 |
Beýik Britaniýada düwnük keseline uçran erkekleriň 23 %-nde bu kesel çilim
çekmek zeraly dörändir. |
Alymlar geçirýän barlaglaryna esaslanyp, düwnük (rak) keseliniň çilim çekmek, alkogol içgilerini aşa köp içmek we nädogry iýmitlenmek bilen baglydygyny aýdýarlar. Şoňa görä-de, bu sebäpleri aradan aýyrmak bilen, Beýik Britaniýada düwnük keseliniň döremek ähtimallygyny düýpli kemeltmek bolar diýip aýdýarlar.
Beýik Britaniýada her ýyl 130 000 adamyň düwnük keseline ýolugandygy ýüze çykarylýar. Düwnük keselini öwrenmek boýunça Beýik Britaniýanyň Cancer Research UK Merkeziniň hasabat bermegine görä, töwekgellik döredýän ýagdaýlaryň arasynda çilim çekmek – iň esasy sebäpleriň biri bolup durýar. Ol erkekleriň 23%-ň, aýallaryň 15,6%-ň düwnük keseline ýolukmagyna sebäp bolýar.
Dowamy
 |
Garyp ýurtlaryň käbirlerinde AIDS keselini
bejermek üçin sarp edilýän serişdeleriň ählisi
halkara hemaýatkärlerinden gelýär. |
1-nji dekabrda AIDS keseline garşy Bütindünýä göreş güni bellenildi. Şu mynasybetli alymlar we işjeňler 30 ýyl bäri dowam edýän epidemiýanyň ýakyn wagtda öňüniň alynmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Ýöne şeýle üstünlige ýetiljek bolup durka, zerur ylmy-barlag işleriniň maliýelişdirilmegi kemeldilip başlandy.
Şu güne çenli AIW-e garşy waksina tapylmadygyna garamazdan, geçen ýyl geçirilen kliniki barlaglaryň netijesi utgaşdyrylyp berlen dermanlar arkaly geçirilen bejergi keseliň ýaýramagyny peseldýändigini görkezdi. Mundan başga-da, Afrikada erkekleri sünnetleme tejribesiniň ýaýbaňlanmagy bu kesele uçrama howpuny azaldýar.
Dowamy
Aýallara zulum edilmeklik – global meseleleriň biri. 1999-njy ýylda Birleşen milletler guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy noýabr aýynyň 25-ni aýallara zulum edilmegi düýbünden ýok edilmegiň Halkara güni diýip yglan etdi. Bu aýallaryň hukuklarynyň bozulýandygyna jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek maksady bilen edildi.
Şeýle çäräniň görülmegine näme sebäp boldy?
Köp ýurtlarda aýal maşgala "ikinji" derejeli adam hökmünde garalýar. Aýallara bolan bu garaýyş öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Aýallara zulum edilmegiň ähli görnüşleri ösen diýip hasaplanylýan ýurtlarda hem bardyr.
Dowamy
Her ýylda dünýäde ýol-ulag heläkçiliklerinde 1,3 million adam aradan çykýar, 50 million adam bolsa şikeslenip, maýyp galýar.
2009-njy ýylda Russiýa Federasiýasynda ýol-ulag heläkçiliklerinde 26 000 adam aradan çykdy, 2010-njy ýylda bolsa bu görkeziji 26 567 ýetdi.
Ýol-ulag heläkçilikleri 10 ýaşdan 24 ýaşa çenli bolan ýaş adamlaryň aradan çykmagynyň esasy sebäpleriniň biridir. Ýol heläkçilikleriniň 82%-mi sürüjileriň ýol-hereket düzgünlerini bozýandyklary zerarly bolýar.
Dowamy
Öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri (ÖDOK) – keselleriň belli bir toplumyny (dowamly bronhit, şol sanda obstruktiw bronhit, demgysma, öýkeniň emfizemasy) öz içine alyp, bronhlaryň geçirijiliginiň wagtlaýyn ýa-da hemişelik bozulmagy (obstruksiýa) bilen häsiýetlendirilýär. Bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen dem alyş ýetmezçiliginiň döremegine we beterleşmegine getirip biler.
Dem alyş ýollarynyň obstruksiýasy – dem goýberilende, olaryň howa akymyna ýokary garşylyk bildirmegidir.
