Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
"Gyzym, bes et indi dyrnaklaryňy gemirmäni. Iciň gurçukdan dolar" diýen sözleri men çagalyk döwrümde enem-atamdan ýygy-ýygydan eşidýärdim. Zyýanly hem gelşiksizdigine düşünsem-de, maňa bu endigi taşlamak kyndy. Men ýaşym gitdigiçe, dyrnaklarymy gemirmekden gutulmak maksady bilen, köpler bilen sorag-jogap alyşmaga başladym. Dürli çeşmelerden maglumatlary okadym. Şeýlelik bilen hem, dyrnak gemirme endiginiň sebäpleriniň we ony bes etmäge kömek edip biljek usullaryň üstünden bardym.
Her ýylyň 3-nji dekabrynda Maýyplaryň Halkara güni bellenilip geçilýär. Ýöne öz durmuşy, kynçylyklary, islegleri, howsalasy, agyrsy bilen biziň aramyzda ýaşaýan bu adamlar aýratyn düşünmä, kömege, garaýşa mynasyp bolup, olar barada dine şu gün ýatlama adamçylyk jähtinden uly ýalňyşlyk bolardy.
Maýyp – fiziki, akyl ýetirme, duýuş we ruhy taýdan bozulmalary sebäpli jemgyýetde ýaşaýşa ukyplylygy çäklenen adamdyr. Bu bolsa maýyplygyň dürli derejeleri bilen häsiýetlendirilýändir. Günbatarda häzir "maýyp" sözi ulanylmaýar. Şeýle adamlary "mümkinçiligi çäklendirilen adamlar" diýip atlandyrýarlar.
Biziň köpümiz AIW-iň ýokuşma töwekgelçiligine howaýy zat höküminde garaýarys we häzirlikçe bu wirusyň bize ýokuşmajakdygyna ynamly bolýarys. Bir gezek geçirlen jynsy gatnaşyklaryň ýa-da adaty bolmadyk jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen bu wirusy "peşgeş" almajakdygymyz barada ýalňyş düşünjelere aldanyp gezýäris.
Ilkinji gezek geçirlýän jynsy gatnaşyklarda hem ýoldaşyňyz bu wirusy göteriji bolup, siz prezerwatiw ulanmadyk bolsaňyz, ýokuşmanyň bolup biljekdiginden habarly bolmalydyr. Soňky jynsy gatnaşyklary bu töwekgelçiligi has hem artdyrýandyr. Şeýle hem, bu töwekgelçilik aýbaşy döwründe geçirilýän goragsyz jynsy gatnaşyklarda, ýatga spiral goýlan bolsa we bejerilmedik jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlyklaryň bolan wagty has hem ýokarlanýandyr. AIDS keseliniň döremegine getirip biljek AIW-iň beden suwukluklary – ganyň, dölüň, jynshana bölünip çykmalaryň, ene süýdüniň üsti bilen ýokuşýandygyny ýatda saklamalydyr.
Kegeliň maşklary – çanaklyk düýbüniň myşsalarynyň çeýeligini ýokarlandyrmaga kömek berýän maşklardyr. Kaliforniýaly aýal lukmany Arnold Kegel (suratdaky) öz işläp düzen maşklar toplumy barada ilkinji gezek 1948-nji ýylda söz açýar. Gündelik durmuşda çanaklyk düýbüniň myşsalary herekete getirilip türgenleşdirilmeýär we wagtyň geçmegi bilen olar öz çeýeligini ýitirip, gowşak ýagdaýa eýe bolýar. Ilkibaşda olar peşewi saklap bilmezlik, ýatgynyň aşak düşmegi ýaly kynçylyklardan kösenýän aýallar üçin niýetlenen bolsa-da, ol maşklar jynsy gowşaklygyň öňüni almagy isleýän erkek adamlar üçin hem peýdaly boldy.
Adam öz durmuşynyň tamamlanyp barýanyna haçan göz ýetirýärkä? 60 ýaşdamy ýa-da 70-de? Bizde "Kyrkdan soň – pyrk" diýen düşünje hem bar. Otuzdan biraz alyp ugranymyzda biz entek wagtymyzyň bardygyny bilýäris we köp durmuşy işlere ýetişjekdigimize ynamymyz bar. Ýöne ýetişmek wajypdyr. Biz öz ýaşlygymyzy näçe manyly, peýdaly geçirdigimizçe, şonçada bize eşretli we gaýgysyz garrylyk garaşýandyr.
