
Salam, lukmanlar! Meniň ýakynda ikinji çagam dünýä indi. Her gezek çagam iki aýlyk bolanda, süýdüm keselýär. Munuň sebäbi nämekä? Gerekli maslahat berseňiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men golaýda garamyk keseli bilen keselledim. Şonda bedenimiñ ähli ýerinden ýaralar çykdy. Onsoñ ähli yerime göwheriñ ýaşyl erginini çaldym. Ondan soñ bolsa "sigmaderm" melhemini çaldym. Şondan son ýüzümdäkiler aýrylşyp başlady. Ýöne ýüzümde we bedenimiñ käbir ýerlerinde yzlar galdy. Şol yzlary nädip aýryp bolarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 17 ýaşymda, meniñ ýüzüm gaty ýagly, şonuñ üçin hem ýüzùmde düwùrtikler bar, has erbedem olaryñ yzlary çukurçuk bolup dur. Şolary nädip aýryp bolar? Şeýle hem ýùzùñi duzly suwa ýuwsañ ýagyny aýyrýar diýip eşitdim. Şol dogrumyka? Eger maslahat berseñiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Meniň öýlenenime 4 aý boldy, ýöne heniz çaga galanok. Çep ýumurtgamda warikosel bar, döränine 2 ýyl boldy. Munuň çaga galmazlygyna täsiri barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Administrator!
Men siziň sahypaňyza makala ýazyp iberesim gelýär. Eger mümkin bolsa, şonuň ýoluny salgy beräýiň. Meniň bilen habarlaşmak üçin şu nomerlere jaň edäýiň, ##-##-##, 80063 ##-##-##.
Saýtyň okyjysy G*****, galamgär.
Jogaby oka

Salam! Meniñ gyz doganym 21 ýaşynda. Ol aybaşy döwründe başaylanma, yürekbulanma bilen başlanyan yiti agyryny başdan geçirýär. Heniz lukmana ýüz tutup görenok. Soňky 2 aý yagdaýy has-da beterleýär Myşsa nasogin, dimedrol sanjym edilse agyry aýrylyar. Indiki aý ýene öňki ýagdaýy. Güýçli agyrynyñ sebäbi näme? Ýa bu şeýle bolmalymyka? Munuň bejergisi yokmuka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Uly adamda, käwagt ýaş çagalarda-da wagtal-wagtal synçgylawuk bolyar. Şonuň sebäbi nämekä? Ondan nädip gutulyp bolýar? Şeýle-de asgyrmaklygyň sebäbi barada hem gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Ýüzdäki ýakaly nädip aýyrmaly? Maslahat berseñiz, hoşal bolardym.
Merwli.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Nahar wagtynda, naharyň ýanyndan çaý, kähalatlarda bolsa kisel içilýän wagtlary bolýar. Kiseli her gün içmek erkegiň/zenanyň jynsy islegini peseldip bilermikä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman aga! Men yasydabanlykdan nädip dynyp bilerin? Gayrat edip, şu barada bir maslahat beräyiň!
Hormat bilen, saýtyň okyjysy.
Jogaby oka