiz.
Aşyrhan.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Men sizden gastrit keseli barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman. Meniň mañlaýymda 1 sany 15 tikinlik we 2-3 sany 2-3 tikinlik ýara (şram) bar. Mana muny estetiki operasiýa ýoly bilen düzedip bolýandygyny aýtdylar. Ýaranyñ bolanyna 2,5 ýyl çemesi wagt boldy. Yurdumyzda bu oprasiýany edýärlermika? Ýa-da daşary yurda gitsem gowy bolarmyka? Maňa maglumat berseňiz hoşal bolardym. Sag boluň.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Göwrede çaganyň galandygyny nädip bilmeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka