1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

anosmiaCOVID-19 sebäpli köp adamyň ys alşyny ýitirmegi bilen beýniniň ys alyş ukyplaryna düşünmäge we olary dikeltmäge gönükdirilen gözleglere has kän üns berlip başlady.

Ujypsyzja ähtimallyk: Ys alyş duýgusy boýunça gözlegçi Tomas Hummel ker adama kohlear implantasiýasynyň edilişi ýaly beýniniň ys duýgusyny dikeltmek üçin elektrik signallaryny ulanýan burun implantasiýasynyň mümkindigini aýtdy.

Dowamy

  • 1541 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ozbegistanda oydaki zorlukAýallara garşy zorluk Özbegistanda kök uran mesele bolup, ýurtda 2021-2022-nji ýyllarda 72,000 sany aýallara zulum edilme hadysasy hasaba alyndy. Zulumly hadysalaryň hem 85%-i maşgala içinde bolup geçipdir. Ýakynda geçirilen soragnama ýurtda her 3 aýaldan birine ýanýoldaşy tarapyndan we ýene şonçarak aýala gaýyn enesi tarapyndan azar berlendigini ýüze çykardy. Ýerli metbugatda bolsa, erkekleriň aýallaryny dürli hojalyk enjamlary bilen urup öldürendigi we çagalaryny gynandygy baradaky habarlary häli-şindi görmek bolýar.

Adam hukuklary boýunça iş alyp barýan halkara guramanyň 2022-nji ýylda çykaran hasabatynda özbek halkynda adatça zorlaýjynyň däl-de pidanyň günäkärlenýändigi aýdylýar. Özbegistandaky aýallaryň hukuklary üçin göreşýän aktiwistleriň aýtmagyna görä, ýurtda köp adamda "zuluma aýallaryň özleri günäkär" ýa-da "är-aýalyň arasynda dawa-jenjeliň bolmasy adaty zat" diýen düşünje bar.

Dowamy

  • 1481 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Bu hasabatjynsy zorluk pidalary 2019-njy ýylyň ýanwarynda çykaryldy we ozalky Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan 15 ýurduň jynsy zorluga degişli kanunlarynyň gysgaça mazmunyny, kanunyň kemçilikleriniň derňewini hem-de jynsy zorluga baş goşýanlaryň jogapkärçilige çekilmezligine mümkinçilik berilmeginiň mysallaryny özünde jemleýär. Ozalky Sowet Soýuzynyň 15 ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Belarussiýa, Estoniýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Latwiýa, Litwa, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Ukraina, we Özbegistan) jynsy zorlama bilen bagly kanunlar we tejribeler zorlugyň pidasy bolýanlara adalatyň elýeterliligini üpjün etmeýär. Çünki kanunlaryň aşaky böleklerinde hukuk bozujylara jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezadan sypmaga ýol berýän birnäçe kemçilikler bar:

Dowamy

  • 1556 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

bsgg alkogoliz azaltmagyAlkogoly artyk kabul etmek dünýäde iň köp gabat gelýän, emma öňüni alyp bolýan ölümçiligiň bir görnüşi bolup, her ýylda 3 milliondan köp adamyň ölümine sebäp bolýar. Şeýle-de bu iň köp ünsden düşürilýän meseleleriň biri bolup galýar. Muňa hem esasy alkogol söwdasyndan 1.5 trillion dollar girdeji gazanýan alkogol senagaty sebäp bolýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) kiçi bir bölegi dünýäde alkogolyň artyk içilmegini azaltmak üçin ilata gönükdirilen syýasatlary pugtalandyrmaga bagyşlanýar. Onuň ýolbaşçysy Huan Tello öz alyp barýan işleri barada Think Global Health toparyna gürrüň berdi.

