Günorta Afrika ten söwdasyny kanunylaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu özgerişlik ýurtda gender esasly zorlugy ep-esli azaldyp biler.
2018-nji ýylda ýurtda tenini satýan aýallaryň 70%-i süteme we 50%-e golaýy jynsy zorluga sezewar bolupdyr. Olar tussag edilmekden gorkýandyklary sebäpli polisiýa ýüz tutmaga hem çekinýärler.
Dowamy
Epilepsiýa (garaguşagyry)
iň köp duş gelýän newrologik keselleriň biri bolup, ondan dünýäde 50 million töweregi adam ejir çekýär. Çaklamalara görä, eger kesel dogry anyklanylsa we bejerilse, epilepsiýaly adamlaryň 70%-e golaýy tutgaýlardan azat ýaşap bilerdi. Epilepsiýany kontrolda saklamak üçin köp adam dermanlara, diýetalara ýa-da aýlanyp ýören nerwiň elektrik bilen gyjyndyrylmagyna bil baglaýan hem bolsa, millionlarça adam olardan peýda tapmaýar. Bu ýagdaýda beýnidäki tutgaý tutdurýan anomal dokumany operasiýa arkaly aýyrmak çözgüt hödürläp bilýär, emma beýnini operasiýa etmek örän töwekgelçilikli we çylşyrymlydyr. Şeýle-de bolsa, alymlar we ylmy barlagçylar epilepsiýany anyklamagyň we bejermegiň has netijeli ýollaryny gözlemeklerini dowam edýärler.
Dowamy
2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenbaşy şäheriniň döwlet we hususy dermanhanalarynda üç sany antibiotik derman serişdesiniň (Seftriakson, Sefazolin we Seftazidim) satuwynyň togtadylandygyny tassyklanylmadyk çeşmeler habar berýärler. Bu dermanlaryň şäherdäki hassahanalarda we saglyk öýlerinde ýerleşýän dermanhanalarda hem tapdyrmaýandygy aýdylýar.
Dowamy
Albertadaky Aýallaryň saglyk fondy 2200 sany albertaly aýallaryň gatnaşmagynda sowalnama geçirdi. Sowalnamanyň netijelerine görä, aýbaşydan galma, aýbaşy we endometrioz ýaly ýagdaýlar bilen bagly tabular bilim we ideg elýeterliligini çäklendirip bilýär.
Dowamy
Soňky 4 aýda dürli ýurtlar çagalaryň üsgülewük siroplarynyň dietilen (DEG) we etilen (EG) glikollarynyň ýokary derejeleri bilen tassyklanan ýa-da güman edilýän birnäçe zeperlenme hadysalaryny habar berdiler. Şeýle hadysalar azyndan 7 ýurtda boldy. Ýurtlaryň üçüsinde 300-den gowrak, aglabasy 5 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň ölümi ol siroplardan zäherlenme bilen baglanyşdyryldy. DEG we EG zyýanly himikatlar bolup, senagat erginleri we antifrizler hökmünde ulanylýar. Olaryň az mukdarda kabul edilmegi hem ölüme sebäp bolup bilýär. Bu himikatlar hiç wagt dermanlarda ulanylmaly däldir.
Dowamy
Birleşen Milletler Guramasy aýylganç iýmit krizisine duçar bolan 15 ýurtdaky iň ejiz çagalary goramaga çagyrýar.
Ýiti iýmit ýetmezçiligine kabul edilýän iýmitiň azalmagy ýa-da birden horlaýan ýa-da çişirýän kesel sebäp bolýar. Iýmit ýetmezçilikli çagalaryň boýuna görä agramlary pes bolýar. Şeýle-de olarda iýmit sebäpli döreýän çişleriň we beýleki degişli alamatlaryň ýüze çykmagy mümkin. Ýiti iýmit ýetmezçilikli çagalaryň immun ulgamlary gowşak bolup, olaryň köp duş gelýän çaga kesellerinden ölme töwekgelligi ýokarydyr. Olara gelejekde ençeme kesellere uçramak, okuwa ýaramaz ýetişmek hem-de nesiller boýy dowam etjek garyplyga düşmek howpy hem abanýar.
Dowamy
2018-nji ýylda Sierra Leone akyl saglygy hassalaryny psihiatrik hassahanalarda zynjyrlap saklamak ýaly kolonial döwrüň tejribeleriniň soňuna çykdy. Şondan bäri, ýurt reformalary amala aşyrmagy dowam edýär:
Dowamy
Bu iýmit goşundysy her ýyl 500,000 adamyň wagtyndan ir ölmegine sebäp bolýar hem-de ýene 5 milliard adamyň saglygyny töwekgelçilige salýar. "Trans ýaglar" ady bilen tanalýan bu zäherli himikatlar ençeme azyk önümleriniň düzüminde duş gelse-de, olar adam bedenine hiç hili peýda bermeýär.
Dowamy
Amerikanyň pediatriýa akademiýasynyň çagalarda semizligi intensiw bejermegi, şol sanda bariatrik operasiýany geçirmegi maslahat berýän täze gollanmasy berk tankytlar bilen garşylandy.
Bu gollanma semiz çagalary "bejermezden öň esawan edip garaşmak ýa-da ýerlikli bejergini gereksiz gijikdirmek" wariantlaryny ret edýär we onuň ýerine şulary maslahat berýär:
Dowamy
Dowamy