Suw! Bu tebigy baýlygy hemme halklar ýaşaýşyň gözbaşy diýip hasap edýärler. Suw bizi hemmetaraplaýyn gurşap alýar: ol biziň dem alýan howamyzda, bedenimiziň öýjüklerinde, ganymyzda bar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýylyň 22-nji mart senesini Bütindünýä Suw güni diýip yglan etdi. Şu mynasybetli biz suwuň bedene şypa beriji häsiýetleri barada Size gürrüň bermegi makul bildik.
Suwuň şypa beriji häsiýetleri bize gadym döwürlerden bäri bellidir. Hemmelere belli grek lukmany Gippokrat çeşme suwuny içmegiň we oňa suwa düşmegiň bejeriş häsiýete eýedigini subut etdi. Gidroterapiýa (suw bilen bejermek) iň gadymy bejeriş usullarynyň biri hasaplanylýar. Rim we türk hökümdarlygy döwründe adamlar suw bilen garahassalyk ýaly keselleri, dürli çişleri bejerip bolýandygyna ynanýardylar. Gidroterapiýany esaslandyryjy diýip belli nemes lukmany Sebastýan Kneýp hasaplanylýar. Ol Gadymy Müsüriň, Gresiýanyň, Rimiň we Hindistanyň tebipleriniň ulanan gidroterapiýasyny bedeni türgenleşdirmegiň we taplamagyň ulgamyna öwürdi.
Dowamy
Erkegi we aýaly näme birleşdirýär? Olar näme üçin bir-birinden aýra ýaşap bilmeýärkä? Mümkin, munuň sebäbi olaryň garşylykly jynsa degişliligindedir. Erkekleriň we aýallaryň arasynda gatnaşyklar dürli häsiýete eýe bolup bilýär. Olar dostlukly, mähirli gatnaşyklarda bolup bilýärler. Emma erkek bilen aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyklaryň eýeleýän orny örän uludyr. Erkek we aýal bir-biri bilen ýakynlaşyp, ajaýyp fiziki we emosional taýdan lezzet alýarlar. Jyns gatnaşygynyň dowamynda erkek kişi diňe özi barada, öz islegini kanagatlandyrmak barada pikir etmän, öz söýgüli zenanyny hem kanagatlandyrsa, onda seksual gatnaşyklar belli bir kämillik derejä mynasyp bolýar. Şeýle ýagdaýlarda erkegem, aýalam bu ajaýyp söýgi pursatlarynyň dowam etmegini isleýärler. Elbetde, bu hereket ikitaraplaýyn bolmalydyr.
Dowamy
Ýaz pasly köp adamlar üçin täze umytlaryň, özgerişlikleriň döwri. Gyşyň gutarmagy bilen tebigat janlanyp, durmuş ajaýyp görünýär. Emma paslyň çalyşmagy hemmelere oňaýly täsir etmeýär. Ýaz depressiýasyny başdan geçirenler onuň gelmegine örän ätiýaçlyk bilen garaşýar. Göräýmäge gün şöhlesi zemine siňip, toprak janlanýar, baglar ýaşyl lybasyna bürenip, töwerek-daşyňy gül-gülzarlyga bezeýär. Emma siz tebigatyň ajaýyp durkuna guwanyp ondan lezzet alasyňyz gelenok. Hemişelik ýadawlyk dynç gününden soňam aýrylmaýar, mydam gözüň ukuda ýa-da tersine gijelerine ukusyzlyk heläk edip, ýaltalyk durmuşyňyzda höküm sürüp ugraýar, ýaşaýşyň gyzygy gaçýar, ýüregiňize howsala düşüp, keýpiňiz her pursat üýtgäp dur. Üstesine gaharjaňlyk, bihuşlyk, çakyza tutmak, beden etinde, bogunlarda agyrylar, gowşaklyk ýüze çykyp başlaýar – bularyň ählisi ýaz depressiýasynyň alamatlarydyr.
Dowamy
Zenanlar hemişe özlerine timar bermegi, owadan egin-eşikleri geýmegi, gymmatbahaly bezegleri dakynmagy halaýarlar. Emma gynansak-da ýaş "gidip barýar". Wagt geçýär, ýaşymyz ulalýar. Elbetde, tebigy taýdan bu hökmany bolmaly hadysalaryň biridir. Ýöne adamyň bedeni garrasa-da, onuň göwni garramaýar. Zenan maşgala bolsa öz gözelligini has uzak saklamak isleýär. Hiç bir zada aňsatlyk bilen ynanmaýan adamlar ýaşarmagyň mümkindigine müňkür bolýarlar. Ýöne biz şonda-da ýaşy 45-e ýetip, 25-30 ýaşly zenanlar ýaly görmegeý we ýaş görünmek isleýänlere bu babatda birnäçe peýdaly maslahat bermegi makul bildik.
Dowamy
Dünýä inen çaga ulalyp, kämilleşip başlaýar. Enäniň öňünde bolsa onuň saglygy we ösüşi bilen bagly dürli soraglar ýüze çykýar. Ýaş ene-atalar çagasynyň durmuşynda ilkinji gezek bolup geçýän zatlaryň ählisini uly waka hökmünde kabul edýärler. Olaryň biri hem ilkinji dişleriň peýda bolmagydyr.
