Biz beden saglygyny goramagyň usullary barada köp gürrüň edyäris, dürli keselleriň öňüni almagyň ýollaryny gözleýäris.Ýöne biziň haýsy birimiz özüniň ya-da ýakynynyň ruhy saglygy babatda gyzyklanyp gördükä?! Ruhy saglygyň hem edil beden saglygy ýaly goraga mätäçligini Siz bilýärsiňizmi?
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ruhy saglygy (psihiki ýa-da mental saglygy) – adamyň öz içki mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga we amala aşyrmaga, adaty durmuş stressi bilen göreşmäge, ýokary hilli we öndürijilikli işlemäge, sonuň ýaly-da öz ýaşaýan jemgyýetiniň durmuşynyň özgerdilmegine goşant goşmaga ukyply bolan ýagdaýdyr.
Alymlaryň barlaglar esasynda ýüze çykaran maglumatlaryna görä, maşgalada çaga dünýä inenden soň, erkekleriň ganynda testosteronyň derejesi peselýändir.
ABŞ-nyň demirgazyk-günbatar uniwerstitetiniň biologlarynyň tassyklamagyna görä, erkeklik gormonlarynyň peselmegi, ýaş atalary maşgala mäkäm baglaýandyr we ondan daşky gatnaşyklaryň döreme mümkinçiligini peseldýändir.
Guduzlama ölüm howply ýokançly keseldir. Her ýylda ýer ýüzünde guduzlama keselinden 55 müň adam aradan çykýar. Esasan hem Afrika we Aziýa ýurtlarynda bu kesel bilen bagly ölümçilik ýokarydyr. Orsýetde her ýylda guduzlama 9-10 adamyň ömür tanapyny üzýär.
Guduzlamany rabdowiruslar maşgalasyna degişli wirus döredip, ol nerw öýjükleri dargadyjy häsiýete eýedir. Wirus köp faktorlara durnuksyz bolup, diňe aşaky temperaturalara çydamlydyr.
Doňdurylan ýagdaýynda ol 4 aýa çenli, dargap barýan zatlarda 2-3 hepdä çenli saklanyp bilýändir.
Gaýnatma wirusy 2 minutdan öldürýändir. Şonuň üçin hem, dişleme netijesinde gan ýa-da haýwanlaryň tüýküligi bilen hapalanan eşikleri gaýnatmak peýdaly çäreleriň biridir.
Ýürek! Bedeniň ýene haýsy agzasy ýürek kimin söýüp we ýigrenip, çydap hem-de gaharlanyp tolgunmadan ýaňa bolsa, guş ýaly pelpelläp bilýärkä?!
Ýürek durmuşyň nyşany bolup durýar, çünki onuň birinji hereketi-ýaşaýşyň başyny başlasa, iň soňkusy ölümi aňladýar.
Ömrüň bütün dowamynda ýürek beden üçin arman-ýadaman zähmet çekýär. Özüniň uzak zähmet ýolunda ol ägirt uly kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýar: nerw dartgynlylygy, ýokary gan basyşy, ýokançlyklar, infarktyň döremegi , çilimkeşlik, ykdysady kynçylyklar, alkogolizm...
Beýik Britaniýada öýsüz-öwzarsyz adamlaryň
inçekesele ýolugyp-ýolukmandygyny anyklamak
üçin göçme rentgen-otaglaryndan peýdalanýarlar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) habar bermegine görä, Orsýet, Ukraina we Azerbeýjan Günorta Ýewropanyň ýurtlary bilen bir hatarda rezistent inçekeseliniň (inçekeseliň derman serişdeleri bilen bejerip bolmaýan görnüşi) giňden ýaýran ýurtlarynyň hasabyna girýändir.
Günbatar Ýewropada bu babatda iň ýaramaz ýagdaýa sezewar bolan paýtagtlaryň biri-de Londondyr.
Ýewropada her ýyl köpsanly dermanlara durnukly inçekesele (KDD-IK) we has agyr ýagdaýlarda — giň gerimli täsiri bolan dermanlara durnukly inçekesele (GGTD-IK) 81 müňden gowrak adam ýolugýandyr. BSSG bellemegine görä, köp ýurtlarda şeýle inçekesele uçran adamlar ýüze çykarylman galýar.
