1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

poliomiyelit galplasdyrmakPäkistanda poliomiýelite garşy waksinasiýa geçirýän işgärleriň "köpçülik bilen dildüwşüp", çagalarynyň bu waksinany almasyny islemeýän ene-atalara waksina alan ýaly hereket etmegi tabşyrýandyklaryny hökümet işgäri aýdýar. Bu waksinasiýa tagallalarynyň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan iň uly kynçylyklaryndan biridir.

Dowamy

  • 1411 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

trachomaBSGG 2020-nji ýyla çenli işjeň trahomany (ýokanç göz keseli) ýok etmek boýunça 1996-njy ýylda kabul eden programmasynyň maksadyna ýetip bilmedi. Emma, 38 ýurtdan ýygnalan maglumat seljermesine görä, 2002-2018-nji ýyllar aralygynda trahoma körlüginiň ýokuşma töwekgelçiligi 90% azaldy we 2030-njy ýyla çenli bu töwekgelçilik ýok edilip bilner.

Bütin dünýäde ýokançly körlügiň esasy sebäbi bolan işjeň, sowuklama trahomasyny Hlamidiýa trahomatis bakteriýasy döredýär. 1 ýaşdan 9 ýaşa çenli çagalaryň arasynda trahomanyň 5%-den az ýaýrama derejesi körlük töwekgelçiligini aradan aýryp biler. Programmanyň maksady taslamanyň amala aşyrylýan ýerlerinde bu derejäni gazanmakdyr.

Dowamy

  • 1735 gezek okalan

HOWA, SUW, ÖLÜM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

howa suw olumLancet Komissiýasynyň "Hapalanma we saglyk" synyna görä, her ýyl hapalanma 9 million adamyň ölümine, ýagny ölümleriň 6-dan 1-ine sebäp bolýar.

Içerlerdäki howa we suw hapalanmasy sebäpli ölenleriň sany 2015-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli azalsa-da, umumy howa hapalanmasyndan we zäherli himiki hapalanmalardan ölenleriň 7% ýokarlanmagy zerarly ölenleriň sany öňküligine galýar.

Dowamy

  • 1724 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

grant support s

Progres Fondy gazanç üçin döredilmedik jemgyýetçilik guramasy bolup, Progres.online we Saglyk.org ýaly birnäçe progressiw başlangyçlary öz içine alýar. Bu başlangyçlar Türkmenistanda adam ösüşine täzeçe garaýşy we çemeleşmäni şekillendirmäge we oňa düşünmäge goşant goşýar. Progres Fondunyň alyp barýan işleri esasan Türkmenistanyň ilatyna bilim we maglumat hödürlemäge gönükdirilip, mugt maglumat elýeterliligini we konstruktiw, analitiki pikirlenmäni ýaýbaňlandyrmaga aýratyn orun berilýär.

Dowamy

  • 2144 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

maymyn mama yayramagyMaýmyn mama keseliniň ýokuşma häsiýetini üýtgedip, Ýewropada we ABŞ-da birden köpelmegi örän aladalandyryjy. Adatça, bu kesel adamlara haýwanlardan ýokuşýar we Afrikanyň daşynda seýrek duş gelýär. Ýakynda bu kesele uçran näsaglaryň birnäçesi maýmyn mamasynyň endemik ýurtlaryna syýahat etmändirler we öňki kesellänler bilen baglanyşyklary ýok. Keseliň adamdan adama ýokuşýan bolmagy ahmal.

Dowamy

  • 1719 gezek okalan

TEMPERATURA ARTÝAR, UKY AZALÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Täze barlagauky azalyar görä, klimatyň üýtgemegi sebäpli temperaturalaryň ýokarlanmagy dünýäde adamyň uky wagtynyň peselmegine getirdi. Ukysyzlyk birnäçe fiziki we akyl taýdan ýarawsyzlyga sebäp bolup biljek töwekgelçilik faktorydyr.

Alymlar 2015-2017-nji ýyllarda, 68 ýurtdan 47000-den gowrak ululardan uky ölçeýiji bilezik arkaly uky hasabatyny topladylar.

Dowamy

  • 1441 gezek okalan

ULAG HELÄKÇILIKLERI ARTÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ulag helakcilikleriABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş gullugynyň (NHTSA) hasabatyna görä, geçen ýyl ABŞ-da ýol heläkçiliginden ýogalanlar 43,000 töweregi bolup, 2020-nji ýyldakydan 10.5% köpelipdir. Şeýle-de ABŞ-da ulagly geçilen ýollar 11.2% artyp, 325 milliard mile (523 mlrd km) ýetdi.

Dowamy

  • 1372 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

yiti yylylykGünorta Aziýada güýçli, ölüm howply ýylylyk tolkunlarynyň bu ýyl adatdakysyndan has ir başlamagy adamlary geň galdyrdy.

Sebitde 38˚-dan ýokary temperaturaly üçünji hepde dowam edýärkä Hindistanda azyndan 25, Päkistanda 65 adam öldi. Emma hakyky ölüm sanlarynyň has köp bolmagy mümkin.

Dowamy

  • 1930 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

metamfetamin owganystanMetamfetaminiň esasy ingrediýentiniň tebigy çeşmesi bolan efedranyň owgan daglarynda ösýändiginiň üstüniň açylmagy ýurduň bikanun neşe pudagynyň güllemegine ýardam etdi.

Ykdysady çökgünligi we dünýä bazarlaryndan üzňeligi başdan geçirýän Owganystan, dünýäniň metamfetamin eksportynyň merkezine öwrüldi. Bu has köp owganlylaryň özüni hem bu neşe serişdesini öndürmäge hem-de ulanmaga iterdi.

Dowamy

  • 1639 gezek okalan