Çaganyň geljekki dişleri ol ýaňy enesiniň göwresinde galandan soň, ilkinji üç aýlygynda kemala gelýär. Şol sebäpli bu döwürde enäniň iýmit üsti bilen kabul eden maddalary, göwrelilik döwründe geçiren keselleri we kabul eden derman serişdeleri dişleriň dogry, sagdyn ösmegine täsir edýär. Doglan çaga 6-7 aýlyk bolandan soň, onuň ilkinji dişleri çykyp ugraýar. Belli bolşy ýaly, süýt dişleri çykanda körpelerde birnäçe ýaramaz ýagdaýlar ýüze çykýar: iýmit siňdirişi bozulýar, içi geçýär, gyzgyny galyp biynjalyk bolýar. Lukmanlar şeýle bozulmalar çaganyň bedeniniň bu döwürde kesele garşy durnuklylygynyň peselmegi sebäpli döreýär diýip hasaplaýarlar. Emele gelen kynçylyklara hötde gelmek üçin, käbir ýörelgeleri bilmek peýdalydyr.
Dowamy
Uzak wagtyň dowamynda urolog-seksolog lukmanlary jynsy işjeňligi bozulan erkek adamlaryň ýagdaýyny "impotensiýa" (jynsy gowşaklyk) düşünjesi bilen atlandyrdylar. Ýöne bu söz erkek adamyň jynsy gatnaşyklarynda duş gelýän hemme kynçylyklaryny öz içine alyp bilmeýärdi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda "erektiw disfunksiýa" düşünjesi giňden ulanylyp, ol jynsy gatnaşyklary düzüji faktorlaryň islendiginiň bozulmalaryny aňladyp bilýändir.
Dowamy
Diş eti sagdyn bolmasa dişler sagdyn bolup bilermi? Ýok! Sebäbi hut diş eti dişleriň köküniň dolagy bolup durýar, onuň nemli bardasy bolsa goraýjy faktorlary işläp çykarmak bilen, hemişe agyz boşlugyny kesel dörediji mikroblardan gorap durýar. Uzaga çekýän diş etiniň keselleri syrkawlarda agyryny döredip, agzyndan ýakymsyz ysyň gelmegine we netijede dişiniň gaçmagyna eltýär. Diş etiniň keselleriniň içinde iň köp duş gelýäni parodontoz keselidir.
Parodontoz – dişleriň iýmitlenmeginiň bozulma(distrofiki) keseli bolup, äňiň we parodontyň (diş köküni gurşap alýan dokuma) süňk dokumasyna şikes ýetirýär. Ol dokumalaryň iýmitlenmeginiň, gan bilen üpjün edilmeginiň, mineral alyş-çalşyň we ýok bolan öýjükleri ýaňadan dikeltmek ukybynyň (regenerasiýasynyň) bozulmagyna eltýär.
Dowamy
Garrylyk adam ömrüniň bir döwrüdir. Adamyň ýaşy ulaldygyça, garrylyk hem şoňa görä ýakynlaşýar. Elbetde bu biologiki prosessdir. Ýöne garyllyga, garramaklyga bolan garaýyş her bir adamda aýry-aýry bolýar.
Garry ýa-da gartaşan adamlaryň jemgyýet üçin peýdalydygy ýa-da olaryň gerekmejek ýükdigi baradaky jedelleriň çözgüdini alymlar, lukmanlar, şahyrlar, pelsepeçiler tapmaga synanyşýardylar. Pikirler dürli-dürlüdi. Käbiri garrylygy adam ömrüniň ajaýyp, kämil bir döwri hasaplasalar, beýlekiler oňa sustupeslik bilen garaýardylar.
Dowamy
Bu ýagdaý hemme aýallarda duş gelýär diýýärler. Ony aýallaryň ikilenç jynsy alamatyna degişli edip, bolmaly adaty ýagdaý hasaplaýarlar. Ýöne bedende ol alamatyň bolmazlygy üçin her aýal elinde baryny edýär. Elbetde, gürrüň sellýulit barada gidýär. Eýsem sellýulit näme we ondan dynmak mümkinmikä?
Deriasty ýag gatlagynyň (gipodermanyň) zeperlenmegine sellýulit diýilýär. Gan aýlanyşygynyň we limfanyň (beden suwuklygy) haýallamagy gipodermada suwuklygyň saklanmagyna getirýär. Bu bolsa ýag öýjükleriniň daşynda çişginliligi emele getirip, olarda ýaglaryň we zäherleriň toplanmagyna sebäp bolýar. Bedeniň zeperlenen ýerlerinde hemme alyş-çalyş ýagdaýlary bozulyp, ýag öýjükleriniň daşynda birleşdiriji dokumanyň we düwünleriň emele gelmegine getirýär. Olar öz gezeginde gan we limfa damarlaryny basyp, alyş-çalyş ýagdaýlarynyň bozulmalaryny has hem beterleşdirýär.
Dowamy
Masturbasiýa (latynça manus – el + tubare – howsala salmak) – şahsyýetiň öz bedenindäki erogen (duýgur) nokatlary gyjyndyrmak arkaly jynsy islegini kanagatlandyrmagyň bir görnüşidir.
Birek-biregiň erogen nokatlaryny gyjyndyrmak arkaly hem özara masturbasiýa geçirip bilinýär. Bu ýagdaý esasan gomoseksualistlerde duş gelýändir.
Masturbasiýa onanizm ady bilen hem bellidir. Jynsy islegi kanagatlandyrmagyň bu görnüşine dürli döwürlerde dürli jemgyýetlerde garaýyşlar dürli-dürli bolupdyr. Adamzadyň taryhynda masturbasiýa jemgyýetiň döremegi bilen ýüze çykyp, ol jynsy kämillige ýetilýän ýaş bilen sosial jähtden jynsy gatnaşyklary başlamak ýaş aratapawudynyň ululygy sebäpli ulanylypdyr.
Dowamy