• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEKSUAL GATNAŞYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (15 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men hemişe aýalym bilen düşekde bolamda, 1-nji saparym örän çalt gelýär. 2-nji saparym bolsa wagty bilen bolanok, 1 sagatdan soň bolýar. Meniň seksual işjeňligim adatymy ýa nähili? Eger adaty bolmasa, men näme etmeli? 2-nji sapar bahym turar yaly näme etmeli? Men 24 ýaşymda.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 9929 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (7 Ses)

 

Salam, eziz lukman! Meniň ujydymyň işjeňligi peseldi. Men öňem birnäçe gezek androlog lukmanyndan bejergi aldym. Bejergiden soňra gowulaşan ýaly bolýar-da,ýene-de beterleýär. Ozal sowukda gasygym agyrýardy, lukmana aýtsam, erkeklik mäzi sowuklapdyr diýdi. Indi sowuk bolsa-da, agyranok, ujydymyň dikelmesi kynlaşdy, gyjynmamam peseldi. Bu impotensiýanyň alamatymyka?

Merdan.

Jogaby oka

  • 6414 gezek okalan

E WITAMINI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

 

Salam, hormatly saýtyň lukmanlary! Men E witamini hakynda bilmek isleýän. Bu barada käbir maglumatlary berip bilmersiňizmi? Bu witamin nirede duşýar (ösümlikler, iýmit)? Nähili peýdalanylýar? Nähili ýagdaýlarda ulanylýar? Onuň nähili peýdaly häsiýetleri bar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4556 gezek okalan

JANYŇA KAST ETMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (13 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Adam nädip öz janyna kast edip bilýär? Muny näme üçin edýär?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5345 gezek okalan

ÝÜZÄRLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (11 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Ýüzärlik barada maglumat beräýseñiz, hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 9276 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.50 (2 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Eger adam (erkek adamlar hem) ýüzüniň tüýlerini ütse, nähili täsir edýär? Tüýleriň ütülmegi adamyň ýatkeşligine täsir edýärmi? Adamyň ýady nähili ýagdaýlarda peselip biler? Ýatkeşligi ýokarlandyryp bolýarmy? Şu soraglaryma jogap berseňiz, hoşl bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5361 gezek okalan

NÄME ÜÇIN BEÝLE BOLÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Salam. Hormatly lukman! Men saýtyň masturbasiýa diýen temasyny okamda şeýle sorag ýüze çykdy: garşy jynsdan bolanlar biri-birini görenlerinde, jyns gatnaşygyna bolan höweslerini beýan etmän, özbaşdak masturbasiýa edýär. Şeýle ýagdaýlarda garşydaş jynsdan bolanyň seni isleýändigini özi aýtmasa-da, onuň daşky görnüşinden muny aňyp bolýarmyka? Sebäbi garşydaş jynsdan bolan öz islegi barada aýtmaga çekinip, ömrüni armanly geçirmegi hem mümkin. Şular barada maslahat berseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5642 gezek okalan

ÝETGINJEKLIK DÜWÜRTIKLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.24 (33 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 17 ýaşymda, 3 ýyl bäri hem öz ýüzümdäki düwürtikleriden ejir çekýän. Bu düwürtikler ýüzümiň tekizligine, gelşigine, ýüzümiň derisine uly zyýan ýetirýär. Köp adamlar bu düwürtikleriň ulalamsoň öz-özünden aýrylar diýip aýdýarlar. Ýöne men ulalýançam il içinde şeýle halda gezesim gelenok. Düwürtikleri aýyrmak üçin haýsydyr bir kremler, sabyn ýa-da kosmetiki usullar barmyka? Tebipçilik usullaryny maslahat bermezligiňizi haýyş edýärin. Olaryň peýdaly bolmagy hem mümkin, ýöne men olary hiç ulanyp göremok, sebäbi olar maňa örän amatsyz bolup görünýär. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

ÝÜZDÄKI   DÜWÜRTIKLER:  SEBÄPLERI   WE   BEJERGI   ÇÄRELERI

Düwürtikler – bu diňe bir ýetginjeklik döwrüniň kynçylygy däldir. Ýüzümizde peýda bolan ýa-da köpelip barýan dürli görnüşli düwürtikleri aýnada görüp biz lapymyzy keç edýäris.

Jogaby oka

  • 9893 gezek okalan

GASTRIT NAME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (5 Ses)

 

 

Salam, hormatly lukman! Adam gastrit keseline nädip duçar bolýar? Bu kesel nesil yzarlaýarmy? Ony nädip bejerip bolýar? Ir döwürler adamlar gawun bilen bejerýän ekenler. Muña nähili garaýañyz?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4820 gezek okalan

ARY BALY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.27 (11 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Ary balynyň peýdasy barmyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7420 gezek okalan