
Hormatly lukman! Peşewiň dermanlyk häsiýeti barmy? Ony melhem hökmünde ulanmak mümkinmi (mysal üçin ýarany bitirmekde çaga peşewini ulanmagy maslahat berýänler bar)?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Il arasynda öz golaý garyndaşyna öýlenýänlere gabat gelinýär. Mysal üçin doganoglanyňa, çykanyňa ýa-da daşgynrak garyndaşyňa öýlenmek. Däp-dessur aýratynlyklaryna görä Türkmenistanyň käbir sebitlerinde, obalarynda muňa köp gabat gelinýän ýerleri hem bar. Il içinde şeýle nikalardan doguljak çagalaryň kemli dogulmak ähtimallygynyň ýokarydygyny eşidýäris. Oňa derek ýat ýerden öýlenmegiň, has-da milleti başga bolan gyzlara öýlenmegiň nesliň üçin örän peýdalydygyny, dünýä injek çagalaryň zehinli, sagdyn bolýandyklaryny aýdýarlar. Näme üçin şeýle diýilýärkä? Şular barada giňişleýin düşündiris berseňiz, örän hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Menin dodagym gurap soýulýar. Dodagym ýarylyp, bitenok. Muny nädip bejermeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! "Ujydy ulaltmagyñ çäreleri barmy?" atly makalada ýörite ekstendor abzaly barada örän peýdaly ýazgy ýazypsyñyz. Ýöne ol abzaly nireden satyn alyp bolýar? Aşgabatda satylýan ýeri barmyka? Ujydy ulaldýan her hili dermanlaryñ hem mahabatlandyrmasy internetde köp gabat gelýär. Şolar ýaly dermanlar Aşgabatda dermanhanalarda barmyka? Umuman, men ujydymy ulaltmak isleýän, emma bular ýaly temadan her ýerde gürrüñ edip bolanok. Utanylýar ýa-da aýyp görülýär. Şonuñ üçin hem Sizden sabyrsyzlyk bilen jogaba garaşýaryn. Gaýrat edip ýol salgy beriñ! Siziñ halkyñ saglygy üçin edýän işleriñize uly minnetdarlygymyzy bildirýäris!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Internetde türkmen dilinde şeýle saytyñ barlygy meni gaty begendirdi, guwandyrdy. Köp-köp sag boluñ, işiñiz ilerik!
Meni 59 ýaşyndaky ejem alada goýýar. Aslynda ol sagat ayaldy. Oba ýerinde ýaşaýanymyz üçin iş-alada ýetik bolýar. Ejem şu ýaşyna çenli her hili ýeñil bolmadyk işlerde işläp gördi: mal-gara seretmekmi, olara gyş üçin ot-iým taýynlamak, pagta ýygmak, tikin-çatyn, mellekde ýer depip, ekin-dikin ekmek, suw tutmak, ýüpek gurçuga seretmek... Garaz, gyş-ýaz, sowuk-yssy diýmän, erkek ornunda durup, erkek kişi üçinem yeñil bolmadyk islerde işläp geldi. Munuň daşyndanam 6 çagany ösdürip ýetişdirmek, iýdirmek, geýdirmek, adam etmek... Üstesine durmuşa çykaran gyzlarynyñ hem bagty bolmady. Olaryñ hem derdi-azary häzirem ýetip dur. Onsoñ men-ä jemläp aýtsam, ejemi şu agyr işler, ýeñil bolmadyk durmuş şertleri, ruhy taýdan çeken jebirleri (çagalary, adamsy we beýlekiler sebäpli) halys "çökerdimikä" diýýän. Sebäbi ejemiñ indi 7-8 ýyl bäri üýtgäp duran gan basyşy bar. Ýiti kellagyrysy hem azar berýär. Ýüregi hem agyrýar. Demgysma meñzes üsgülewügi hem bar. Seretdireli diysegem hiç göwnänok. Özem hiç boş oturasy gelenok. Haçan görseň bir zat edip ýör. Etme, otur diýseňem edenok. Lukmandan geçmänem kän bir halap baranok.
