• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • Sagdyn durmuş

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ORAL JYNSY GATNAŞYGY NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (17 Ses)

jynsy terbiye 4Oral jynsy gatnaşygy erkeklik ujydynyň agza alynyp gyjyndyrylmagy arkaly geçirilýändir. Şeýle gatnaşyk ýokançlyklaryň geçmegi bilen howpludyr. Eger agyzda bakteriýalary saklaýan çüýrük, kariýesli dişler bolsa, olar erkeklik peşew ýollarynyň sowuklama kesellerine getirip bilerler. Erkeklik jyns agzalaryndaky ýokançlyklar döl bilen agza düşende merezýeli, AIW, uçugy, wirusly gepatitleri, sitomegalowirusy ýokuşdyryp biler. Adamyň papilloma wirusynyň ýokuşmagy bolsa bokurgadyň rak keseline getirip bilýändir. Ýokuşma howpy agyz boşlugynda kiçijik ýarajyklar, sypjyryklar, jaýryklar bolanda has hem ýokarlanyp bilýär.

Oral jynsy gatnaşyklarda howpsuzlyk çäresini berjaý etmek üçin prezerwatiwleri ulanmak hökmanydyr.

  • 4131 gezek okalan

KUNNILINGUS NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (13 Ses)

jynsy terbiye 3Kunnilingus düşünjesi – jynsy gatnaşyklarda aýalyň daşky jyns agzalaryny diliň, dodaklaryň, burnuň kömegi bilen gyjyndyrma hereketini aňladýandyr. Kunnilingusy jynsy gatnaşyklarynda ulanýan jübütler biri-birine arassaçylyk çäreleri babatda ynamly bolmalydyr. Çunki onuň üsti bilen uçuk wirusy, gepatitler, sitomegalowirusy, merezýel, sözenek keseli ýokuşyp bilýändir. Doly goraglylygy berjaý etmek üçin kunnilingus geçirlende ýörite prezerwatiwleri ulanmak ýa-da adaty prezerwatiwy ortasyndan kesip jyns agzalaryň üstüne goýup ulanma maslahat berilýändir.

  • 3073 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

oz ozuni bejermekAdam bedeni üçin her derman del himiki madda bolup durýandyr. Şonuň üçin hem lukman size derman serişdesini bellände, onuň peýdaly we döräp biljek zyýanly taraplarynyň gatnaşygyny göz öňüne tutýar.

Eger siz lukman bolmasaňyz, onda ynamlylyk bilen özüňize kesel kesgidini goýup bilmersiňiz. Käbir ýagdaýlarda hatda hünärmene hem laborator barlaglardan geçirip, dogry bejeriş üçin lukmanlaryň toparynyň maslahatyny almak zerur bolýar. Özüňize özbaşdak ýa-da tanyşlaryňyzyň maslahat bermegi bilen derman saýlanyňyzda, peýdasyz, hatda zyýanly dermanlary almak töwekgelçiliginden gaça durup bilmersiňiz. Siz dermanhananyň işgäriniň kömegine bil baglaýan bolsaňyz, onda ýalňyşýarsyňyz. Farmasewt siziň ýagdaýyňyza doly baha berip bilmeýär we öz beren maslahatlarynyň netijesine jogap bermeýär.

Dowamy

  • 2332 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

jynsy terbiye 2Ýaşyna garamazdan, jynsy agzalary bilen bagly kynçylyklar ýüze çykanda gyzlar ginekolog lukmanyna ýüz tutýarlar. Oglanlar hem, ýaşyna garamazdan erkeklik jyns agzalarynyň keselleri dörände urolog lukmanlaryna ýüz tutmalydyr. Aslynda hem gyzlar, hem oglanlar diňe bir kesel dörände däl-de, ýylda bir gezek keselleriň öňüni alyş barlaglary geçmelidir.

Soňky ýyllarda urolog lukmanyndan başga-da, erkek adamlara seredýän androlog lukmany taýynlanyp başlandy. Bu lukmanlar diňe bir erkeklik agzalarynyň saglygy däl-de, seksual saglygy, seksual işjeňligi meseleleri babatda hem bejergi geçirýärler. Bu lukmanlaryň maslahatyny siz özüňiziň degişli Saglyk Öýleriňize, Bejeriş we Sagaldyş merkezlerine ýüz tutup alyp bilersiňiz.

