Kyrk ýaşlardan soňra, beýnimiz assa-ýuwaş agsaklaşýar. Her ýyl reaksiýa görkezýän wagtymyz birnäçe millisekunt artýar, zatlary ýatda saklamak ukybymyz ujypsyz derejede hem bolsa peselýär. Bu alamatlar käte alsgeýmer ýaly keselleriň irki habarçysy bolup bilse-de, köplenç olar kesel alamaty däl-de, adaty adamlaryň gartaşmagynyň tebigy bölegidir.
700 müňden gowrak gartaşan adamlardan alnan kognitiw synaglaryň netijeleri hem muňa güwä geçýär. Emma, olaryň bir böleginiň beýnileri özlerinden 30 ýaş kiçi adamlaryň beýnileri kimin çeýelik görkezipdir. Ylmy barlagçylar bu adamlaryň beýnileriniň ýaş saklanmagynda genetikadan başga nämeleriň möhüm rol oýnaýandygyny öwrendiler.
Okamany dowam et
Waksina almaga ýaýdanýanlaryň sany dünýä ýüzünde köpelýär, emma ylmy barlaglar olaryň soraglaryna nähili jogap berip boljakdygynyň anyk usullaryny ýüze çykardylar.
COVID-19 pandemiýasynda gözegçilik geçirilen 55 ýurduň 52-sinde çagalara berilýän sanjymlara bolan ynam peselipdir. Meselem, ABŞ-da ene-atalaryň 20%-i waksinalar barada şübhelenýärler – bu bolsa ýurtda 2025-nji ýylda gyzamyk ýokanjynyň ýaýramagyna we 3 sany sanjym almadyk kişiniň ölmegine getirdi.
Okamany dowam et
"Stres ölçenilmese, oňa çäre görüp hem bolmaýar" diýip, Kaliforniýa Uniwersitetindäki kliniki psiholog Slawik belleýär.
Ençeme ylmy barlaglar bedende döreýän gysga wagtlyk stresiň (meselem, sport bilen meşgullanmak) saglyk üçin peýdalydygyny görkezýär, emma yzy üzülmeýän stres ýürek keselleri, rak keselleri, beýnä gan inme (insult), dem alyş ýollarynyň bozulmalary, suisid we beýleki adam ölümleriniň sebäpleriniň döremesine goşant goşýar. Kä ýagdaýlarda uzak dowam edýän stres bir keseliň döremegine ýol açsa, beýleki ýagdaýlarda ol bar bolan keseli beterleşdirýär. Ýa-da bolmasa, strese çäre görmek üçin edilýän nädogry hereketler hroniki keselleriň ýüze çykmagyna goşant goşýar.
Häzirki wagtda dünýä ýüzünde stres artyp barýar. 2007-09 aralygynda resessiýa döwründe stres hem ýokarlanypdy. Ol COVID-19 pandemiýasynda hem ýene ýokarlandy.
Dowamy
Hemme ýerde görüp gözümiz öwrenişen, ejiz we känbir zyýansyz ýaly görünselerem, çybynlar jandarlaryň içinde iň köp adam öldürýän jandarlardyr.
Ylmy barlagçylaryň aýtmagyna görä, bütindünýä maýylganlygy we beýleki faktorlar sebäpli ABŞ-da, Merkezi we Günorta Amerikada we Ýewropada çybynlaryň ýaýradýan keselleri köpelýär. Ol keselleriň iň köp duş gelýänleri: zika, malýariýa (gyzzyrma) we deň.
Emma her bir adam özüni birnäçe ýollar bilen çybynlaryň çakmagyndan gorap biler.
Dowamy
Bilmeli faktlar
↪ 60 ýaşdan geçen adamlaryň her alty sanysyndan biri geçen ýylyň dowamynda köpçülik ýerlerinde zulumyň haýsy hem bolsa bir görnüşine duçar bolupdyrlar.
↪ Gartaşan adamlara garşy zulumyň derejesi garrylar öýlerinde we olara uzak möhletleýin ideg edilýän ýerlerde has ýokary.
↪ Gartaşan adamlara edilýän zulum çynlakaý fiziki şikeslere we psihologik bozulmalara sebäp bolup bilýär.
↪ Dünýä ýüzünde, esasan-da ösüp barýan döwletlerde gartaşanlara edilýän zulum we onuň nädip öňüni almalydygy barada bilinýän zatlar örän az.
Dowamy
Kesellere gözegçilik, maglumatlaryň ýaşyrylmagy we sanlaryň aç-açansyzlygy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda esasy meseleler bolup galýar. Halkara guramalar tarapyndan gozgalýan ýurda degişli meseleleri milli edaralar öz internet saýtlarynda ýa-da köpçülikleýin habar beriş ulgamlarynda ilata ýetirmeýärler. Şonuň üçin-de, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýy barada halkara guramalaryň hasabatlaryny we proýektlerini okap, biraz düşünje almak mümkin.
Dowamy
3000-den köp ýetginjegiň gatnaşmagynda geçirilen ylmy barlag agşam ir ýerine geçýän we gije uzak ýatýan ýetginjekleriň giç we az ýatýanlar bilen deňeşdireniňde ukudaky ýürek uruş tizliginiň pesdiginiň we okamakda, sözleri öwrenmekde, mesele işlemekde we beýleki zehin soraglaryny çözmekde has ýokary netijeleri görkezýändikleriniň üstüni açdy.
Gije gowy uky almak asyrlarboýy gowy kognitiw başarnyklar (öwrenmek, ýatda saklamak, pikirlenmek we mesele çözmek) bilen baglanyşdyrylan hem bolsa, alymlar heniz hem adamyň ýetginjeklik döwründe, ýagny beýnide möhüm özgermeleriň bolup geçýän döwründe ýeterlik uky almazlygyň täsirlerini öwrenmäge çalyşýarlar.
Dowamy
Soňky ýyllarda dyrnak laklarynyň görnüşleri we durujylygy barha özgerdi. Şol bir wagtda, olaryň howpsuzlygy barada hem ulanyjylaryň soraglary artyp başlady. Garward Lukmançylyk mekdebiniň dermatolog hünärmenleri dyrnak laklarynyň esasy görnüşleri we olaryň hersiniň gowy we ýaramaz taraplary barada gürrüň berdiler.
Dowamy
Bu ýaz pasly Merkezi Aziýa ýurtlary üçin gaty bir salkyn geçmeýär. Ýurtlaryň bäşisi hem soňky üç aýda adatdan daşary derejede ýokary temperaturalary başdan geçirýärler.
Dowamy
Öt halta uly bolmadyk içi boşlukly beden agzasy bolup, bagryň içki tarapyndaky çukurjykda ýerleşýändir. Öt haltanyň esasy işiniň biri hem, bagryň işläp çykarýan ödüni goýaldyp saklamakdyr. Bir gije-gündiziň dowamynda adam bedeninde ortaça 500-1200 ml. golaý öt işlenip çykarylýar. Şeýle hem, öt halta ödi umumy öt ýodajygyndan onikibarmak içegä geçirmek işini hem amala aşyrýar.
Dowamy