Ýakymsyz emosiýalar her bir adamda ýüze çykýar, meselem gahar, gabanjaňlyk, öýke, gorky, howsala. Emma durmuşdan göwnühoş ýaşamagyň we başgalar bilen dostlukly aragatnaşykda bolmagyň açary dartgynly ýagdaýlarda emosiýalaryňa erk edip bilmekdir. Munuň bir ýoly hem özüňe erk etmek ukybydyr.
Dowamy
"Günde 8 stakan suw içmeli". "Kofe suwsadýar". "Köp suw içmek horlanmaga kömek edýär".
Suw we beden suwlulygy barasynda şular ýaly maslahatlary megerem sen hem eşdip görensiň. Wayne State uniwersitetiniň maşk we sport ylymlary professory Tamara Hew-Butler, Jorjiýanyň tehnologiýa institutynyň maşk fiziologiýasy laboratoriýasynyň müdiri Mindy Millard-Stafford hem-de Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynda biologiýa professory Yuki Oka beden suwlulygyny ylmy taýdan düşündirip, suw içmek barada giňden ýaýran 5 toslamany paş edýärler.
Dowamy
Sen haçanda bolsa bir wagt ýakynlaşmak we gürleşmek şeýle aňsat bolýan adama duşupmydyň? Diňe ýönekeý gürrüňdeşligiň üsti bilen, saňa özüňi has akylly we has gyzykly adam ýaly duýdurýan kişä?
Görnükli žurnalist Çarlz Duhig "Superkommunikatorlar: Aragatnaşygyň syrly dilini nädip tapmaly" atly kitabynda ezber gürrüňdeşleriň (kommunikator) esasy häsiýetlerinden söz açýar. Onuň aýtmagyna görä, adamlar bilen netijeli aragatnaşyk etmek üçin belli häsiýetler bilen dogulmak hökman däl (meselem, alçaklyk ýa-da mylakatlylyk). Islendik adam gürrüňdeşlige ökdelemäni öwrenip bilýär – ol esasy 4 ukyby ele almakdan ybarat:
Dowamy
Käbir adamlar bullingi (bilgeşleýin adama emosional ýa-da fiziki taýdan azar bermek) adaty hadysa hasaplap, çaganyň gatamasy üçin zerurlyk hökmünde görýärler. Bu ýalňyş düşünjedir!
Bulling çaganyň fiziki, ruhy saglygyna, okuwa ýetişigine zeper ýetirip bilýär. Ylmy barlaglaryň käbiri bulling edilýän çagalaryň we ýetginjekleriň uly ýaşlarda hem depressiýa, ynjalyksyzlyk, howsalalylyk we hatda suisid ýaly töwekgelçiliklere düşüp bilýändigini duýdurýar.
Şonuň üçin-de, çaga bullinge sezewar bolanda ene-atalaryň we mugallymlaryň ara girmesi möhümdir. Emma welin, çagalar köplenç bulling hadysalary barada göni ene-atalaryna ýa-da beýleki ululara aýtmaýarlar we nämäniň bolup geçýänini aňmak hemişe aňsat düşmeýär.
Dowamy
Haçanda bolsa bir wagt aýbaşy barada gürleşesiň gelip, nädip dile getirjegiňi bilmän durduňmy? Onda okamagyňy dowam et.
Ýöne aýbaşy barada gürrüň etmäniň näme ähmiýeti bar?
Aýbaşy ýaly tebigy hadysadan söz açmak bilen sen başgalara bu barada gürrüň etmegiň geňlenilmeli ýa-da utanylmaly zat däldigini bildirýärsiň. Aýbaşy baradaky nädogry garaýyşlary azaltmakda ilkinji ädim bolsa, ony dogry atlandyryp (ýaňsyly sözleri ulanman), ol barada söhbet etmekdir. Bu gürrüňler ilki başda oňaýsyz bolup biler, emma näçe köp gürrüňini etdigiňçe şonça arkaýynlaşarsyň.
Dowamy
Haçanda gowy gatnaşýan adamyň ýakyn kişisini ýitirende, näme diýjegiňi bilmezligiň mümkin. Halk içinde adatça ilki bilen "yzy ýarasyn" ýa "jaýy jennet bolsun" ýaly sözler dile gelýär, emma bu sözler merhuma gönükdirilen bolup, yzynda ýas tutýanyň çekýän yzasyny ýeňletmekde täsirsiz bolup biler. Sen bolsa ýakynyňa onuň aladasyny edýändigiňi we kömege taýýardygyňy bildiresiň geler. Bu ýagdaýda hernäçe birhili görünse-de, ýakynyň bilen onuň başdan geçirip biljek duýgulary barada açyk gürleşmegiň iň ýerliklisidigini psiholog we ýas konsultanty Mekel Harris belleýär. Eger näme diýjegiňi bilmeseň, Harris we awtor Marisa Renee Lee dogry sözleri tapmakda etmeli we etmeli däl zatlary paýlaşýarlar.
Dowamy
COVID-19 indi halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý däl hem bolsa, onuň täze ştamlary döremesini, ýaýramasyny we adamlaryň janyna howp salmasyny dowam edýär. Esasan-da gartaşan ýa hroniki keselli adamlar, göwreliler we immunoýetmezçilikli kişiler töwekgelçilik astyndadyrlar.
Howpsuz we netijeli COVID-19 waksinalarynyň kömegi bilen agyr kesellemäniň we ölümiň öňüni alyp bolýar. 2021-nji ýylyň özünde waksinalar azyndan takmynan 14.4 million adamyň janyny halas etdi.
Aşakdaky tablisadan öz COVID-19 waksinasiýa statusyňy barla we eger saňa sanjym almak gerek bolsa, maşgala lukmanyňa ýüz tut.
Dowamy
Türkmenistan 1993-nji ýylda Birleşen milletler guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna goşulyp, ençeme döwletler bilen birlikde çagalaryň hukuklaryny goramaga wada berdi. Ondan bäri Türkmenistanyň hökümeti Birleşen milletler guramasyna ýurtda çagalaryň saglyk-abadançylygy barada birnäçe gezek hasabat berdi. 2024-nji ýylyň hasabat diňlenilişiginde ýurduň çagalaryň hukuklaryny goramakda oňaýly özgerişlikleri geçirendigi, emma welin ösüşiň göwrümini we täsirini ölçemekde möhüm maglumatlaryň we aç-açan sanlaryň kemçilik edýändigi bellenildi.
Dowamy
Hatda nahardan soň gapyňda gysga wagtlyk gezmelemek hem, naharyň gowy siňmesine, gandaky şekeriň (glýukoza) sazlanmasyna we gije has gowy uky almaga kömek edýär.
Uly baýramçylyk möwsümi hem geldi. Indiki birnäçe hepdäniň dowamynda sen bol iýmitler bilen bezelen saçaklaryň başynda ençeme gezek agyr-agyr iýmeli bolup bilersiň. Emma welin, garnyňy ýazanyňdan soň oturyp başga zatlara güýmenmegi dowam etmäge derek, daşarda gysgajyk ýöriş edip gelseň-de özüňi duýşuňda uly üýtgeşikligi başdan geçirersiň.
Dowamy
Düwürtik diňe ýüzde çykmaýar. Gyzarmalar we düwürtikler bedeniň islendik ýerinde ýüze çykyp bilýär, olar esasanda arkada, döşde we gollaryň ýokarky böleginde köp duşýarlar. Bedendäki düwürtikler kä adamy gijäp ýa-da agyryp bimaza etseler, käbirlerinde ýygralyga sebäp bolýarlar.
Dowamy