Statistiki barlaglaryň habar bermegine görä, her ýylda dünýäde 1,1 mln. adam öz janyna kast edip, ömür tanaplaryny üzýär. Bu san aýylganç we lapyňy keç edijidir, çünki her adam bu ýagty jahana ýaşamaga, döretmäge gelip, özi bilen ýagtylyk, bagtyýarlyk getirýär.
Ynsanperwerlik kömegi – haýyr-sahawat kömeginiň bir görnüşi bolup, heläkçiligiň howp salýan ýa-da dürli heläkçilige duçar bolan ýurtlaryň ilatynyň arasynda, durmuş üçin wajyp bolan serişdeleri mugt ýaýratmagy göz öňüne tutýandyr. Bu sene 2008-nji ýylda BMG tarapyndan yglan edildi.
"...Ynsanperwerlik kömegini azyk önümleri, egin-eşikler, derman serişdeleri görnüşde bermek bolýandyr. Ýöne bu kömek beden şikeslerini ýetirip ýa-da ölümiň sebäbi bolup biljek ýaraglaryň dürli görnüşini, awtoulag serişdeleri we şolara meňzeş zatlar bilen üpjün etmegi öz içine alýan däldir" diýip, Halkara Kazyýeti ýaragly çaknyşyklar wagtynda berilýän ynsanperwerlik kömeginiň derejesini kesgitleýär. Ynsanperwerlik kömegi daşary ýurt kömeginden özwagtlylygy bilen tapawutlanýandyr hem-de betbagtçylyga uçran adamlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmäge gönükdirilen bolmalydyr.
Alymlaryň pikirine görä, tutuş adamzadyň saglygyny gowulandyrmak üçin iýilýän nahar duzunyň mukdaryny azaltmalydyr. Olar Birleşen milletler guramasyny geljekki 10 ýylyň içinde dünýäde duzuň sarp edilmegini azaltmak ugrunda degişli çäreleri geçirmäge çagyrýarlar.
British Medical Journal atly britan lukmançylyk žurnalynda çap edilen barlaglaryň netijelerinde indiki 10 ýylyň içinde ulanyljak duzuň mukdaryny bary-ýogy 15% azaldylsa, 8,5 million adamyň janyny halas edip bolar diýip aýdylýar.
Ylmy işiň awtorlary çilim çekmeklige garşy göreşden soň, adamlaryň iýmitindäki artykmaç duzuň azaldylmagynyň planetanyň ýaşaýjylarynyň saglygyny gowulandyrmagyň iň netijeli usulydygyna BMG-niň ünsüni çekýär.
Gawun baradaky iň irki maglumatlar gadym döwurlere degişlidir (Gadymy Müsür, Arawiýa ýarymadasy). Orta asyrlarda Orta Aziýadaky musulman halklarynyň arasynda hem gawun iň datly iýmit hasaplanylýardy. Esasanam, Oraz aýynda agyz beklenende gawuna taý geljek zat ýokdy. 12-13 asyrlarda gawun Russiýa-da getirilýär.
Gawun kädiler maşgalasyna degişli birýyllyk otjumak bakja ösümligidir. Onuň agramy 200 grammdan 20 kilograma çenli bolýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda gawunyň ösdürilip ýetişdirilişine, onuň görnüş köpdürliligine, gadymdan galan ajaýyp görnüşleriniň gorap saklamaklygyna yokary derejede uly üns berilýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolnandan soň, her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesi Türkmen gawunynyň baýramy döwlet derejesinde bellenilýär. Bu bolsa öz gezeginde türkmenleriň gawuna goýýan sarpasyna şaýatlyk edýär.
Gadymy rowaýatlarda aýdylşyna görä, sungatyň howandary Apollon ýediaýlyk bolup dünýä inipdir. Ol 4 günüň içinde şeýle bir ösüp bekäpdir welin, özüne ýaý bilen peýkamy getirmeklerini buýrupdyr. Onuň şeýle çalt ösmeginiň syryny hudaýlaryň iýmiti – ambroziýa bilen iýmitlenmeginden görüpdirler. Häzirki wagtda bu üýtgeşik iýmitiň nämedigini we nähili tagamynyň bardygyny bilmesek-de, ýer ýüzünde ambroziýa – hudaýlaryň iýmitine taý geljek nähili iýmit barka diýlip soralsa, säginmän – ene süýdi diýip aýtmak bolar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.