Ilçilikde häli-şindi: "Pylanyň ogly, gyzy ýa-da özi janyna kast edipdir" diýen ýaly gynançly habarlary eşdip durýarys. Eşden badymyza hem bolan ýagdaýa ynanman "nätdiňaý, pahyr bolmandyraý" ýaly geň galyjy we gynanç bildiriji sözleri aýdýarys. Göräýmäne sagat, hemme zatdan üpjün ýaşap ýören biriniň, beýle ýoly saýlap, ýaşaýyş bilen hoşlaşmagy gaty gynandyryjy ýagdaý. Ýurdumyzda öz janyna kast etmeklik barada anyk statistiki maglumat bolmasa hem, bu ýagdaýyň ýygy-ýygydan duş gelýändigini hemmämiz bilýändiris, görendiris ýa-da öz janyna kast etmek bilen ýogalan ýakyn garyndaşyňyzyň, goýup giden derdini çekip ýöreniňiz bardyr...
Aýal maşgalalaryň köpüsi jynhananyň hemişe gury bolmalydygy barada ynamly bolup, islendik bölünip çykmalara keselçiligiň alamaty höküminde seredýärler we olardan dynmagyň çärelerini gözleýärler. Olar belli häsiýetli bölünip çykmalaryň beden üçin edil tüýküligiň, göz ýaşynyň, ödüň we başga bölünip çykmalaryň adatylygy ýaly kadaly hadysa bolup durýandygyndan habarsyzdyrlar.
Başga tarapdan bolsa, jynshanadan bölünip çykmalaryň häsiýetiniň we mukdarynyň üýtgemeginiň jyns ulgamynyň keselleriniň alamatydygyny bilmelidir. Ginekolog lukmanyna wagtynda ýüz tutmak üçin, kada bilen döreýän keseliň arasyndaky araçägi kesgitläp bilmek möhümdir.
Göräýmäge sabyn, diş çotgasy, diş pastasy we beýleki arassaçylyk serişdeleri biziň durmuşymyzda ulanmaga niýetlenen adaty we hökmany zatlar hasaplanyp, elleri ýuwma, günde suwa düşme endik höküminde kabul edilýär. Ýöne bu hemişe şeýle bolýarmyka?
Nielsen kompaniýasynyň işgärleri adaty bolmadyk seljermeleri geçirdiler. Olary dünýäde haýsy halklaryň arassaçyldygy baradaky maglumatlar gyzyklandyrdy. "Delfi" neşirýaty birinji ýeri latwiýalylaryň eýeländigini ýazýar. Onuň tersine, Ýaponiýanyň we Taýwanyň soralan ýaşaýjylarynyň 9%-niň asla hem şahsy gigiýeniki serişdeleri satyn almaýandygy ýüze çykaryldy. Onuň ýaly serişdelere sabyn, diş pastasy we dezodorantlar degişli edildi. Latwiýada onuň ýaly serişdeleri soralanlaryň 100%-i satyn alypdyr.
Siz arassaçylyk barada hemme zady bilýärsiňiz diýip pikir edýärsiňizmi? Onda biz sizi geň galdyrarys.
Biz her gün diýen ýaly arassalaýarys, ýuwýarys... Ýöne biz düşek daşylarydyr pižamany ýa-da gapjykdyr, el telefonynyň nähili ýygylykda ýuwlup-süpürilmelidigini nähili kesgitlemeli? Adatça biz tämizleýiş işlerini endik edişimize görä wagtymyz bolanda ýa-da ene-atalarymyzyň başda öwredişleri ýaly ýerine ýetirýäris. Ýöne bu çäreler hemişe dogry ýerine ýetirilmeýär. Bu babatda ekspertler şeýle maslahatlary berýärler.
Isleglerine garamazdan, erkekleriň hemmesi aýallaryna jynsy gatnaşyklarynda hakyky, lezzetli duýgulary peşgeş bermäge ukyply däldirler. Erkek adamlaryň köpüsi jynsy gatnaşyklaryny geçirmegiň ýagdaýlaryna, usullaryna, tehnikasyna üns berýän bolsalar hem, aýal bilen bolan bu gatnaşyklarynyň emosional, duýgurlylyk tarapyna az üns berýärler ýa-da asla ony ünsden düşürýärler. Köp erkek adamlaryň pikiriçe, jynsy birleşmeden öňki oýunlar, sypalamalar, posa alyşmalar gerekmejek wagt geçirmeler diýip hasaplanýar. Aýal maşgalanyň teni juda duýgur, erogen nokatlaryna baý bolup, emosional duýgulary başdan geçirme, özi bilen bolup geçýän seksual hadysalarynyň jadylaýjy akymyny duýma talaby olar üçin wajyp bolup durýandyr.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.