• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KRIPTORHIZM WE ÖNELGELILIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Salam hormatly Lukman! Meniň 23 ýaşymyń içinde sag taraplaýyn kriptorhizm sebäpli operasiýa edilip, sag ýumurtgam ýerine düşürildi. Men häzir 32 ýaşymy dolduryp barýan. Öýlenenime 7 ýyl dolup barýar ýöne entegem çaga galanok. Men welaýatymyzdaky lukmanlara barlaga baranymda, olar meniñ dölümde hiç-hili tohumyñ ýokdugyny aýtdylar we bejergi berip başladylar. Men ep-esli wagtlap olaryñ bejergilerini aldym. Olar iñ soñunda bejergini tamamladylar we menden hiç wagt çaga önmejekdigini aýtdylar. Men birnäçe wagtlap gamgyn halda ýaşadym we soñra paýtagtymyza gidip görmegi ýüregime düwdüm. Paýtagtymyzdaky lukman maña bu derdi bejerip bolýandygyny aýtdy we täzeden (öñkä meñzemeýän) bejergi berip başlady. Men ep-esli wagt gatnap bejergi aldym we häzir hem bejergim tamamlananok. Ýöne häzirki wagtda men käbir sebäplere görä bejergi almaga baryp bilemok. Men bu ýagdaýa gaty gynanýan we ilkinji mümkinçilik tapan badyma paýtagtymyza ugrajak. Meniñ sizden sorajak soragym: meniñ ýagdaýymdaky adamyñ sagalyp gitmeginiñ ähtimallygy nähili?

Saýtyň okyjysy, Mätäji.

Jogaby oka

  • 4777 gezek okalan

GÖZÜMIŇ GÖRŞI PESELÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (15 Ses)

Salam lukman! Men göz lukmanynyň barlagyndan soň gözümin görşüniň - 0,5% peselendigini bildim. Bejermek üçin damja ulanýaryn, ýöne ol kän peýda berip baranok. Men ýene önküm ýaly görmek üçin nämeleri etsem gowy bolarka? Äýnek dakynmana utanýaryn. Maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5973 gezek okalan

SAKGALY DOGRY SYRMAGYŇ DÜZGÜNLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (42 Ses)

Salam hormatly lukman! Size ýetginjekler üçin peýdaly boljak maglumatlar barada, yagny ilkinji gezek sakgaly syrmagyň aýratynlyklary, onuň çalt ösmeginiň öňüni alýan we yüzün derisini gorap biljek düzgünler barada gürrün bermeginizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy, Maksat.

Ýetginjeklerde sakgalyň peýda bolmagy hem-de onuň gürlüginiň derejesiniň kesgitlenmegi, köplenç 14 ýaşdan soň ikilenç jyns alamatlarynyň döremegi (goltukasty çukurjykda, gasykda tüýleriň peýda bolmagy, sesiň ýognamagy, myşsalaryň ösmegi we ş.m.) bilen utgaşýandyr. Eger sakgal daşky görnüşiň gelşikligini bozýan bolsa, onda biraz ir syrylyp başlansa hem bolar.

Jogaby oka

  • 8430 gezek okalan

AÝYŇ AŞAGYNDAKY GEZELENÇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (23 Ses)

Salam saýtyň lukmanlary!

Men 15 yaşymda. Mana lunatikler barada aýdyp bermegiňizi haýyş edýärin. Men agşam yatyrkam ýerimden turup ýöreýandigim hakynda öýdäkiler aýdýarlar . Ýöne ertir tursam beyle zatlaryň bolup geçeni ýadyma düşenok. Bu keselmikä?

Onuň zyýanly taraplary barmyka?

Nadip bu zatdan dynyp bolarka?

Mumkin bolsa maslahat bermegiňizi haýyş edyärin. Sag boluň.

Saýtyň okyjysy, Abdulla.

Jogaby oka

  • 5511 gezek okalan

OBLEPIHA ÝAGYNYŇ PEÝDASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

Salam saytyn lukmanlary! "Оblepiha ýagy" diýilýan ýagyn nahili peýdaly taraplary barka? Onun gyzylödekde dörän eroziya hem peýdasy barmyka? Şu soragymyza jogap berseňiz sizden gaty hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy, Abdulla.

Jogaby oka

  • 4281 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Hormatly lukman! Aýal maşgala çagany dogrup bilmedik ýagdaýynda kesar kesimi operasiýasy geçirilýär. Şeýle operasiýadan soň aýal maşgala nace gezek göwreli bolmak rugsat berilyär? Meni ýene bir sorag gyzyklandyrýar: eger ýatgyň agzy iki bolsa zyyany barmyka we bu lukmançylykda bolýan zatmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5702 gezek okalan