• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA SAGLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Üstünlik size ýar bolsun!

Gadyrly lukmanlar, siziň saýtdaky ýazýan peýdaly maslahatlaryňyzy uly höwes bilen okaýaryn. Şeýle saýty döredendigiňiz üçin köp sag boluň. Mähriban lukmanlar, meniň oglum häzir dört ýaşynda. Ol doglanda lukmanlar tarapyndan barlanlarynda çaga hemmetaraplaýyn sag diydiler. Oglum bir ýasap gelýärka azary artansoň, men ony newropatolog lukmanyna barlatdym, kellesini USB etdirdim. Lukmanlar oglumyň çerepnoý dawleniýasy bar diýdiler. Lukmanyň maslahat bermegi bilen men oňa cerepnoýa garşy dermanlary berdim. Berlen dermanlar (diokarb, glisin, asparkam sinnerazin) dermanlaryny ulandym peydasy gowy yetdi. Bu dermalary men oglum üç yaşa cenli yylda bir gezek gaytaladym. Üç  ýaşdan soň ol yatyp turanda: agsam yatyp irden turanda-da, gündiz yatanda-da bir sekuntlyk ýaly gözeri çaşarýar. Men ony lukmana äkidenimde käbir çagaň  gözleri üç ýaşa çenli şeýle  bolýar diýip, kellesini USB etdi-de, yene-de ýokarda agzalan dermanlary yazdy hem-de tok yazdy. Şondan soň oglumyü gözleri gowulanan ýaly hem boldy. Emma soňky döwürlerde gözleri ýene gozgaýar. Gadyrly lukmanlar, oglumyň gözleri näme üçin beýle bolýarka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5296 gezek okalan

GUŞ (TOWUK) ETI WE BERHIZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Guş (towuk) etini biz käwagtlar uly işdamenlik bilen küýseýäris ýa-da köp berhiz tutyan adamlara towuk etinden nahar  iýmekmaslahat berilýär. Golaýda teleýaýlym  arkaly  jüýjänin bary-ýogy 45 günüň icinde 1,5 kg  agramyny artdyryp bazara hödürlenýänligini eşitdim. Şeýle  ýetişdirilen towuklaryň  berhiz üçin ulanmaklyga nähili maslahatyňyz bar?! Mundan başga-da  öý  towuklarynyň  etinden nähili tapawutlanyandyklary barada hem bize maglumat berseniz, sizden hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4222 gezek okalan

DEM ALYŞ ULGAMY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Üsgülewňge garşy gakylyk gopduryjy serişdeler barada gürrüň berseňiz hoşal bolardyk.

                                       Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7025 gezek okalan

NÄÇE ÝAŞDA DURMUŞ GURULSA GOWY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.73 (60 Ses)

 

 

Salam, hormatly lukman! Oglan näçe ýaşda öýlense gowy? Gyz näçe ýaşda durmuşa çyksa gowy? Jemgyýet aýratynlyklaryna görä gyzyň bili gelip baslansoň, ony ýetisen diýip hasaplap, oňa öýlenmek mümkin diýýänler hem bar. Lukmançylykda şu meselelere nähili garalýarka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 22604 gezek okalan

SÜLÜK NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Käbir adamlaryň ganynyň hapalygynda ulanylýan sülük nähili ýaşaýar? Ol nämä esaslanyp özi belli bir ýerden gan sorýar? Ony näçe wagtdan ulanmak bolar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4833 gezek okalan

AŇASTY AŇ NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Salam hormatly lukman! Aňasty aň (подсознание) näme? Onuň nähili häsiýetleri bar?

Saýtyň muşdagy.

Jogaby oka

  • 4300 gezek okalan