Dogrusy bu zatlara ejemem, bizem kaýyl bolup, şükür edip gezip ýördük welin, indi 1 ýyl bäri sag tarapky böwregi azar berýär, öñküleri ýaly gymyldap bilenok. Soñky döwürler hasam beterleşdi. Onsoñ 3 aý mundan öñ Asgabatdan telewizordan geçirdik. Olaram sag böwrekde kista bar diýdiler. Ululygy hem erigiñ sänigi ýaly. Onsoñ birtopar derman, sanjym bellediler. Olaryñ hem hemmesini aldyk. Ýöne haýyr berene meñzänok. Ýene-de sag böwrekde ýiti agyrylar dowam edýär. Näme etmeli? Kista näme? Ony operasiýa arkaly kesip aýryp bolmaýarmy? Ýa bütin sag böwrek zaýalandymyka? Bir böwregi aýyrmaly bolarmyka? Onsoñ bir böwrekli ýasap bolýarmyka? Ejeme diýseñ-ä indi lukmana gitjek däl diýýär, näme bolsa göräýjek diýýär. Meni bolsa alada basýar...
Maslahatyñyza mätäç!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Dostlarymyňbiri doňuz etini iýmekligiňorganizm üçin gaty zyýanlydygyny aýtdy. Bu dogrumy? Doňuz etiniňzyýanly bolmagyna getirýän, onuñ goýun, sygyr ýa-da towuk etinden tapawutlanýan taraplary barmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Jyns gatnaşygynyñ öñüsyrasyndaky mähir-muhabbet işleriniñ zerur gerekdigini bilýäris: ýakymly sözler, mähirli bakyşlar, ýaryñ gujagy, ýakymly sypalamalar, gyzgyn posalar... Eýsem, taraplaryñ islegi boýunça şularyñ içine arassaçylygy berjaý etmek bilen adaty däl jyns gatnaşygynyñ hem goşulmagy kadalymy? Muña seksopotolog lukmanlar nähili garaýarlarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Il arasynda spirtli içgiler, alkogolly önümler (esasan hem arak içgisi) barada dürli zatlar aýdylýar. Kimler aragyñ az mukdarda içilmeginiñ organizm üçin peýdalydygyny nygtasa, başga birleri aragyñ islendik mukdarynyñ içilmeginiñ organizm üçin zyýanlydygyny aýdýarlar. Eýsem bularyñ haýsy biri dogruka (esasan hem arak içgisi babatynda)?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Saýtyñ temasyndan biraz daşlasýan bolmagymam mümkin, ýöne meni ýasaýsyñ döreýsi, dünýä akyl ýetirjek bolmak, durmuşyñ manysy ýaly soraglar öz günüme goýanok. Maña şu pikirlerden ýaña hiç rahatlyk ýok. Men fiziki taýdan sagdyn hem bolsam, psihiki ýagdaýym, içki dünýäm elmydama "uruş-dawadan", "goh-galmagaldan" doly. Akyl ýetirip bolmajak nämälimlikler käwagtlar meniñ göwnüçökgün bolmagyma getirýär, işden-durmuşdan elimi sowadýar. Ýa hemme kişem şeýlemikä? Ruhubelent durmuşda ýaşamak üçin beden saglygym ýeterlik däl ýaly maña. Siziñ maslahatyñyza mätäç!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 2-3 aý bäri irden turan wagtym gägirip başladym. Özüm bolsa gägirmegi hiç halamaýaryn. Munuñ sebäbi nämekä? Ony nädip aýryp bolýar? Men 26 ýaşymda, jynsym erkek, özümi bolsa hemmetaraplaýyn oñat, sagdyn duýýaryn, agyrýan synam ýok, işdäm gowy, sportda kösençlik çekemok, zyýanly endiklerden-çilim çekýärin, ýöne dowamly däl: 1 guty çilim 1 hepdä, 10 güne ýetýär, arasynda 1-2 aýlap asla çilim çekmän hem gezýärin. Alkogolly içgilerden piwo we arak içgisini içýärin, aragy aýda 2-4 gezek dost-ýarlar bilen ýokumly, tagamly naharlaryñ gapdalyndan köp bolmadyk mukdarda içýärin, piwony bolsa diñe tomusda yssy howada käwagt içýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka