• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • Sagdyn durmuş

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

ko baglylykdan cykmak"Ko-bagly adamlar başgalary özlerinden beter söýýärler" diýip, bu temada ýazlan esasy kitabyň awtory Melody Beattie belleýär. Ko-baglylyk (iň: codependency) çynyň bilen islemeýän zatlaryňa hem "hawa" diýmekligi, ähli zadyňy taşlap, betbagtlyga uçran ýoldaşyňy halas etmäge dyrjaşmagy ýa-da ýarawsyz dogan-garyndaşyň barada yzyny üzmän gaýgy etmegi öz içine alyp biler.

Dowamy

  • 1372 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

demensiyanyn onuni alyp bolyarmyKöp adamlar demensiýanyň öňüni alyp bolýan keseldigine ynanmaýarlar, emma täze çykan hasabat demensiýanyň döremesine böwet bolup ýa-da ony gijikdirip bolýandygyny görkezdi.

Adamlaryň ömür dowamlylygy uzadygyça, dünýä ýüzünde demensiýa bilen ýaşaýanlaryň sany hem artýar. Şu ýyl The Lancet žurnalynda çap edilen demensiýanyň öňüni alyş, interwensiýasy we idegi boýunça hasabata görä, bejerilmedik körlük we ýokary holesterin demensiýanyň döremesi üçin töwekgellik faktorlarydyr.

Dowamy

  • 1303 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

immun ulgamy nameImmun ulgamy (rus. – immunitet) – bedeni daşky gurşawyň dürli ýaramaz täsirlerinden (ýokançlyklar, allergenler) goraýan bedeniň goraglylyk ulgamydyr.

Bedeniň goraglylyk ulgamy iki görnüşde tapawutlandyrylýar: doga we gazanylan. Doga işleýän immun ulgamy tiz hereket edýär-bu ulgama degişli fagosit öýjükler, interferon, alawlama hadysanyň mediatorlary dörän näsazlygy duýup, onuň bilen göreşmäge başlaýarlar. Gazanylan immun ulgamynyň işi çylşyrymlydyr. Onuň işi kesgitlenen howpa garşy ýörite täsir etjek öýjükleri işläp çykaryp, soňundan ony ýok etmäge gönükdirilendir. Immun ulgamynyň bu görnüşi belli bir ýokançlygy "ýatda saklap", indiki gezek oňa duşulanda çalt göreşmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gazanylan immun ulgamynyň "ýadynda" biziň bedenimiziň duşmanlarynyň hemme sanawy saklanylýar. Her adamda bu sanaw dürlüdir.

Dowamy

  • 1232 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

sagdyn garramakÝalňyzlykda aşa köp wagt geçirmek beýnä-de, bedene-de agram salyp bilýär. Sosial çetleşmäniň (adamlar bilen az aragatnaşyk etmek) saglyga salýan howply günde 15 sany çilim çekmeklige barabardyr.

Ýaşymyz gaýdyşdygyça, bütin ömrümiziň dowamynda edinen maşgala agzalarymyz we dost-ýarlarymyz bilen üznüksiz aragatnaşygy saklamak kynlaşyp bilýär. Tapdan düşýänleriň, ýogalýanlaryň sany köpelip, uzakda ýaşaýanlar bilen gabatlaşyp durmak seýrekleşýär. Garramak öňüni alyp bolmaýan fiziki gowşaklyga eltýär we olaryň içine öýden çykmagy we adamlar bilen duşuşmagy çetinleşdirýän bozulmalar hem girýär. Meselem, eşidişiň, görşüň we ýadyň peselmegi sebäpli üýşmeleňlere gatnaşmak ýa-da başgalar bilen bile kino görmek we aýdym diňlemek ýaly güýmenjeleriň lezzeti gaçyp bilýär.

Dowamy

  • 1195 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

siller we suw josgunlarySiller ýa-da suw joşgunlary gurak ýerleri zerur bolan suw bilen üpjün edýän hem bolsa, olar agyz suw çeşmelerini zäherläp, suwuň üsti bilen geçýän keselleriň köpelmegine eltip bilýärler.

Seniň içýän suwuň dürli çeşmelerden gelýän bolmagy mümkin: ýerüsti suwlardan, ýerasty suwlardan ýa-da şäher suw ulgamyndan. Siller bularyň her birine täsirini ýetirip bilýär.

Dowamy

  • 1347 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

psihologiki zorlukPsihologik zorluk adama göze görünýän şikes ýa-da ýara salmaýar, emma adamyň erkini elinden bermegine we özüne bolan ynamy peselip, içinden yza çekmegine alyp barýar.

Psihologik zorluk emosional ýa-da psihologik taýdan basyş etmegi, gorkuzmagy, manipulýasiýany öz içine alyp, pidada gysga we/ýa-da uzak möhletleýin psihologik trawma galdyrýar.

Dowamy

  • 1494 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (8 Ses)

ayalda jynsy islegin peselmegiGinekolog lukmanyndan

Aýalda jynsy islegiň (lukmançylykda "libido" diýilýär) peselmegi ýygy duş gelip, hemişe saglyk ýagdaýlaryň üýtgemegine bagly bolmaýar. Umumy beden we aýal jyns agzalaryň keselleri bilen bir hatarda, ruhy-emosional durkuň üýtgemegi (ruhy ýagdaýyň bozulmagy, dowamly stres, ýadawlyk we baş.) hem bu islegi peseldip, maşgala gatnaşyklaryna täsir edip bilýändir.

Dowamy

  • 3228 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

jynsy gat gec kesTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynyň reproduktiw saglyk bölüminde erkek kişiler üçin jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller, maşgalany meýilleşdirmek we göwrelilik barada maglumatlar ýygyndylary çap edilen. Bu ýygyndylar köpçülige elýeterli we tölegsiz ýükläp alyp bolýar.

Dowamy

  • 1521 gezek okalan