1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

d koreya covidGeçen günlerde Demirgazyk Koreýa ýurtda COVID-19 wirusynyň ýaýrap başlandygyny kabul etdi we 2 ýyllap wirusdan azatdygy barada köpleri şübhelendirip gezen ýurtlaryň içinde hakykaty boýun alan ilkinji ýurt boldy.

Ýurduň ýolbaşçysy Kim Joň Un maskaly çykyş edip, milli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi we tutuş ýurda lokdaun (berk hereket çäklendirmesi) girizdi. Ýurduň döwlet metbugaty paýtagt Pýoňýaňda Omikron ştamynyň bir görnüşiniň anyklanylandygyny habar berdi, emma hadysalaryň sany we infeksiýanyň çeşmesi barada maglumat bermedi.

Dowamy

  • 1740 gezek okalan

GYZAMYK PURSATDAN PEÝDALANÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gyzamyk pursatyBSGG-nyň soňky hasabatyna görä, 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 2022-nji ýylyň ilkinji 2 aýynda dünýädäki gyzamyk hadysalary 79% artdy.

Çagalaryň arasynda ölüm howply kesel bolan gyzamyk, dümewden, Eboladan we COVID-19-dan hem has çalt ýokuşýar. COVID pandemiýasynyň çagalaryň immunizasiýasyna salan bökdençlikleri, COVID çäklendirmeleriniň azaldylmagy we adamlaryň köpçülikleýin birek-birege ýakynlaşyp başlamagy gyzmagyň ýaýramasy üçin uly mümkinçilik döretdi.

Dowamy

  • 2191 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

abs abort hukukAborta degişli çäklendirmeleriň dünýä boýunça barha gowşadylýan döwründe Amerikanyň Birleşen Ştatlary aborta bolan konstitusion hukugyndan el çekmäge ýakynlaşýar.

1973-nji ýylda "Roe v. Wade" kazyýet işinden soňra ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti şeýle karar çykardy: Göwreliligiň ilkinji 3 aýlygynda enäniň lukmançylyk kömeginiň üsti bilen abort etdirmäge doly hukugy bar; göwreliligiň ikinji 3 aýlygynda her ştatyň özi enäniň saglygyny göz öňünde tutup, aborta çäklendirmeler girizip biler; göwreliligiň soňky 3 aýlygynda enäniň saglygyna we janyna howp abanmaýan ýagdaýynda, her ştat özbaşdak aborta çäklendirme girizip ýa-da ony büs-bütin gadagan edip biler.

Dowamy

  • 1774 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

caga iymit mahabatyBSGG-nyň 4 million sosial mediýa postlaryny derňäp geçiren barlagyna görä, 55 milliard dollarlyk çaga iýmiti (formulasy) senagaty ekspluatator marketing (potensial müşderileriň önümiň ýa hyzmatyň bilen gyzyklanmasyny gazanmak üçin edilýän işleriň toplumy) tärlerini ulanmak arkaly çagany ene süýdi bilen iýmitlendirme tejribelerine şek ýetirýär. Ýatlatsak, fewralda hem hut şu mesele barada bir hasabat çykypdy.

Dowamy

  • 1515 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

haywanlaryn gocusligiBütindünýä maýylganlygy haýwanlary göçüş etmäge we adatça bir ýerde ýaşamaýan haýwanlary biri-birine ýakynlaşmaga iterýär. Netijede haýwanlaryň arasynda wiruslaryň hem alyş-çalşygy bolup, olar adamlara çenli baryp ýetip bilerler. Nature žurnalynda çap edilen täze barlag 3,100 süýdemdirijiniň 4 dürli klimat üýtgemesinde edip biljek göçüşlerini öwrendi we wiruslaryň ýaýramasynyň artjakdygyny çaklady. Geljekki onýyllyklarda biz adatça gabatlaşmaýan ~300,000 janly-jandaryň ilkinji gezek duşuşmagyna garaşyp bileris – bu bolsa ~15,000 wirusyň özlerine nätanyş jandarlaryň organizmine düşmegine getirer.

Dowamy

  • 1643 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

bagyr zeperlenmesiSaglygy goraýyş edaralary çagalarda birden köpelen ýiti gepatitiň sebäbini derňemäge çalyşýarlar.

Gepatit bagyr çişmesine getirip, ölüme eltip bilýär. Kesellän çagalardan entek ýogalan bolmasa-da, birnäçe çaga bagyr transplantasiýasyny etmek zerurlygy döredi.

Dowamy

  • 1684 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yaraglar we caga olumi2020-nji ýylda ABŞ-da ýarag ölümleri awtoulag heläkçiliklerinden geçip, çagalaryň we ýetginjekleriň ölümleriniň esasy sebäbine öwrülde we 2019-njy ýyla seredende 29% köpeldi.

2020-nji ýylda ABŞ-da 1-19 ýaş aralygyndaky 4300-den gowrak çagalaryň we ýetginjekleriň ýaraglar bilen bagly sebäplerden ýogalandygy Miçigan uniwersitetiniň alymlarynyň taýýarlan CDC maglumat seljermesinde bellenilýär. Ýaraglary öz içine alýan ölümlere suisid (janyňa kast etmek), adam öldürmek we tötänleýin ölümler hem girýär.

Dowamy

  • 1521 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Gruziýawiruslar gaydyp geldi "dostlukly wiruslar" (fag wiruslary) arkaly global ölüm howply antibiotiklere durnuklylygy arzan bejergileriň nähili bejerjekligi ugrundaky ylmy barlaglaryň öňüni çekýär.

Fagoterapiýa bir asyr öň tapylan köne düşünje bolsa-da, 1930-njy ýyllarda antibiotigiň oýlanyp tapylmagy we terapiýanyň esasy alymynyň jezalandyrylmagy bilen gözleg bes edilipdi.

Dowamy

  • 1698 gezek okalan