Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Meniñ birden bir ayagym, topugymdan aşagy çişip başlady,köwşe sygman, soñ ayagymyñ aşagy bilen çişip başlady, rentgen etdirdim, döwlen, çykan ýeri ýok diýdiler, süñki doly sagdyn diýdiler. Ultrases barlagyny etdirdim, damarlary sowuklamandyr diýdiler. Analizlerimi doly tabşyrdym, ganda we peşewde uremiyanyñ alamatlary bar diýdi, emma çäresini tapyp berip bilmediler, analizlerimi 4 gezek tabşyrdym, köp lukmana göründim: trawmotolog, urolog, kardiolog, terapewt, kardiorewmotolog, terapewt – emma hiçişi belli bir diagnoz goýup berip bilenoklar. Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Salam, hormatly Lukman! Men 21 ýaşymda we muňa garamazdan men öz deň-duş dostlarymyň arasynda iň hor görünýäni. Men bu mesele boýunça ozal birnäçe maslahat alypdym, witamin ýetmezçilik bar diýipdiler, alýan witaminlerim maňa kömek etmeýär. Belki, mende witamin ýetmezçilik däldir, biziň maşgalamyzda diňe men hor. Men ozallar kän alada etýärdim, sebäbi işim gaty jogapkärlidi. Ýöne indi beýle-de däl, arkaýyn işleýän, ýone şonda-da men hor. Şu babatda Sizden geljek maslahata garaşýan. Öňünden sagbolsun aýdýarys.
Salam, hormatly Lukman! Men 22 ýaşymda. Men kitap okamagy halaýaryn, ýöne gözlerime aşa köp agram salmakdan gorkýaryn. Gözlere nähili maşk etmelidigini hem-de gözüň aşagynda ýygyrt bolmazlygy üçin nämeler etmelidigini maslahat berseňiz minnetdar bolardym.
Salam! Men ilki bilen size şeýle mümkinçiligi döredeniňiz üçin köp SAGBOLSUN aýdýaryn. Meni näme üçin tiz ýadaýanlygym örän gyzyklandyrýar. Munuň sebäbi nämekä? Öňüni alyş çäreleri barmyka?
Salam, Lukman! Men 21 ýaşymda, jynsym erkek. Geçen hepde peşewimi barlamhana tabşyrdym. Barlagyň netijesinde peşewimde Kristal duzlar bar diýdiler. Eýsem kadada peşewde Kristal duzlar bolmalymy? Kristal duzlar haýsy kesellerde bolýar? Buşuganymda käwagt (köplenç irden) peşewim goýy çal reňkde bolýar. Böwreklerimde, jyns agzalarymda hiç hili agryry ýok.Bu nämäniň alamytyka? Sebäbini aýdyňlaşdyryp berseňiz, Size örän minnetdar bolardym.
Salam, lukman! Meniň bir ýaşynda çagam bar. Men ikinji çaga edinmek isleýän. Birinji çaga bilen ikinji çaganyň arasy näçeräk bolsa gowy bolýar? Bu barada maslahat berseňiz sizden hoşal bolardyk.
Salam, hormatly Lukman! Belok maddasy hakda şu aşakdaky soraglaryma jogap berseňiz, örän hoşal bolardym:
Adam bir gije-gündiziň dowamynda näçe mukdarda belok kabul etmeli?
Adam bedeninde belok ýetmezçilik edende nähili kynçylyklar döräp biler?
Ösümlik we mal belogynyň arasynda näme tapawut bar? Adam mal belogyny kabul etmezden, diňe ösümlik belogy bilen ýaşap bilermi?
Eger bedende mal belogy ýetmezçilik etse ýa-da iýmitiň düzüminde mal belogy uzak wagtlap ýa-da asla bolmasa, iýmit bilen kabul edilen ösümlik belogy bedenimizde mal belogyna öwrülip bilýärmi?
Bedeniň beloga bolan mätäçligini lukmançylykda ýörite taýýarlanýan belok içgileri ýa-da gerdejikleri bilen kanagatlandyryp bolýarmy? Eger bu mümkin bolsa, şeýle içginiň ýa-da gerdejikleriň ady näme? Olary nireden tapyp bolýar? Olaryň zyýany we peýdasy nähili? Umuman, belok barada giňişleýin gürrüň berseňiz, minnetdar bolardym.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.