Dürli keselleriň netijesinde dem alyş ýollaryň gysylmagy, öýkeniň emfizema keseli sebäpli, dem goýberilende ownuk bronhlaryň ýapylmagy ýa-da demgysma keselinde bolşy ýaly, bronhlaryň gysylmagy owstruksiýanyň sebäbi bolup biler.
Dowamy
Öýjükli telefonlaryň howpsuzlygy wagtal-wagtal jedelleriň temasyna öwrülýär. Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, öýjükli telefonlaryň we rak keseliniň döremeginiň töwekgeliginiň arasynda gönüden-göni baglanyşyk ýokdur.
Öýjükli telefonlardan peýdalanýanlaryň sanynyň artmagyna baglylykda, bu mesele soňky 20 ýylyň içinde wagtal-wagtal gozgalýardy.
Dowamy
 |
Alymlaryň habar bermegine görä, ýer ýüzünde ýylylyk derejesiniň artmagy ýaşaýyş üçin
zerur bolan resurslaryň ýetmezçiligine elter. |
Klimatyň üýtgemegi çynlakaý we barha artýan kynçylyk bolup, tutuş adamzadyň saglygyna, howpsuzlygyna howp salýar.
Londonda geçirilen ylmy konferensiýa gatnaşan alymlar klimatyň üýtgemegi çynlakaý we barha artýan kynçylyk bolup, adamlaryň saglygyna, howpsuzlygyna howp salýar diýen netijä geldiler. Bu ylmy konferensiýa Beýik Britaniýanyň Lukmançylyk assosiasiýasynyň binasynda geçirilip, oňa lukmançylyk, harby-tehniki we ylmy çäklerinde işleýän hünärmenler gatnaşdy.
Dowamy
Gadyrly saýtymyzyň okyjylary!
Şu gün saýtymyzyň işläp başlanyna bir ýyl doldy. Şeýle başlangyjyň düýbüni tutmak aňsat bolmasa-da, Siziň goldawyňyz, teklipleriňiz, göwnümizi galkyndyrýan minnetdarlygyňyz bize gujur-gaýrat berdi. Biz saýtymyzdaky maglumatlara gyzyklanma bildirip, saýtyň işini gowulandyrmak boýunça edýän teklipleriňiz we maslahatlaryňyz üçin çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Size jan saglygyny, maşgala abadanlygyny, ýurt asudalygyny arzuwlap, öz saýtymyzda Size sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Minnetdarlyk bilen, saýtyň işgärleri.
Lancet atly lukmançylyk žurnalynda çap edilen makalada Birleşen milletler guramasynyň (BMG) zenanlaryň we çagalaryň saglyklary babatdaky "Müňýyllygyň maksatlary" atly maksatnamasynyň görkezijilerine ösüp barýan 137 ýurduň diňe 9-sy ýetip biler diýip aýdylýar.
Awtorlaryň çaklamalaryna görä, subekwatorial Afrika ýurtlarynyň hiç biri çagalaryň we zenanlaryň ölümçiligini azaltmak boýunça maksatnamanyň goýan maksatlaryna 2015-nji ýyla çenli ýetip bilmez. Şol sebitlerdäki ýurtlaryň 27-si bu görkezijelere diňe 2040-njy ýylda ýetip biler. Emma makalanyň awtorlary beýleki ýurtlarda BMG-niň tassyklan görkezijelerine ýetmekde öňe gidişligiň bardygyny belleýärler.
"Müňýyllygyň maksatlary" atly maksatnama BMG tarapyndan 2000-nji ýylda kabul edildi. Bu resminamanyň 4-nji maksadyna laýyklykda 2015-nji ýyla çenli bäş ýaşamadyk çagalaryň arasyndaky ölümçiligiň 2/3 bölegini kemeltmek göz öňünde tutulýar (1990 ýylyň görkezijeleri bilen deňeşdirilende).
Dowamy
Adam gözlerine "kalbyň aýnasy" diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Gözler diňe bir daş- töwerek bilen aragatnaşygy üpjün etmän, ol biziň içki duýgularymyzy beýan etmäge hem kömek edýär.
Gözler gülüp hem, söýüp hem bilýär. Gözlerden dörän gorkyny, alaçsyzlygy, ýigrenji hem "okap" bolýar.
Biziň döwrümizde gözlere düşýän agramyň birnäçe esse artýanlygy hemmämize mälimdir. Önümçilikde inçe mehanizmleri we takyk enjamlary ýygnamak gözleriňi ýadadýar. Işde resmi iş kagyzlary bilen işlemek hem uly ünsi talap edýär.
Dowamy