• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝBAŞY BOZULMASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.12 (17 Ses)

Salam lukman! Men 35 ýaşymda. Iki ýyldan bäri aýbaşy bozulmasyndan ejir çekýärin. Mende başda   spiral bardy. Ýatgydan gan gelme başlanansoň, lukmanlar spiraly aýryp bejergi berdiler. Gan gitme galan ýaly bolsa-da, bu ýagdaý ýene iki aýdan gaýtalandy. Bu gezek ýatgynyň diwarlaryny arassalap gan gitmäni sakladylar. Ondan  soň aýbaşym 6 aýdan gelip, şu ýagdaý ýene gaýtalandy. Aýal lukmany maňa "Gormonal bozulma" kesel kesgidini goýdy. Indi aýbaşym bir aý bolsa, iki aý bolanok. Aýbaşym gelsede ýene köp gan ýitirmeden ejir çekýärin. Maňa maslahat bermegiňizi  haýyş  edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 12385 gezek okalan

ENDAMDAKY DÜWÜRTIKLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Salam lukman! Men 18 ýaşymda. Meniň göwrelilik döwrümde otyrýerimden düwürtikler çykyp, olar häzire çenli hem aýrylanok. Olar gijeýär, gaşasam bolsa ulalýarlar. Men näme etsem bolarka?

Saýtyň okyjysy Ejebaý.

Jogaby oka

  • 6107 gezek okalan

ABORT ZYÝANLYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.45 (11 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 39 ýaşymyň içinde 30 gezege çenli abort etdirdim. Şeýle ýagdaýyň geljekde saglyga täsiri barmyka? Şundan soň sagdyn çaga dogrup bolarmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7589 gezek okalan

AÝBAŞY NÄSAZLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (8 Ses)

Hormatly lukman! Men 24 ýaşyndaky durmuşa çykmadyk gyz. Näme üçindir meniň aýbaşym başlap, eýýäm ikinji aý dowam edýär. Saglyk babatda hiç hili keselim ýok. Agyry-ynjy biynjalyk edenok. Aýbaşym ynha kesiler diýip gezdim. Indi ol kesilmänsoň howsala hem düşýärin. Bu ýagdaý görümden galmanyň alamaty dälmikä? Durmuşa çykmaýan gyzlar näçe ýaşda görümden galyp bilerler?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 8262 gezek okalan

ZYÝANLY DÄLMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (10 Ses)

Siz saýtda ýerleşdirilen bir makalada, aýbaşy döwründe jynsy gatnaşygy geçirme aýal üçin peýdaly diýip belläpsiňiz. Bu gatnaşyk erkek üçin zyýanly dälmikä? Uly adamlar aýbaşy döwründe akýan gandan köp keseller geçip bilýär diýýärler. Yslam dinimiz hem aýbaşy döwri jynsy gatnaşyk etmäge rugsat bermeýär.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6630 gezek okalan

ENDAMDAKY TEGMILLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň endamymda bölek-bölek tegmil emele geldi. Lukmanlar maňa ýod bilen spirti garyp çalmagy maslahat berdiler. Bu näme bolup bilerkä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4583 gezek okalan

JYNSY AGZALAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (20 Ses)

Salam, hormatly lukman! Çagadaky dogabitdi ýeke ýumurtgalyk gelejekde zyýan berip bilermi? Şuňa gaýrat edip, düşündiriş berseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7423 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.13 (8 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men gündelik iş ýerimde boş wagtymyň köplügi sebäpli wagtymy mobil telefonyma güýmenip geçirýärin. Munuň maňa zyýany nähilikä? Günüň dowamynda näçe wagt seretse kadaly bolýar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6040 gezek okalan