Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Howa hapalaýjy bölejikler demgysma we allergiýadan başga, onkologik kesellere-de eltip bilýär.
Hapa howanyň öýken ragy bilen bagly bolmagy geň zat däldir. Biz hapa howadan dem alanymyzda gaty bölejikleri içimize sorýarys we olar organlarymyza ornaşyp, onkologik keselleriň emele gelmegine getirýär. Soňky barlaglar howanyň hapalanmagynyň bagyr ragynda, süýt we aşgazanasty mäzleriniň ragynda ölüm howpuny hem artdyrýandygyny görkezýär.
Saglyk redaksiýasy Okajak.com saýtynyň düýbüni tutujylar we dolandyryjalar bilen söhbetdeş boldy.
Bu başlangyjyňyzyň maksatlary barada aýdaýsaňyz. Websaýtyňyzda nähili maglumatlar bar?
Okajak: Türkmenistanda ýaşlaryň ýüzbe-ýüz bolýan esasy meseleleriniň biri ýokary okuw we stipendiýa mümkinçiliklerinden bihabarlylyk. Şeýle mümkinçilikleriň örän kändigine garamazdan, dürli sebäplere görä olaryň köpüsinden halkymyz habarsyz bolup galýar.
Ýetginjeklikde hiç bir jynsy gatnaşyklara degişli sebäpsiz, öz-özünden ereksiýa (ujydyň gönelmegi) bolup bilýändir we bu ýagdaý ýetginjegi gorkuzmaly däldir.
Ýaş ýigit görmegeý gyzy görende, seksual manyly kitap okanda ýa-da kinofilme tomaşa edende, owadan gyzy ýa-da aýal bedenini göz öňüne getirende, ereksiýa döräp biler.
Sen bu sözlere (olar latyn sözleridir) lukmançylyga degişli kitaplarda duş gelmegiň we düşünmezligiň mümkindir. Hakykatda bolsa, bu iki söz erkek adamynyň kadaly jynsy gatnaşyklary geçirmegini häsiýetlendirýän fiziologiki ýagdaýdyr.
Ereksiýa – erkek adamynyň gyjynmagynyň täsiri bilen ujydynyň gönelmegidir. Bu hadysa ujytda ýerleşýän gowak görnüşli bedenlere ganyň gelip, olaryň dolmagy netijesinde bolup geçýär. Ereksiýa bolmasa jynsy gatnaşygy geçirmek mümkin däldir.
Gen üýtgetmek (iňlisçe: gene editing) – bu tehnologiýa arkaly organizmiň DNK-syny üýtgetmekdir. Munuň üsti bilen genomyň islendik ýerine genetik material goşup, aýryp ýa-da özgerdip bolýar.
Ilkinji jynsy gatnaşyk gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy sebäpli biraz agyryly duýgular bilen geçip biler. Ýöne bu hemişe agyrynyň boljakdygyny aňlatmaýar. Gyzlyk perde gan damarlaryny we nerw süýümlerini saklaýandyr. Eger ilkinji jynsy gatnaşykda ýyrtylma perdäniň nerw süýümleriniň köp ýygnanan ýerinden başlasa, bu agyryly duýgyny berip biler.
Bu maglumat Ekonomist (the Economist) žurnalynda Metan Awçulary (the Methane Hunters) ady bilen 2020-nji ýylyň fewral aýynda çap edildi. Kler atly emeli hemra 2019-njy ýylyň ýanwarynda günbatar Türkmenistanda läbik wulkanlaryň emissiýasynyň gözlegine çykýar. Gözlegiň dowamynda Kler töwerege ýaýrap barýan metan gazynyň ullakan dumanyna duşýar. 15 kg göwrümli Kler hemrasy 2016-njy ýylyň iýunynda kömürturşy we metan gazlarynyň emissiýalaryny ölçemek üçin äleme uçuryldy. Kler islendik senagat önümçilik zawodyndan syzýan gazlary we suwuklyklary anyklap bilýär.
Jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygy barada geçirlen barlaglar hem ol görkezijileriň üýtgäp bilýändigini aýan edýär. Lukmanlar ortaça bu gatnaşyklaryň 5-6 minut dowamlylygyny belleýärler. Ýöne jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygynyň jübütleriň ýaşyna, islegine, bu gatnaşyklary geçiriş ýygylygyna baglylykda üýtgäp biljekdigini aýdyp bolar. Elbetde, örän gysgawagtlaýyn geçirlen gatnaşyk hem, juda uzak geçirilýän gatnaşyk hem düşünmezlik ýa-da birahatlyk döredip bilýändir. Şonuň üçin hem, jynsy gatnaşygyň dowamlylygy jübütleriň mümkinçiliklerine we isleglerine juda bagly görkeziji bolup, üýtgäp bilýändir. Eger bir jübütler üçin 1-2 min. dowam eden gatnaşyklar kada we lezzet beriji bolsa, başga jübüt üçin 8-10 min. dowamlylykly gatnaşyk hem azlyk edip biler.
Şonuň üçin hem, jynsy gatnaşyklarda jübütleriň biri-biriniň isleglerini, garaýyşlaryny bilmek we olary özara sylamak möhüm şert bolup durýandyr.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.