Biziň günlerimize çenli ýetip gelen sünnet etmek däbi öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Taryhçylaryň bellemegine görä, käbir gadymy halklarda sünnet däbi adat bolup, "bütin zady halas etmek üçin, belli bir bölegini gazaply we rehimsiz hudaýlara bagyş etmek maksady bilen, çaganyň janyny halas etmek üçin ony sünnet etmelidir. Ol Hudaý ýoluna aýdylan haýyr-zekatdyr" diýip düşündirilipdir. Sünnet etmek köp halklarda duş gelýär. Gerodot şeýle ýazýar: "Ýer ýüzünde diňe üç halk özüne sünnet edýändir: kolhlar, müsürliler we efiopiýalylar. Palestinada ýaşaýan siriýalylaryň aýtmagyna görä, olar bu adaty müsürlilerden alypdyrlar. Parfeniý derýasynyň ýakasynda ýaşaýan siriýalylar we olaryň goňşusy makronlar hem sünnet etmegi müsürlilerden öwrenendiklerini belleýärler. Müsürlileriň we efiopiýalylaryň sünnet etmegi nireden kabul edenligini aýdyp biljek däl. Bu adatyň örän gadymy bolmagy ähtimal".
Dowamy
Hünärmenler agyz boşlugy barada oňat alada etmek üçin diňe diş pastasy ýeterlik däl diýip hasaplaýarlar. Goşmaça serişde hökmünde "stomatologiýa kosmetikasyny" hem ulanmak maslahat berilýär. Bu serişdelere diş eliksirleri we agyz boşlugyny çaýkamaga niýetlenen ýörite suwuklyklar degişlidir. Maglumatlary derňeýän gullugynyň bellemigine görä, uly ýaşly adamlaryň 35%-i bu serişderleri yzygiderli ulanýar.
Bu çaýkalýan serişdeler dükanlaryň we dermanhanalaryň köpüsinde satylýar. Olaryň görnüşleri şeýle bir köp welin, alyjy haýsysyny saýlajagyny bilmän, ilkibada aljyraýar. Çaýkalýan serişderleriň reňki, täsin gaplary "meni satyn al" diýýän ýaly, alyjyny özüne çekýär. Ýöne çaýkalýan serişderleriň gabyna ýa-da reňkine üns bermäň-de, olaryň düzüminiň hiline üns beriň. Haýsydyr bir çaýkalýan serişdäni satyn almazdan öň, onuň düzümindäki maddalaryň sanawyny ünsli okaň.
Dowamy

Atgulak – iň gadymy derman otlarynyň biri. Onuň mundan 3000 ýyl ozal Hytaý lukmançylygynda ulanylandygy barada maglumatlar bar. Gadymy grekler we rimliler hem atgulagyň tohumyny içgeçmelerde, aşgazanyň, içegäniň sowuklama kesellerinde şypa berýändigini bilipdirler. Gippokrat, Galen ýaly gadymýetiň meşhur lukmanlary hem atgulagy ulanypdyrlar. Lukman Hekim (Awisenna) dürli ýaralary bitirmekde atgulagyň örän peýdalydygyny belläpdir. Ol atgulagyň ýapraklaryny ýara bitiriji we gan akmalary togtadýan serişde hökmünde ulanypdyr.
Halk içinde atgulagyň ýara bitiriji häsiýeti barada şeýle rowaýat bar:
Dowamy
Häzirki zaman jemgyýetinde irki, islenilmedik ýetginjeklik göwreliligi köp duş gelýän hadysa öwrüldi. Ýetginjegiň özi we maşgalasy üçin duýdansyz, pajygaly, alaçsyz bolup görünýän bu ýagdaýyň döremeginiň aňarsynda, medisina we terbiýeçilik jähtinden çözülmeli meseleleriň ýatanlygyny bellemelidir.
Her ýyl dünýäde 13-17 ýaş aralygyndaky gyzlaryň 5-10%-i göwreliligi başdan geçiryärler.
Ýetginjeklik göwreliligi ABŞ-da has hem ýygy duş gelýär – 1 mün. ýetginjek gyzlara 114 sany göwrelilik ýagdaýy duşýar. Bu görkeziji Niderlandiýada pesdir – 1 mün. gyza 10 göwrelilik ýagdaýy duş gelýändir.
Dowamy
Ösüşiň hemme taraplaryny öz içine alýan, hil taýdan üýtgemeler bu döwrüň esasy aýratynlygy bolup durýandyr. Bedeniň anatomki we fiziologiki üýtgemeleriniň aňyrsynda psihologiki özgermeleriň çylşyrymly utgaşmasy ýatýandyr. Şu gezeklikçe, biz ýetginjeklik döwründe başlanýan fiziologiki üýtgeşmelerden söz açarys.
