• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • Sagdyn durmuş

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HALK LUKMANÇYLYGY WE BIZIŇ SAGLYGYMYZ

  • Lukman
1 1 1 1 1

halk lukmancylygyHalk lukmançylygy

Halk lukmançylygynyň uzyn taryhy bar. Halk lukmançylygy – saglygy goramak, fiziki we akyl keselleriniň öňüni almak, anyklamak, gowulaşdyrmak ýa-da bejermek üçin ulanylýan dürli medeniýetleriň ýerli halkynyň teoriýalaryna, ynançlaryna we tejribelerine esaslanýan, düşündirip bolýan ýa-da bolmaýan bilimleriň, başarnyklaryň we tejribeleriň ýygyndysydyr.

Dowamy

  • 1501 gezek okalan

ERKEKLERDE KLIMAKS BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

erkeklerde klimaksKlimaks döwri adatça aýallara degişli edilip, ýumurtgalyklaryň işiniň peselmegi we aýbaşylaryň üýtgemegi bilen başlanýar. Döwrebap lukmançylykda erkek adamlarda hem şeýle ýagdaýyň döreýändigini subut edýän barlaglar bar.

"Erkekleriň klimaksi" ýa-da "andropauza" – bu erkeklik gormonlarynyň ýetmezçiligi bilen ýüze çykýan hemme ýagdaýlaryň umumy atlandyrmasydyr. Adatça 50 ýaş töweregi ýüze çykyp, önelgelilik we seksual işjeňligiň peselmegi bilen alamatlanýar.

Dowamy

  • 1617 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

erkeklik jyns mazinin adenomasyErkeklik jyns mäzi – gormonlary we gormona meňzeş maddalary işläp çykarýan mäzli dokumadan we myşsalardan ybarat, uly bolmadyk agzadyr. Jyns mäzi kiçi çanaklykda, peşew haltanyň aşagynda ýerleşip, peşew çykaryjy kanalyň başlangyjyny gurşap alýandyr. Bu agza dölüň düzüminiň esasyny düzýän we erkeklik jyns öýjükleriniň hereketjeňligini amala aşyrýan suwuklygy işläp çykarýar.

Erkeklik jyns mäziniň adenomasy – bedeniň gormonal durkuny üýtgedýän we erkek adamynyň peşew bölüp çykaryjy ulgamyna we seksual işjeňligine täsir edýän çynlakaý çemeleşmeli keseldir.

Dowamy

  • 2092 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

tagta bitiTagtabit (Lat. Cimex lectularius) maýda, ýasy, mugthor (parazitik) möjejik bolup, ukuda ýatan adamlaryň we haýwanlaryň ganlaryny sormak arkaly iýmitlenýär. Tagtabitler gyzylymtyl goňur reňkli, ganatsyz, 1-7 millimetr ululykda bolýarlar we iýmitlenmän birnäçe aý diri galyp bilýärler.

Dowamy

  • 3446 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (26 Ses)

ilkinji jynsy gatnasygyBiziň döwrümizde jemgyýetçilik, maşgala gatnaşyklaryna we ahlak häsiýetlerine bolan garaýyşlaryň özgermegi netijesinde jynsy gatnaşyklara bolan garaýyşlar hem özgerdi. Ozallar ilkinji jynsy gatnaşyklar maşgalanyň başlangyjyny goýýan pynhan gatnaşyklaryň gözbaşy hökmünde görlen bolsa, indi jynsy gatnaşygyň manysy, ähmiýeti we wagty jübütden jübüte üýtgäp bilýär. Şol bir wagtda, gyzlyk perdesine bolan garaýyş hem üýtgedi. Ýaşlaryň ençemesi oňa arassalygyň, ahlak päkliginiň, ýaşlygyň nyşany hökmünde garasa, käbir oglan-gyzlar üçin ol hiç bir çuň manyny aňlatmaýar.

Dowamy

  • 19839 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

erkekler lukmandan gorkyarlarÝurdumyzda dürli ýaşdaky erkek adamlar lukmana ýüz tutmakdan gorkýarlar. Aýallar öz saglygyna jogapkärli çemeleşip, çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar, emma erkekler barada beýle diýip bolmaýar. Olaryň aglabasyny lukmançylyk enjamlarydyr-gurallary gorkuzýan bolsa, köpüsi tötänleýin anyklanan keseliň öňünde ejizlemekden çekinýärler. Aslynda erkek adamlar hassahanada barlagdan geçmegi boş wagt ýitirme hasaplaýarlar. Şeýdip, wagtynda anyklananda doly bejerip boljak keseller dowamly görnüşe ýa-da gaýraüzülmeli ýagdaýa geçýärler we erkek adamyň durmuşynyň hilini peseldýärler.

Dowamy

  • 1801 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

mowsumleyin dumewGüýz-gyş aýlary başlanýan möwsümleýin dümew keseli dem alyş agzalarynyň keseliniň ýokarlanmagyna getirýän esasy sebäp bolup, adamlaryň saglygyna zeper ýetirýändir we zähmete bolan ukyplylygyny pesedýändir.

Möwsümleýin dümew-bütin dünýä ýaýran dümew wirusynyň döredýän ýiti ýokanç keselidir. Wirusyň dört görnüşini tapawutlandyrýarlar: A, B, C we D. Dümewiň A we B görnüşi hemişe keseliň möwsümleýin ýaýramalaryna (epidemiýalara) getirýändir.

Dowamy

  • 1618 gezek okalan

SUPLEMENTLER NÄME WE OLARY ULANMAK HOWPSUZMY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

supplementsSuplementleriň keseli bejermek üçin niýetlenen däldigini ýatda saklamalydyr!

Suplementler – bedeniň kadaly ýagdaýyny, syratly durkuny, sagdyn derini gazanmaga kömek edýän goşundylardyr. Başgaça aýdanyňda, hemmämize öňden mälim biologiki işjeň goşundylardyr (rusça – биологически активные добавки).

Dowamy

  • 1645 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

ot haltada dasyn onuni almasyÖt halta uly bolmadyk içi boşlukly beden agzasy bolup, bagryň içki tarapyndaky çukurjykda ýerleşýändir. Öt haltanyň esasy işiniň biri hem, bagryň işläp çykarýan ödüni goýaldyp saklamakdyr. Bir gije-gündiziň dowamynda adam bedeninde ortaça 500-1200 ml. golaý öt işlenip çykarylýar. Şeýle hem, öt halta ödi umumy öt ýodajygyndan onikibarmak içegä geçirmek işini hem amala aşyrýandyr.

Dowamy

  • 4809 gezek okalan