Meksika kämillik ýaşyna ýetmediklere ýaramaz iýmitleri we şekerli içgileri satmak gadagançylygyny girizdi, ýöne ýurtda iň elýeterli içgi bolan Coca-Cola entegem ýokary derejelerde kabul edilýär. Kompaniýanyň lobbi güýji "eýgertmejege" meňzeýär.
Dowamy
Dowamy
Dowamy
BSGG patogen (kesel dörediji) kömelekleriň ilkinji sanawyny çykardy. Bu 19 organizm ilatyň saglygyna iň uly howp salýan patogen kömelekleri hasaplanýar we olar klimatyň üýtgemegi zerarly bejergilere has durnuklaşyp, dünýäniň has köp sebitine ýaýrap barýarlar.
Dowamy
Lancet Countdown
-yň soňky hasabatyna görä, klimatyň üýtgemeginiň täsiri gitdigiçe güýçlenýärkä döwletler yzgiderli adamlaryň saglygyna zyýan ýetirjek ýalňyş kararlary berýärler.
Gazylyp alynýan ýangyçlara bolan global isleg klimatyň üýtgemegini güýçlendirip, her materikde müňlerçe adamyň ölümine we 2021-nji ýylda $250 milliarddan gowrak zyýana goýan howa betbagtçylyklaryna sebäp boldy.
Dowamy
Biz rak keselli adamlara "raklylar", depressiýadaky adamlara "depressiýalylar" diýmeýäris, ýöne garaşlylykdan ejir çekýänler üçin "arakhor" ýa-da "neşekeş" ýaly tankydy sözleri ulanýarys.
Dowamy
Täze uly ylmy gözleg COVID-iň uzak dowam edýän alamatlarynyň adamlaryň ep-esli böleginiň ýaşaýyş hiline uzak möhletleýin täsiri baradaky aladalary tassyklady.
Nature Communications žurnalynda ýakynda çap edilen ylmy barlagda SARS-CoV-2 ýokuşan 33,000+ adamdan ybarat toparyň 6% -iniň entek doly sagalmandygy we 42% -iniň wirus ýokuşanyndan 18 aý soň hem diňe bölekleýin sagalandygy anyklandy. Barlaga hiç wagt koronawirus ýokuşmadyk 63,000 töweregi adam hem gatnaşdy.
Dowamy
Mobil aýbaşy kalendarlary, awtoulag belgileri we göwreliligi hasaba alýan ýazgylar aborta garşy göreşmek üçin ulanylýar we bu abort etdirmek isleýänleri gorkuzýar.
Dowamy
12-nji oktýabrda Nature žurnalynda çap edilen 7 ýyllyk ylmy-gözlegde adamyň kök öýjüklerinden (rusça: стволовая клетка; bedende islendik görnüşli öýjüge öwrülip bilýän ýönekeý öýjükler) ösdürilen strukturalar täze doglan alaka çagalarynyň beýnilerine, esasanam beýniniň duýujy organlar bilen aragatnaşyk edýän bölegine sanjym edildi.
Dowamy
Liberiýa dünýäde täze doglan bäbekleriň we eneleriň iň köp ölýän ýurtlarynyň biri. Ýurtda hassahanada dogurmak isleýän aýallardan dogrum üçin zerur bolan esasy zerişdeleri özleriniň getirmegi talap edilýär – bu bolsa ýagdaýy gowulaşdyrmakda esasy päsgelçilikdir.
Dowamy