• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Stenokordiýa we güýçli miokardiýa bilen keselli gyz maşgalalar çaga dogurmaga ukyplymy? Bu gelejekde olar üçin howply bolmazmy?  Şu barada kyn görmän, doly düşündiriş berseňiz minnetdar bolardyk.  Operasiýa edilen ýagdaýlardan soň hem biynjalyk edýän ýagdaýy-da, bejergi alýan ýagdaýy-da göz öňüne tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5525 gezek okalan

JYNSY GATNAŞYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (108 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men ýaňy-ýakynda öýlendim, ýöne näme üçindir diňe bir sapar gatnaşyk bolýar, yzygider bolanok. Gelniň islegini nädip kanagatlandyrsa bolar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 25729 gezek okalan

ÇAGANY GUNDAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Salam, saýtyň agzalary we işjeň lukmanlary!
Men ýaňy-ýakynda kaka boldum (2 hepde boldy). Türkmençilikde çagany çekip gundamak diýip bir zat bar. Şonuň peýdasy ýa-da zyýany barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi gyzymyz käwagt aglanda gundagy çözülen ýagdaýynda  aglamasyny goýýar. Gundalsa, ýene-de aglap başlaýar. Eýsem çaga gundagdan bimaza bolýarmyka? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6020 gezek okalan

GÖZÜME NÄHILI BEJERGI ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň gözüm m-3%, h+1. Men operasiýa etdirmezden bejergi alyp bilerinmi? Men doglamda agyr bolupdyryn. Nädip bejergi alyp bolarka?  Maslahat bermegiňizi haýyş etýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4871 gezek okalan

ETI KÖP IÝMEKLIK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

Salam, hormatly lukman! Öýde, toýlarda etli naharlary iýmegi halaýan, olara bolan işdämem uly. Il arasynda "eti köp iýseň, basym gararsyň" diýip aýdýarlar. Dogrudan-da, eti köp iýmek zyýanlymyka? Şu barada giňişleýin jogap berseňiz, hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5201 gezek okalan

MIOMA NAME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Mioma näme? Mioma barada giňişleýin düşündirseňiz, minnetdar bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6517 gezek okalan