1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

bsgg incekesele garsy taze waksinaBSGG inçekesele garşy ilkinji waksinany asyryň ahyryna çenli oýlap tapmak umydy bilen inçekesel waksinasyny çykarmagy çaltlaşdyrmak boýunça geňeş döretdi.

2030-njy ýyla çenli inçekeseliň soňuna çykmak maksadyna garamazdan, kesel henizem möwçli ýaýbaňlanýar. 2021-nji ýylda 10.6 million adam inçekesel bilen keselledi we 1.6 million adam öldi. Ýakynda geçirilen bir barlaga görä, 75% täsirliligi bolan waksina 25 ýylyň dowamynda 110 million täze kesel hadysalarynyň we 12.3 million ölümiň öňüni alyp biler.

Dowamy

  • 1378 gezek okalan

HYTAÝYŇ ILATY AZALÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hytayyn ilaty azalyarHytaýyň ilaty soňky 60 ýylda ilkinji gezek azalyp, 2022-nji ýylda 850,000 adam kemeldi we 1.41 milliard boldy. Bu ýurduň ykdysadyýetiniň we saglygy goraýyş ulgamynyň gelejegi barada çynlakaý aladalary döredýär.

Dowamy

  • 1378 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

caga oli dogulmasyIň ýaramaz şertli ýurtlarda çaganyň öli dogulma ähtimallygy 20 esse ýokary bolup bilýär.

ÝUNISEF-iň 2022-nji ýylda çykaran hasabaty göwreliligiň 28-nji hepdesinden soňra çagalaryň öli dogulmasynyň görkezijilerine, sebäplerine we öňüni alyş çärelerine seredip geçýär. 2021-nji ýylda dünýäde 1.9 million çaga öli doglupdyr. Emma ençeme ýurtlaryň öli dogulýan çagalar barada ygtybarly ýa-da hiç hili hasabat ýygnamazlygy takyk sanlary bilmegi kynlaşdyrýar. Ýagdaýyň iň ýaramaz ýerlerine Saharanyň günortasyndaky ýurtlar we günorta Aziýadaky ýurtlar degişlidir. Merkezi Aziýada hem öli dogulýan çagalaryň sany boýunça Türkmenistan ýurtlaryň başyny çekýär: Ýurdumyzda her 1000 çagadan 9.5 çaga, Gazagystanda 8.1, Gyrgyzystanda 6.4, Özbegistanda 5.9 we Täjigistanda 9.1 çaga öli dogulýar.

Dowamy

  • 1313 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

turkiyanin lukmancylyk jemgyyetine gunaGeçen ýylyň oktýabrynda Türk lukmançylyk birleşiginiň prezidenti Sebnem Korur Finjanji Türkiýede terror hasaplanýan Kürdistan Işçileriniň Partiýasynyň (PKK) adyndan propaganda ýaýradýany üçin tussag edildi. Bu Finjanjiniň Yragyň demirgazygyndaky kürt harbylaryna garşy türk harbylarynyň himiki ýarag ulanandygyny derňemäge eden çagyryşyndan soň bolup geçdi. Oňa üç ýyla golaý türme tussaglygy höküm edildi, ýöne sud diňlemesi bolýança tussaglykdan boşadyldy.

Dowamy

  • 1303 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hindistan derman howp salyar2022-nji ýylyň dekabrynyň ahyrynda Özbegistanda azyndan 19 çaganyň ölümine sebäp bolan üsgülewük siroby Hindistandaky farmasewtik kompaniýalaryň gowşak gözegçiligini we düzgünlerini ýene bir gezek paş etdi. 2022-nji ýylyň tomsunda Gambiýada azyndan 70 çaga Hindistandaky Maiden Pharmaceuticals kompaniýasynyň öndüren üsgülewük dermanyny içeninden soň böwrek ýetmezçiliginden öldi. Sirobyň düzüminde ýürege, beýnä, böwrege zyýanly bolan etilen glikol, dietilen glikol ýaly zäherli himikatlar ulanylypdyr.

Dowamy

  • 1259 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

BMG-nyň soňky hasaplamalarynacaga oluminin onuni alyp bolardy görä, 2021-nji ýylda 5 ýaşyna ýetmedik 5 million çaga ölüpdir. Şol ýylda 5-24 ýaş aralygyndaky çagalaryň ölümçiligi 2.1 million bolup, 1.9 million çaga öli doglupdyr. Şeýle-de, Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlary dünýäde diri doglan çagalaryň bary-ýogy 29 %-ini, emma 5 ýaşa ýetmän ýogalan çagalaryň 56 %-ini düzýärler. Günorta Aziýada bolsa bu görkeziji 26%.

Ýatlatsak, Türkmenistan hem Merkezi Aziýa sebitinde 5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçiliginiň iň köp bolup geçýän (her 1000 çagadan 46 çaga) ýurdy bolup galýar.

Dowamy

  • 1218 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid xbb 1 52022-nji ýylyň dekabrynyň soňky hepdesinde ABŞ-daky COVID-19 hadysalarynyň 44.1 %-ne XBB we XBB.1.5 ştamlarynyň sebäp bolandygy çaklanylýar. BSGG görä, bu ştamlar dünýäniň 28 ýurdunda hasaba alyndy. XBB.1.5 ştamy häzire çenli bellige alnan Omikron-yň iň ýokançly görnüşidir. Bu ştamyň düzümindäki mutasiýalar öýjüklere birikmäge we aňsat köpelmäge mümkinçilik berip, onuň çalt ýaýramagyna getirýärler.

Dowamy

  • 1339 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

waksina yokusmany azaltdyLondonyň jynsy saglyk klinikalarynda geçirilen uly ylmy barlaga görä, mama kesellerine garşy modifisirlenen Ankara (MVA-BN) waksinasynyň bir dozasyny alan pasiýentleriň arasynda maýmyn mama (iňlisçe: mpox) keseliniň ýokuşma hadysalary azalypdyr. Barlagyň netijeleri waksinanyň netijeliligini kesgitlemek üçin syýasatçylara peýdalydyr. Emma, waksinanyň täsirsizlik derejesini we immunitetiň jogap beriş dowamlylygyny has gowy anyklamak üçin köptaraplaýyn barlaglar zerur.

  • 1405 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

saglygy gorayys ulgamynda korrupsiyaÖzbegistanyň saglygy goraýyş ministri Amrillo Inoýatow 2023-nji ýyly saglygy goraýyş ulgamynda korrupsiýa garşy göreş ýyly diýip yglan etdi. "Işiň gurluşyny, esasanam şepagat uýalarynyň bäbekhanalarda hoşallyk pullaryny ("aklyk") alýandygyny, kesarewo kesimi operasiýasy üçin alynýan paralary, tanyş üsti bilen buýruklaryň berilýändigini hemmeler bilýär" – diýip, Amrillo Inoýatow belledi.

  • 1205 gezek okalan