ANTIBIOTIKLER GÜÝÇDEN GAÇÝARLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

drug resistant featureIndi dünýädäki ölümleriň aglabasy mikroblaryň antibiotik serişdelerine bolan durnuklylygy zerarly ýüze çykýar. 2019-njy ýylda antibiotiklere durnukly bakteriýalaryň infeksiýasy 1.2 million (has kän bolmagy örän ähtimal) adamyň ölümine getirdi.

200 ýurduň we territoriýanyň derňewleriniň jemi bolan täze barlagda antibiotiklere durnuklylygyň AIW/AIDS we malariýa (gyzzyrma) kesellerinden hem köp adamy öldürýändiginiň üsti açyldy. Bu ölümleriň müňlerçesine köp duş gelýän we öň bejerilip ýörlen infeksiýalar sebäp bolýarlar. Indi welin, bu kesellere sebäp bolýan bakteriýalara antibiotik bejergiler täsir etmän başlady.

Dowamy

  • 2073 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

pestisid satuwyAdamlary we tebigaty ölüm howpuna salýan pestisidler dünýä ýüzünde ekin-meýdanlaryna barha köp sepilýär. Pestisidler eýýäm millionlarça daýhany zäherledi. Olaryň giňden ulanylmagy ekologiýa ýetirilýän zyýanyň gözbaşynda durýar.

Oba hojalyk inženeri Sýuzan Hafmans "Ekin-meýdanlarynyň töwereginde ýaşamaýan hem bolsak, biz pestisidlere hemme ýerlerde duş gelýäris" diýýär.

Dowamy

  • 2534 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

marokkada gyz barlaglary"Bu şagalaňly oturylyşyga meňzeýärdi" – diýip, Marokkonyň günbataryndaky Safi şäheriniň ýaşaýjysy Ibtissam goňşusynyň öýünde täze durmuş guran jübüti garşylamak üçin üýşen aýallaryň gülküsini, sazy, hyna çekilen elleri ýatlaýar.

Toýda gelniň zerurlyklaryna ýardam berýän aýal (negafa) jübütleriň öýe gelenini buşlap, çatynjalary ýatylýan otaga alyp gitdi. Az salymdan, gelniň ejesi jübütleriň otagynyň gapysyny kakdy-da, otaga girdi. Soňra bolsa gana boýalan prostyny galgadyp çykdy. Öý täze gelniň ýaňyja ýitiren gyzlygynyň baýramçylygyna öwrüldi.

Dowamy

  • 2208 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

zyyany azaltmak41 ýaşly Anton Basenkonyň aýaly, ýaşajyk ogly we halkara ykdysadyýeti boýunça magistr derejesi bar. Ol neşe sanjymyny ulanyp, 11 ýyllap köçelerde ýaşady we oňa AIW, Gepatit C keselleri ýokuşdy. Zyýany azaltmak programmasy (neşe serişdelerini ulanmagyň kanuny, sosial we saglyga zyýanly täsirlerini azaltmaga gönükdirilen programma) ony täze ýola saldy. Anton Basenko özüniň başdan geçirenlerini we şahsy garaýyşlaryny Global Health NOW bilen paýlaşdy:

Adamlar aktiwist bolup dogulmaýarlar. Meniň pikirimçe, mende aktiwist bolmakdan başga çykalga-da ýokdy.

Dowamy

  • 2336 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

pandemiya babek osusiJAMA lukmançylyk žurnalynda çap edilen kiçi göwrümli pediatriýa barlagynda pandemiýanyň dowamynda doglan bäbekler ösüş taýdan pandemiýadan öň doglanlardan has pes baha aldylar.

2020-nji ýylyň mart-dekabr aralygynda Nýu Ýork şäherinde doglan 255 sany çagany öwrenýän Kolumbiýa Uniwersitetiniň ylmy işgärleri hem bu çagalaryň sosial we hereket ediş ukyplarynyň pesdigini habar berdiler.

Dowamy

  • 2193 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oydaki nasaglarHassalara ideg etmek jemgyýetçilik saglygy goraýyş hyzmatynyň möhüm bölegi bolup, bu täze ýüze çykan jemgyýetçilik saglygy meselesi hökmünde ileri tutulmalydyr.

Idegçilik wezipesini maşgala agzalary ýa-da dost-ýarlar ýerine ýetirip, olar adatça gartaşanlara, hroniki keseli ýa-da maýyplygy bolan adamlara tölegsiz, uzak möhletleýin we jemgyýetçilik esasly kömek we ideg üpjün edýärler. Meselem: bazarlamak, tölegleri hasaplaşmak, suwa düşürmek, geýindirmek we dermanlary almak ýaly gündelik işler. Idegçiler köplenç hassalara emosional goldaw berýän we olara ýoldaş bolýan esasy adamlardyr.

Dowamy

  • 2686 gezek okalan