Pubertat (latyn. pubescere - gyl bilen örtülmek) – bu termini irki ýetginjeklik döwründe ýüze çykýan fiziologiki üýtgemeleri atlandyrmak üçin ulanýarlar. Şol özgermelerden ugur alsaň, bu döwür gyzlarda 11-14,5 ýaş, oglanlarda 13-16 ýaş aralygynda başlanýandyr. Günbatar medeniýetinde çagalykdan ululyga geçmek döwri 12-20 ýaş aralygy öz içine alýandyr.
Dowamy
Biziň döwrümiziň teleýaýlymlary diş pastasynyň köpdürli görnüşlerini giňden mahabatlandyrýarlar. Mahabatlandyrylýan diş pastasynyň hemmesini alasyň gelýär. Eýsem diş pastasyny nähili saýlamaly?
Dermanhanalaryň we dükanlaryň tekjelerinde diş pastasynyň islendik görnüşini: derman otlary, ary mumunyň, hatda agaç kömri goşulanyny hem tapmak mümkin.
Diş pastasyny öndürijileriň biri köp sagatlyk goragy, başga biri dişleri göz ýumup-açasy salymda agartmagy, ýene biri agyz boşlugynyň ýaramaz ysyny aýyrmagy wada berýär. Eýsem hut size ýaraýan diş pastasyny nähili saýlamaly?
Dowamy
"Gül ýüzüni ol kylsa piş, aý-gün ondan uýalar,
Bag içine girse, meger, şuglasyndan gül solar"
Magtymguly
Islendik halkyň edebiýatynda zenan ýüzüniň görki, onuň nuranalygy giňden wasp edilýär. Dogrudan-da, zenan ýüzüniň görki muňa mynasypdyr. Emma, gynansak-da, wagtyň geçmegi bilen, ýaşyň ötüşip başlamagy bilen, zenan ýüzüniň derisi öz ýylmanaklygyny, terligini ýitirip başlaýar. Ýüzüň derisiniň terligini, çeýeligini mümkin boldugyndan uzak saklamak üçin, hünärmenler şu aşakdaky ýapgylary ulanmagy maslahat berýärler.
Dowamy

Adamyň daş keşbine serenjam bermekde giňden ulanylýan serişdeleriň biri-de şampunlardyr. Adamlaryň hemmesi jynsyna we ýaşyna garamazdan, saçlaryny şampuna ýuwýarlar. Eýsem biz şampunlary dogry saýlamagy başarýarmykak?
Bu arassaçylyk serişdesini saýlamakda nämelerden ugur almaly? Giňden mahabatlandyrylýan şampuny almalymy ýa-da bahasy gymmat bolanymy? Belki, owadan gutusyna, ýakymly ysyna, goýulygyna, göze ýaramly reňkine üns berip saýlamalydyr? Ýa-da şampunyň köpürjikleme derejesine üns bermelimikä? Aslynda welin bu görkezijileriň biri-de şampunyň ulanyjylyk häsiýetleriniň ýokary hilli bolmagyny kepillendirmeýän eken.
Dowamy
Dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriň arasynda iň giňden ulanylýanlaryň biri-de çopantelpekdir. Çopantelpek çaýy örän belli bolany sepäpli, ony dükanlarda-da, dermanhanalarda-da satyn almak mümkin.
Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlykda, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda ulanylýar. Bu derman oty rahatlandyryjy häsiyete eye bolup, kiçi çagalar üçin, uzak wagtlap dartgynly emosional ýagdaýda bolanlar üçin hem peýdalydyr. Çopantelpek iň howpsuz derman ösümlikleriň biridir.
Dowamy
Ählimize belli bolşy ýaly, uky sagdynlygyň , şähdaçyklygyň we görmegeýligiň çeşmesidir.
Uky adam beýnisiniň sagdyn işi üçin hem wajypdyr. Ol rahat bolmalydyr. Munuň üçin biynjalyk ukynyň peýdasy ýokdur. Adamyň beýnisi dartgynly bolýar, dynç alyp bilmeýär. Biz bolsa özümizi ýadaw, asla ýatmadyk ýaly duýýarys.
Adamlaryň köpüsi ukusyzlykdan zeýrenýärler, uky dermanlaryny ulanýarlar. Derman serişdeleri az-kem haýyr edýärler. Emma olara öwrenişilse, olaryň täsiri peselýär, uky biynjalyk bolýar.
Dowamy