Agyz-bokurdak raklarynyň iň uly sebäpkäri bolan adamyň papillomawirusyna (APW) garşy waksinanyň ABŞ-da bu görnüşli raklary mazaly azaltmagyna garaşylýar, emma munuň 2045-nji ýyldan soňra mümkin boljakdygyny John Hopkins Bloomberg jemgyýetçilik saglygy mekdebiniň ylmy barlagçylary belleýärler. APW dünýäde jynsy gatnaşyk arkaly geçýän iň köp ýaýran ýokançly wirusdyr. Bu wirus bildirmän ýokuşýar we köplenç aýrylyp gidýär, emma käwagt hroniki kesele öwrülip, agyz we burun ragy, ýatgynyň boýunjygynyň ragy ýaly raklaryň görnüşlerine sebäp bolup bilýär. Çünki bu wirus DNK-a zeper ýetirýär we öýjüklerde çişlere garşy göreşýän beloklara böwet bolýar. Häzirki wagtda APW-nyň bejergisi ýok, ýöne waksinalaryň kömegi bilen täze infeksiýalaryň öňüni alyp bolar. Bu waksinalaryň ilkinjisi ABŞ-da 2006-njy ýylda ulanylyp başlandy.
Dünýäde çilim çekýänler azalýar, emma iň uly temmäki we çilim önümlerini öndürýän Philip Morris International kompaniýasynyň täze pikiri bar: derman öndürýän kompaniýalary satyn almak. Onuň eýelemek isleýän farmasewtik kompaniýalarynyň içine Britaniýadaky Vectura ýaly, çilim çekmek bilen baglanyşykly kesellere bejergi öndürýänler hem girýär.
Pandemiýanyň irki günlerinde tankytçylar maskalaryň hakykatdan hem COVID-19-dan goraýandygyna subutnama sorapdylar.
Yale we Stanford uniwersitetleriniň ylmy barlagçylary Bangladeşiň oba ýerinde 350 müň adamlyk synag geçirip, maskanyň wirusdan goraýandygyny subut etdiler. 2020-nji ýylyň noýabry we 2021-nji ýylyň apreli aralygynda 300 sany oba ýaşaýjylaryna maska geýmäge höweslendiriji çäreler bilen birlikde mugt maskalar we COVID testleri üpjün edildi. Ýene bir 300 adamlyk topara hem beýle höweslendirijiler berilmezden gözegçilik edilip, netijeler deňeşdirildi.
Haçanda ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi (EPA) bir himikaty adamlara zyýanly diýip kesgitlese, yzyndan şol himikata kadalaşdyryjy çäklendirmeler hem girizilip başlanýar. Munuň 2017-nji ýylda EPA-nyň formaldegid gazynyň (yssyz, zäherli, suwda ereýän gaz – CH2O) barlagnamasyny çap etmezliginiň sebäplerinden biridigini agentligiň öňki wekilleri aýdýarlar.
COVID-19 ýaly uly ýitgili pandemiýanyň döreme ähtimallygynyň biziň çak edişimizden has ýokary bolmagy mümkin (PNAS).
Dýuk uniwersitetiniň alymlary gyrgyn (çuma), mama keseli (ospa), mergi (holera) we dümew wiruslary (influenza) ýaly geçmişde ýüze çykan "zyýanly patogenleriň birnäçe toparlaryny" seljerdiler we şuňa meňzeş keselleriň gaýtalanma ähtimallygyny kesgitleýän modelleri taýýarladylar.
Hindistanda transgenderleriň dolandyrýan iki sany klinikasy açyldy. Olar transgender adamlaryň saglygyna, abadançylygyna we AIW keseliniň ýagdaýyna gözegçilik etmegi goldamaga niýetlenen. Klinikalaryň ikisem Haýdarabatda ýerleşýär. Bu klinikalar hemmeler üçin, şol sanda transgender we iki jynsada degişli bolmadyk (iňlisçe: nonbinary – özüni ne aýal ne erkek hasap edýän adam) adamlary kabul edýär. Klinikalaryň lukmanlarynyň, şepagat uýalarynyň, dolandyryjylarynyň we geňeşçileriniň ählisi transgenderdir.
Argentinada 59-64 ýaşdaky 300,000-den gowrak aýalyň ýeterlik pensiýa gaznasynyň ýoklugy sebäpli pensiýa çykyp bilmeýändigi çak edilýär. Bu esasan, aýallara enelik rugsadynyň ýa-da çaga ideg edýänligi üçin öwez pulunyň berilmeýänligi sebäplidir. Muny bütin dünýäniň aýallary tölegli işiň daşyndan edýärler. Güzeranyny zordan aýlaýanlygynyň üstesine, çagalara ideg etmek aýallar üçin iki esse agyr ýükdür. Hususan-da, Argentinada öý-hojalyk işleriniň jogapkärçiliginiň aýallara ýüklenýänligi sebäpli olaryň köpüsi resmi işlerde işlemeýärler.
Werakruz Meksikanyň aborty jenaýat hasap etmeýän dördünji ştaty bolar. Ýurtda Rim Katolikleriniň agdyklygy zerarly abort tabu hasaplanylýar we bu meselede esasan din hökmürowanlyk edýär.
Aborty kanunylaşdyrýan karar 25-13 ses we 1 sany saklanan ses bilen iýulda kabul edildi. Werakruz indi Meksika Siti, Oaksaka we Hidalgo bilen bir hatarda aýallara göwreliligiň 12 hepdesine çenli abort etdirmäge hukuk berer.
Häzirki wagtda ýetginjekleriň sany iň ýokary derejä ýetip, olar dünýäniň ilatynyň altydan birini tutýarlar. Bu ýetginjekleriň 90% golaýy pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýar.
Jynsy zorlanma sezewar bolan adamlar polisiýa işgärleri bilen edilýän aragatnaşyklaryň örän ýiti we rehimsiz bolup, zorlugyň ýarasynyň üstüne duz sepýändigini aýdýarlar. Zorlanandygyň barada polisiýa habar bermek örän agyr düşýär, esasanam pidanyň ähli zady tiz ýadyna salyp bilmeýändigi üçin polisiýa oňa şübhelenende pidanyň ýüki has hem agralýar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.