  • 2701 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (9 Ses)

jynsy terbiyeElbetde, seksual saglygyňa degişli soraglar seni gyzyklandyryp, sen oňa degişli soraglaryňa dogry jogap tapasyň geler. Ýöne başga tarapdan, beýle soraglar başgalardan tapawutlanýarlar we olar barada sen her kimden sorap bilmersiň. Aslynda, diňe bir seksual saglygyňa degişli däl, hemme soraglary hem sen ene-ataňa, uly doganlaryňa berip, açyk jogaby, düşündirişleri almak gowy çykalga bolup durýar. Ýöne köp ýetginjekler bu soraglary maşgala agzalaryna berip, söhbetdeş bolmakdan çekinýärler.

Dowamy

  • 3266 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (15 Ses)

jynsy terbiye 7Oglanyň jynsy gatnaşygy geçirmändigini, ýagny onuň boý oglandygyny görkezýän, subut edýän alamat ýokdur. Oglanlaryň gatnaşyklarda bolandygyny görkezýän anatomiki alamat bolmaýar. Dogry, oglanyň ýygra, utanjaň bolmagy, gyz bilen aňsat gürrüň açyp bilmezligi, söýgi ýa-da jynsy gatnaşyklar barada gürrüň açylanda gyzaryp utanmagy onuň tejribesiz, boý oglanlygyndan habar berip biler. Ýöne başga tarapdan, kä ýaş ýigitler entek jynsy gatnaşygy geçirmedik bolsa-da, özlerini bu ugurdan bilermen, tejribeli görkezmäge çalşyp bilerler. Görşümiz ýaly, oglanyň gatnaşyklarda tejribelidigini ýa-da tejribesizdigini diňe ondan sorap ýa-da özüniň boýun almalaryndan anyklap bolýandyr. Şonuň üçin hem jübütleriň biri-birine ynanyp, pikir alyşmagy, gönümel, açyk gürrüňdeşligi alyp barmagy özara gyzyklanmalar, seniň taýyň öňki tejribesi, islegleri barada peýdaly boljak maglumatlary berip biler.

  • 4523 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

jynsy terbiye 6Ilkinji gezek jynsy gatnaşygy geçirendigiňi daş-töweregiňdäki adamlar duýup, anyklap bilmeýär. Sebäbi seniň daşky keşbiňde jynsy gatnaşygy geçirendigiňi aýan edip biljek hiç hili alamat bolmaýar. Şeýle hem ýaýran ýalňyş düşünjelere görä, gyzyň göwüsleriniň, ýanbaşynyň ýa-da butlarynyň görnüşlerinden hem jynsy gatnaşygy geçirip-geçirmändigi barada bilip bolmaýar.

  • 3838 gezek okalan

G-NOKADY NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (12 Ses)

jynsy terbiye 5G-nokady barada maglumata belki sen Internet ulgamynda duşansyň. G-nokady – jynshananyň öňki diwarynda, onuň girelgesinden 5-6 sm. daşlykda ýerleşýän duýgur nokat bolup durýandyr. Bu nokadyň gyjyndyrylmagy aýal maşgala lezzetlilik bermäge ukyplydyr.

  • 3044 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

jynsy terbiye 4Zenanlarda orgazmyň duýulyp – duýulmazlygy bilen çaga galmak-göwreli bolmak ukybynyň hiç hili baglanşygy ýokdur. Eger aýalyň ýumurtgalyklary kadaly işläp, aýal jyns öýjügi emele gelýän bolsa we jynsy gatnaşyklary göwreliligiň galmagy üçin ýaramly günleri geçirlen bolsa, aýal orgazm duýgusyny duýmadyk bolsa hem göwrelilik galyp bilýändir.

  • 3315 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

global saglykLancet žurnalynyň 2019-njy ýylda çykaran Keseliň Dünýä Salýan Agramy atly hasabatynda soňky 70 ýylyň dowamynda adamlaryň saglygynyň yzygiderli gowulaşandygy aýdylýar. Şeýle-de bolsa, global saglyga bütinleý täzeçe çemeleşmek zerurdyr.

Gowy habarlar: 2000-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli, täze dogulýan çagalaryň ömrüniň dowamlylygy 67.2 ýyldan 73.5 ýyla galdy. Şeýle-de, 5 ýaşdan kiçi çagalaryň ölümçiligi 9.6 milliondan 5 milliona düşdi.

Ulalýan kynçylyklar: Hasabat global saglygyň 21-nji asyrdaky ýagdaýy barada "ynjalyksyzlandyrýan soraglary" oýarýar. Ol soraglaryň içine garrap barýan ilat, ýokanç däl keseller, we beýleki kynçylyklar girýär.

Dowamy

  • 2518 gezek okalan