BSGG-nyň täze hasabatyna
görä, göwrelilik we çaga dogurmak ölüm töwekgelçilikli bolup, 2020-nji ýylda 287,000 enäniň ölümine sebäp boldy. Bu eneleri goramak ugrundaky tagallalaryň "aladalandyryjy" şowsuzlygyny görkezýär.
Dowamy
Russiýanyň Ukraina çozuş edip başlany bäri Ukrainanyň saglygy goraýyş ulgamlaryna bilkastlaýyn we uçdantutma hüjümler edildi. Bu barada şeýle zalymlygy kanuny jogapkärçilige çekmäge ýol açmagy maksat edinýän täze derňewde bellenilýär.
Adam hukuklaryny goraýjylar 2022-nji ýylyň 24-nji fewraly we 31-nji dekabry aralygynda Ukrainanyň saglygy goraýyş ulgamyna edilen 707 sany rehimsiz hüjümleri hasaba aldylar. Hüjümlere hassahanalary bombalamalar, lukmanlary gynamalar, tiz kömek ulaglaryna ok atmalar we klinikalary talamalar degişli.
Dowamy
Talibanyň ýaragly agzalary kontraseptiwleriň Günbatar döwletleriniň musulman ilatyny azaltmak üçin guran hilesidigini aýdyp we akuşerleri gorkuzyp, Kabul we Mazar-i-Şarif dermanhanalaryndan kontraseptiwleri aýyrýarlar.
"Şu aýyň başyndan bäri Depo-Provera sanjymlary we göwreliligiň öňüni alyş girdejikleri ýaly kontraseptiwleri dermanhanada satmaga rugsat berilmeýär. Zapasdaky kontraseptiwleri hem satmakdan örän gorkýarys" – diýip, kabully dükan eýesi aýdýar.
Dowamy
Her ýylyň 3-nji martynda Bütindünýä Eşidiş Güni bellenilip geçilýär. BSGG bu günde ähli ýurtlary kerligiň we eşidişiň peselmeginiň öňüni almaga we eşidiş idegini ilkinji lukmançylyk kömeginiň aýrylmaz bölegine öwürmegi öňe sürmäge çagyrýar.
Eşidişi pes adamlar daş-töweregindäki sesleri we gürrüňleri sähelçe eşidip bilýärler, kerler bolsa asla eşidip bilmeýärler ýa-da çala eşitseler-de dile düşünmeýärler.
Dowamy
ABŞ-nyň Milli saglyk institutynyň maliýeleşdiren ylmy gözleginiň syçanlarda geçirilen irki synag tapgyrynda TDI-11861 atly dermanyň bir dozasy tohumlanmadan öň we soň spermalary işjeňsizleşdirdi. Dermanyň täsiri 3 sagat töweregi dowam etdi. 24 sagada çenli derman bütinleý täsirliligini ýitirip, täze spermalar kadaly hereket edip başlady.
Dermanyň adamlarda synag edilip başlanmazyndan ozal, ýene ençeme gezek haýwanlarda synagdan geçmesi zerur we meýilleşdirilýär.
Dowamy
Kömelekler daş-töweregimizde, dem alýan howamyzda, elleýän ýerlerimizde, bedenimiziň içinde we daşynda ýaşaýarlar. Emma, immunitetimiz kadaly işlän halatynda, köpümize kömelekli ýokançlyklaryň ýokuşma töwekgelçiligi pes. Kömelekli ýokançlyklaryň aglabasy immuniteti pes adamlara, şol sanda AIW infeksiýasy bejerilmediklere we rak bejergilerini alýanlara, organ transplantasiýasyny geçirenlere ýa autoimmun kesellerine garşy dermanlary kabul edýänlere ýokuşýar. Her ýyl kömelekler bütin dünýäde 13 million ýokançlyga we 1.5 million adamyň ölümine sebäp bolýar.
Dowamy
2003-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň hökümeti Gazagystanyň AIW/AIDS kesellerine garşy göreşine goldaw hökmünde ýurda 50 million dollar kömek berdi. Bu kömek Amerikanyň prezidentiniň AIDS üçin dessin çäreler taslamasy PEPFAR-yň üsti bilen amala aşyryldy.
Soňky ýigrimi ýylyň içinde ABŞ-nyň bu maliýe kömeginiň netijesinde ägirt uly ösüşler gazanyldy. 2022-nji ýylyň hasabatlaryna görä, Gazagystanda AIW bilen ýaşaýan adamlaryň 87%-i antiretrowirus terapiýasy bilen üstünlikli bejergi alýarlar. Şeýle-de, AIW diagnozy goýlan pasiýentleriň 90%-i, hatda ýurduň çet ýerlerinde ýaşaýanlar hem, diagnozdan soňra 7 günüň içinde bejergi almaga başlaýarlar.
Dowamy
Çagalykda stresli wakalary başdan geçirmek – esasanda maddy kynçylyklar – beýnä zyýanly täsir edip, onuň strese we trawma jogap berýän bölümini üýtgedip bilýär.
Amerikada ylmy barlagçylar magnit-rezonans tomografiýasynyň (MRT) kömegi bilen, müňlerçe 9-10 ýaşly çagalaryň beýnileriniň dürli böleklerini ölçediler. Barlagçylar hususanda beýniniň emosiýalary we howpy kabul edýän we olardan netije çykarýan 3 bölegini aýratyn synladylar:
Dowamy
The Lancet
žurnalynyň çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmäge bagyşlan hasabatlar toplumyna görä, emeli çaga iýmitini (formula) öndürýän kompaniýalar satuwy köpeltmek üçin ene-atalaryň duýgularyny ekspluatasiýa edýän we ylmy maglumatlary manipulirleýän marketing taktikalaryny ulanýarlar.
Dowamy
ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Roe v. Wade dawasyny ýatyrandan soň, aborty goldaýan hukuk goraýjylar bu karary "şerigat kanunyna" meňzedip ýazgardylar we Tehasdaky kanun çykaryjylary "Tehas Talibanlary" diýip atlandyrdylar.
Emma, bu deňeşdirme yslam taglymatyna düşünmezligi, onuň ýönekeýleşdirilmegini we amerikan musulmanlarynyň abort meselesine çylşyrymly garaýyşlaryny görkezýär.
Dowamy