Dowamy

  • 1482 gezek okalan

ZERUR STATISTIKALARYŇ ZERURLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

zerur statistikalaryn zerurlygyDünýä ýüzünde takmynan 2 milliard adamyň dogluş şahadatnamasy ýok we ölýänleriň diňe ýarysy hasaba alynýar. Bu maglumat ýetmezçiligi pes girdejili ýurtlarda has ýaýgyn, hususan-da oba ýerlerinde we oturymly taýpalaryň arasynda.

Dowamy

  • 1504 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

antimikrob durnuklylygynyn iki tarapyModelirleme arkaly geçirilen täze ylmy iş antimikrob durnuklylygy barada geň galdyryjy netijeleri görkezdi: Adamlarda antibiotikleriň ulanylmagynyň artmagy iýmit öndürýän haýwanlarda (maýda we iri şahly mallar, guşlar) ýokarlanan antimikrob durnuklylygy bilen baglanyşykly.

Dowamy

  • 1515 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

saglygy gorayysda denlige yetmekSaglygy goraýyşdaky gender deňsizligi zerarly dünýäniň dürli künjeklerinde aýal-gyzlar özlerine zerur saglyk hyzmatlaryny alyp bilmeýärler. Aýallaryň göwreliligi we çaga dogumyny başyndan geçirýändigi sebäpli, olar ömürleriniň dowamynda erkeklerden has köp diagnostik barlaglardan geçmeli bolup bilýärler. Emma welin, aýallar üçin zerur, emma erkeklere gerek bolmaýan ýönekeý barlaglar köplenç tapdyrmaýar ýa-da tapdyrsa-da elýeterli däl. Käbir ýurtlarda aýallaryň bary-ýogy 13%-i göwrelilikde maslahat berilýän antenatal barlaglaryň ählisinden geçip bilýärler.

Dowamy

  • 1479 gezek okalan

ÖNELGESIZLIK ADAM DANDAMAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

onelgesizlik adam dandamayarHaçanda erkegiň ýa-da aýalyň reproduktiw ulgamyndaky näsaglyk zerarly 12 aýlap ýa-da ondan uzak wagtlap dowamly goragsyz geçirilen jynsy gatnaşyklar göwrelilige eltmese – muňa önelgesizlik diýilýär. Önelgesizlik dünýäde her 6 adamdan birine täsir edýär we bu meselede pes, orta hem-de ýokary girdejili ýurtlaryň arasynda uly tapawut ýok.

Dowamy

  • 1504 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

malyariyadan azatBütindünýä saglygy goraýyş guramasy Azerbeýjana we Täjigistana öz ýurtlarynyň çäginde malýariýa (gyzzyrma) keseliniň soňuna çykandyklary üçin şahadatnama gowşurdy. Bu iki ýurt keselden azat bolmak üçin bir asyrlap irginsiz göreşipdiler.

Malýariýanyň ýok edilendigini kepillendirýän şahadatnama BSGG tarapyndan malýariýadan azat bolan ýurda berilýär. Bu şahadatnamany almak üçin ýurt soňky 3 ýylda yhlasly tagallalar edip, Anopheles çybynlarynyň ýaýradýan gyzzyrma keselinden saplanandygyna ygtybarly subutnama görkezmeli. Şeýle-de, ýurt keseliň gaýtadan ýüze çykmagynyň öňüni almaga ukyplydygyny subut etmeli.

Dowamy

  • 1364 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

insuline yagdayy yetmeyarÖrän ähmiýetli ynsan gormony insulin bedene iýmiti energiýa öwürmäge hem-de gandaky şekeriň mukdaryny sazlamaga kömek edýär. Süýji keselli adamyň bedeni ýeterlik insulin gormonyny bölüp çykaryp bilmeýär ýa-da ony ýerlikli ulanyp bilmeýär. Şonuň üçin süýjülikli adamlaryň köpüsi insulini derman görnüşinde kabul etmeli bolýarlar. Dünýä ýüzünde näçe adamyň yzygiderli insulin ulanmaly bolýandygy näbelli, emma onuň 200 milliondan köpdügi çaklanylýar.

Dowamy

  • 1417 gezek okalan