• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (9 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men 8 aýlyk göwreli gelin. Birki hepde mundan öñ meniñ sag budumyñ damary tokga-tokga düwün-düwün bolup çisip başlady. Dyzymyñ üsti hem bildirip dur. Munuñ sebäbi näme? Bu nädip bolýar we men näme etmeli? Damaryñ çismesi meniñ üçin zyýanlymyka? Hiç hili agyrysy bolmansoñ, göwrelilikden soñ öz-özi hem aýrylar diýip gezip ýörün men-ä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 9862 gezek okalan

IÇ GATAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Meniň gyz doganymyň içi gataýar, onuň uly täredi kynlyk bilen bolýar. Doganym şeýle bir gaharjaň welin, sähel zada tiz gaharlanýar. Onuň işdäsi gowy, ýöne igi erbet gataýar. Ol içsürüji dermanlary köp içýär. Doganymyň içi nämeden gataýarka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5865 gezek okalan

ILKINJI GIJE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (405 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men öz gelnimin saglygy barada alada edenim üçin şeýleräk sorag beresim gelýär. İlkinji gije gyzlyk perde ýyrtylandan soň jynsy gatnaşygyň ýygylygy nähili bolmalyka? Eger jynsy gatnaşykdan saklanmaly bolsa, wagty näçeräk bolmaly? Ýara bolup bilermi? Şu barada ginişleýin maglumat berseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 127124 gezek okalan

MUMYÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Mumyýa haýsy ýagdaýlarda we nädip ulanylýar? Şular barada maglumat berseňiz hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4409 gezek okalan

BEZZAT ÇAGA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (16 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Biziň çagalarymyz (biri 2 ýaşynda, biri 5 ýaşynda, biri hem 7 ýaşynda) gaty bezzat, garagol. Hiçimiziň diýenini edenoklar. Bularyň terbiýesine nähiliräk çemeleşsek gowy bolarka? Umuman, çaga terbiýesi barada peýdaly maglumatlar berseňiz, örän hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Çaga terbiýesiniň soraglary barada Size has peýdaly maglumatlary lukmanlar däl-de, tejribeli mugallymlar, çaga psihologlary berip biler diýip pikir edýärin.

Çaga terbiýesi inçeden çylşyrymly, wagty, takatlygy, hemişe gözlegde bolmagy talap edýändir. Bu meselede her adamynyň öz durmuş, maşgala tejribesine esaslanan pikiri bolup biler.

Oňa garamazdan, çaga terbiýesiniň esaslary barada käbir maglumatlary bermäge synanyşyk edeliň:

Jogaby oka

  • 5686 gezek okalan

DEŇIZ TÜWÜSI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

 

Salam Lukman! Meni deňiz tüwüsi gyzyklandyrýar. Şol hakynda giňişleýin maglumat bermegiňizi haýyş edýärin. Ol halkyň arasynda giňden ulanylýar, hakykatdan hem, onuň saglyga peýdasy barmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4911 gezek okalan

IÇIMIŇ HAS KÖP ÝELLENMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

 

Salam, lukman! Meniň berjek soragym birza gödegräk. Dogrymy aýtsam, gňnüden-göni lukmana ýüz tutmaga utanýan. Meniň içim adatdan köp ýellenýär, içimiň ýelini goýbermesem, garnym çişip durýar. Munuň sebäbi nämekä? Bejergisi barmyka ýa-da bu tebigy zatmyka? Kömek edip, gerekli maslahatlary berseňiz, şu saýt üçin zähmet çekýänlerden razy bolardym. Jogabyňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4762 gezek okalan