Eýranda geçen aý Mahsa Amini polisiýa edarasynda ölenden soň, ýurtda demonstrasiýalar möwç aldy. Hökümet protestleri güýç bilen basyp ýatyrjak bolmaga başlany bäri, azyndan 23 çaga (käbiri 11 ýaşly) eýran howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi.
Hindistanyň Ýokary kazyýeti durmuşa çykmadyklara aborty gadagan edýän 51 ýyllyk kanuny ýatyryp, nikada durandygyna ýa dälligine garamazdan ähli aýal-gyzlara howpsuz we kanuny abort etdirmäge hukuk berdi.
Täze karar her bir aýala göwreliligiň 24-nji hepdesine çenli abort etdirmek hukugyny kepillendirýär we aýallaryň "reproduktiw özbaşdaklygyna" üns çekip, üçünji tarap bilen maslahatlaşmazdan abort etdirmäge rugsat berýär.
Alsgeýmeriň irki döwrüni başdan geçirýän pasiýentlere ýakyndan gözegçilik edilen kliniki synagda lecanemab dermany kognitiw (akyl ýetirme) ukybyň peselmegini 27% haýallatdy.
Lecanemab dermanyny Ýaponiýanyň Eisai we ABŞ-nyň Biogen kompaniýalary bilelikde taýýarladylar. Derman entek ekspertleriň synyndan geçmese-de, kompaniýalar dermanyň görkezen netijesini "statistiki taýdan uly" hasaplaýarlar we dermanyň ulanyşa çykarylmagy üçin Azyk we Derman Serişdeleri Administrasiýasynyň (FDA) dessin tassyknamasyny almagy meýilleşdirýärler.
Ýene bir barlag COVID-19 infeksiýasyndan soň newrologik bozulmalaryň döreýändigini tassyklady.
Waşington uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň ylmy barlagçylarynyň geçiren täze barlagyna görä, infeksiýadan bir ýyl soň beýnide insult we ýatkeşlik meselelerinden başlap, depressiýa, dartgynlylyk we çakyza ýaly ençeme keselleriň döreme töwekgelçiligi ýokarlanýar.
Ýokanç däl keseller (ÝDK) her 2 sekuntda bir adamy, ýylda 41 million adamy öldürýärler we dünýädäki ölümleriň 74%-ine sebäp bolýarlar.
BMG-nyň Baş Assambleýasynda BSGG-nyň beren täze hasabatyna görä, ÝDK-lar döwrümiziň iň uly saglyk we ösüş meselelerinden biri bolsa-da, olar ünsden düşürilýär we ýeterlik maliýeleşdirilmeýär.
Adam söwdasy boýunça global maglumat merkeziniň hasabatyna görä, 2005-2021 ýyllar aralygynda Merkezi Aziýanyň 6000-den gowrak raýaty jynsy, zähmet ýa-da başga görnüşli gulçulyga sezewar bolýarlar. Bularyň hem 525 sanysynyň Türkmenistanyň raýatlarydygy bellenilýär. Gulçulykdaky türkmenistanlylaryň 54%-i Türkiýede ýaşaýar we olaryň hem 60%-ne golaýyny aýallar düzýär.
Tennessi ştatynda azyndan 154 sany AIW keselli adam "zorluk ediji jynsy jenaýatçy" hökmünde hasaba alyndy. Bu kesgitleme aýratynam olaryň AIW keseli bilen baglanyşykly. Tennessi ABŞ-nyň AIW-i jenaýat hasaplap gelýän 35 ştatyndan biri bolup, ol ýerde bu kanun juda berk ýöredilýär.
Halkara Zähmet Guramasy (HZG), "Walk Free" halkara adam hukuklary guramasy we Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) tarapyndan taýýarlanylan hasabata görä, islendik günde 49.6 million adam döwrebap gulçulyga sezewar bolýar. Olar ýa öz isleglerine garşy işledilýärler ýa-da mejbury nikada saklanylýarlar.
Soňky 23 ýylyň içinde ABŞ-da 50 aýal göwresindäki çagasy aýrylanyndan ýa öli doglanyndan soň neşe testiniň pozitiw çykandygy sebäpli adam öldürmekde ýa-da çagany idegsiz goýmakda aýyplandy.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.